00:07 Übtüjekler: Durmuş bir pamyk bulut bolsa, wakalar onuñ übtüjekleri | |
ÜBTÜJEKLER / DURMUŞ BIR PAMYK BULUT BOLSA, WAKALAR ONUŇ ÜBTÜJEKLERI
Hekaýalar
■ SENE-MENE Dawanyň başy gaty gazaply başlady. Aýalynyň: —Ýenede ütügimiziň simi ýandy. Sen bolsa haçan görseň telewiziriň öňünde eplenip ýatyrsyň — diýen sözi, adamsynyň bagryndan ok bolup geçdi. Onuň: — Nämäňe hüňürdeýäňow?! — diýen gaharly sözüniň soňy göz açypýumasy salymyň içinde kyýamatmagşara ýazdy. — Mundan gün bolmaz — diýip, hüňürdän adamsynyň öýde durmaga takaty galman, ol çykyp gitmek üçin gapa ýöneldi. Geýim asgyçdan gysga, galyň paltosyny alanam şoldy welin, aýaly ýanyna golaýladyda telpegini uzatdy: — Telpegiňi bir geý! Daşary sowuk. Mydam «Kelläm!» diýip ýörsüň. Üşärsiň! Paltosyny geýmän sähel salymlyk säginen adamsy, daşaryk gitmegi goýbolsun etdimi nämemi, elindäkini yzyna asdyda, ýüzüni çytyp aşhana ýöneldi. Gidip barşy nada burnuna salyp hüňürdedi: — Atagzym bilen otwertka (towlaňňyç) nirdekä?!... ■ SOWGAT — Maňa baýramçylyga näme sowgat berjegä?! — diýip, aýaly dälizde ýeke özleridiklerinden hemde çagalarynyň görmeýänliginden peýdalanyp, işden gelen ärine näzirgedi. — Kepgir bilen saç! Näme, aýal üçin şondan peýdaly, şondan amatly sowgat barmy?! Eýýäm, hanha, alybam goýdum! — diýip, äri, hilebir iş edýän ýaly, daşky galyň eşiklerini çykaryp durşuna, keýpihon lokguldady. Aýalynyň ýüzi bozýaz boldy. — Onda, senem naharyňy şol getiren sowgatlyk sajyňda bişirinde, şol sowgatlyk kepgiriň bilen guýunda iýiber. Haýp, saňa sarp edip geçirenje gül ömrüm… Aýaly şeýle diýdide, tasanjyrap içki otaga girip gitdi. «Göläniň oýnam bolsa, itiň çyny bol dyow, biýä, Alla janlarym!» diýip, içinden pikir öwren äri, ýeňsesini gaşadyda, sähel ýerde tutaşan öýkekine bilen näme etjegini bilmän sermisal halda duruberdi. Onýançada içki otagdan şakyrdadyp gapylary açylýan tekjeleriň närazy jygyl dysydyr orta üýşürilýän geýimeşikleriň «patdyldysy» eşidilip ugrady. Öz öýlerine mahsus bolmadyk bu sesler ärini özüne getirdi. Badabadam onuň girre gahary geldi. — Bizem seniň ömrüň köýüp ýören mahalynda, gidip uçmahda birmeýdan dynç alyp, özlemmiz ýaly Görogly sypat, şahandaz ýigitler bilen döwre gurap, meýlis tartyp geçirmedik şu öten ýyllary. Seň gijegündiz jygyldap duran igäň gapdalynda igelenipigelenip igläpler geçirdik şunça ýyly — diýip, aýalynyň giden otagyna tarap eşidilereşidilmez hüňürdedi. Soňam eşiklerini geýim asgyçdan asyş dyryp durşuna, diňe özüne eşidiler ýaly, burnuna salyp üstüne goşup goýberdi: — Känlerde ýada çakdan aşa gyzgyn ýerlerde, zyýanly işlerde işleýänlerä munuň üçin goşmaça töleg töleýäler, maňa bolsa çekýän zyýanymyň, ýakýan meýni öýjüklemmiň öwezine derek, iň bärkisi, günde bir çüýşe süýt berýänem ýok… Onýançada aýaly şifonýeriň ýokarky tekjesinde gizlenip goýlan daşy mahmally gutynyň üstünden bardy. Ony alyp açan dessinede: «Baýramyň bilen mähribanym!» diýip ýazylgy haşamly ýazgyny we onuň aşagyndaky zümerret gaşly, naşyja tylla gülýakajygy gördi. Göýä, biriniň gör meginden çekinýän ýaly, gutyny emaý bilen alanja ýerinde goýýarka aýaly utan jyndan ýaňa ýüzüniň laplap gyzýandygy ny duýdy… ■ TAGAM «Işden ajygyp geler. Şoňa çenli bir ýetişdireýin. Iň gowy görýän naharydyr» diýip, aýaly ägirt uly mähir bilen saçda bygyrdap duran naharyna duz atdy. Şol pillede how ludaulagyň tekerlerini jygyldadyp togtaýan sesi eşidildi. «Geldi» diýip, aýaly ýanýoldaşyny garşy almak üçin daş işige ýöneldi. Ejeleriniň giderine mähetdel, hälden bäri onuň nahar bişirişini synlap duran ekizjeleriň biri, uly gyzyklanma bilen dümtünip duran oýnawajyny taşladyda, gaz plita tarap gaýtdy. Gaz plitanyň gapdalynda duran agzy açyk duz gaba penjejigini urdyda, boýjagazy ýetmeýändigi zerarly, bir eli bilen gaz plitanyň erňeginden ýapyşyp ökjesine galdy. Duzly eljagazyny sajyň üstüne uzatdyda, gysymjygyny açyp goýberdi. Soň az salym öz eden işiniň netijesine garaşýan dek böwrüne diň salyp oýurganyp durdy. Az bolar öýtdümi nä memi, ýenede birki ýola ýaňky hereketini gaýtalady. Soňam göwni ynjalandyrda, eden işinden göwnühoş halda, ekiztaýyna tarap gaýtdy. Onuň ýanyna baryp loňkuldap aşak çökeni hem şoldy welin, ekizleriň ikinjisem taýyndan kem galyp barýana döndi. Olam gaz plitadyr agzy açyk duz gaba tarap ýola rowana boldy. Ýaňky hereketleriň ählisi ýenede gaýtadan gaýtalandy. Megerem, bu ikisini goramaküçin berkidilen perişdeler eden işini bijaý halallap amala aşyrýan bolara çemeli, ekizleriň ikinjisem ýanyp-bişmän sagaman yzyna, taýynyň ýanyna dolanyp geldi. Onýança ellerini kakalarynyň getiren sebetlerinden dolduryp ýanýoldaşlaryň ikisem geldiler. Ogşalmalylaryň hemmesi ogşaldy. Çar ýana seçilmeli, owradylyp gyzylýaýyrt edilmeli köke süýjülerede nesibesindäki nesip etdi. Soň eşik çalşyldy, el ýuwuldy, saçak ýa zyldy, nahar alyndy. Öýüň eýesi, ýaňy bir şeýle söýlüpsylanyp, özüne gadyr edilip bişirilen iň halaýan tagamyndan çemçesini dolduryp agzyna salany hem şoldy welin, gözlerinden biygtyýar gözýaşlar paýrap gitdi. Ol naharyň başyna geçeli bäri, onuň her gün agşam, naharyny dadan dessine aýdýan: «Bäh, süýji bolupdyrow, sadagasy boldugym» diýen sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşýan öýüň bikesi, bu gezek onuň topulyp turup, aşhananyň kranyna ýapy şyşyna düşünmedi. Hasam düşünmedik ýeri, krana agzyny tutagada, hopurdadyp-hopurdadyp suw içişi boldy. Biribirinden asla tapawutlandyryp bolmaýan iki sany tostogalajyk ekizler bolsa, göýä, bu bolup geçýän zatlara özleriniň dahyly ýok deýin, ortada bugaryp duran nahara düýbünden meýil etmän, ellerindäki süýjikökelerine güýmenişen bolup, tokgarylypjyk otyr dylar… ■ ÇYN WE ÝALAN Ejesi aýtdy: — Hiç haçan ýalan sözlemegin! Ýalançynyň temmisini Taňry berer. Kakasy aýtdy: — Hiç haçan şugullamagyn! Şugulçylyk ýaly ýigrenji häsiýet ýokdur. Ertesi gün mekdepde arakesmä çykanlarynda, deňduşlary bilen top oýnap ýörkä, olaryň biriniň depen pökgüsi pen jirä degdi. Aýna döwüldi. Dergazap bolup gelen synp ýolbaş çysy: — Kim aýnany döwdi?! — diýip, onuň üstüne heňkirdi. Oglanjyk ýüzüni sallap, oýurgandy… Aýtsaňa şugulçy bolmaly. Aýtmasaňam ýalançy. Ol aýgyt bilen gözlerini göterdide: — Men döwdüm! — diýip, mert jogap gaýtardy. Temmisini aldy, ýöne gynanmady. Dogry baş alyp çykanyna buýsandy. ■ GÜJÜJEK Gije. Çabga. Dünýe suwsil. Tok öçüpdir. Tümgaraňky. Oglanjyk gorkagorka işikden garady da, ylgap ýagşyň aşagyna çykdy. Bagyň düýbüne barmanka, ölmyžžyk bolup ezildi. Kibtini gysyp durşuna, howulhara işini bitirdi. Yzyna ökjäni götermekçi bolandada, bagyň düýbünde bir gysymjyk bolup çugutduryp oturan tüý üýşmejigine gözi düşdi. Tisgindi. Emma, näme üçindir, gidibermedi. Sägindide, aşak oturdy. Seretse, güjüjik, ol naýynjar sesi bilen ýuwaşja çyňsady. Oglanjyk ony sypalanda güjügiň süňňi bilen galpyldaýandygyny syzdy. Dözmedi. Göterdide, alyp gaýtdy. Bassyrmanyň aşagyna getirip, köne keçäniň üstünde goýdy. Aşhanadan esgi alyp gelip, güjüjegi gowy süpürdi. Soň öýe girip gitdi. Biraz eglenip, eline içi süýtli ýalpajyk tabak bilen bir döwüm ýumşak çörek alyp çykdy. Çöregi tabaga owradyp, güjüjegiň öňüne süýşürdi. Ýenede sypady. — Sen, iýip bolgunda, ýatybergin! Gorkmagyn, özüňem! Ertir seni alyp galma ga rugsat berer ýaly, ejemkakamy yraryn. Kowmazlar. Olar gowy adamlar! Bolýamy?! Hä?! — diýip, ol pessaýja pyşyrdady. Güjük garaja gözlerini akyllylyk bilen ýumjukladyp, oglanjygy synladysynlady da, alkymyndaky tabaga egildi. Oglanjyk palladyda, öýe ýumlukdy. Öl eşigini çalşyp, düşegine geçen des sinede myrlap, uka gitdi... ...Birhaýukdan soňam nähilidir bir öl jümek zadyň aýasyndan çala gysyp, elini çekýändigine allaniçigsi bolup oýandy. Ol zähresi ýarylana dönüp, gözüni açyp dik oturanda ýaňky güjüjegiň dişsiz agzy bilen elinden dişläp dartýandygyny, alabaşagaý bolup çyňsaýandygyny gördi. Bimaza edilenine oglanjygyň girre gahary geldi. — Seneý, öýe nädip girdiň?! Işigiň yşyna tumşugyňy sokup açdyňmy?! Kim saňa öýe girmäge rugsat berdi?! Bar, çyk, derrew öýden! — diýip, pyşyrdyly hüňürdedide, elini güjügiň agzyndan sypdyryp, onuň tüýlek kellejigine gahar ly kakyp goýberdi. Emma, güjük ynjyly çyňsasada, yza tesmedi. Gaýta, ýenede oglanjygyň elin den dişläp, ony nirädir bir ýere dartmaga dyrjaşdy. Oglanjygyň hasam gahary geldi. — Aýrylsanaaý! Näme geregäý, sa ňa?! — diýip, ol güjügi eliniň tersi bilen itekledi. Birdenem, burnuna hapylap porsy ys urdy. Badabadam, gapylaryna ýakynda gurnalan demir pejiň gapdalyndan «waşylap» ses çykýandygy aňyna ýetdi. Gaz şlangasy! Sypypdyr! Howsala düşen oglanjyk, özüniň näme edýändiginede düşünmän, ilki bilen çyrany ýakmaga howlukdy. Emma, ýumruk ýaly güjüjek, bir bökende onuň öňüne geçdide, göwresine gelişmeýän yzgytsyzlyk bilen hyňranyp, ony diwardaky düwmä tarap goýbermedi. Oglanjyk dessine akylyna aýlandy. Ilki bilen, hasyrhusur gazy ýapdy. Soň penjireleri, gapylary serpdi. Soň ýuwaşlyk bilen, ejesinikakasyny, doganlaryny oýardy. Hemmeler oýananda, ýaňkyja güjüjek eýýäm öýde ýokdy… ■ GEZELENÇ WE GEÝIM Gyşyň howasy. Alyp barýan sowuk bolmasada, biraz çigregi bar. Galyň geýimlerinden ýaňa topbaryp durşuna, gabygy gatgat sogana çalym edýän üç ýaşlyja Kerim, köp gatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň agzynda ýüzjagazyny sortduryp durdy. Elindede oýnawaç pil jagazy, aýagynyň ýanynda halkasyna ýüp ildirilen ýük ulagjygy. Onuň bolup durşundan üstiüstüne geýdirilen eşiklerinden ýaňa ybaly gymyl dabam bilmeýändigine torsarylýandygy mesemälim bildirýärdi. Şol mahal girelgeden orta ýaşdan agan, saçlaryna çal sepen goňşulary çykdy. Kerim sende ýok mende, salamheliksiz, agraslyk bilen oňa ýüzlendi: — Oýnamaga barýaňmy?! Goňşulary birbada aňktaňk boljak ýaly etsede, ýeke pursatda ähli zada dü şündi. Gülmänyşman zordan saklandyda, çynlakaý jogap gaýtardy: — Hawa, Kerim jan! Oglanjyk ýüzgözjagazyny bürüşdirip soragyny dowam etdirdi: — Paltunyňy geýdiňmi? — Geýdim. — Görkez, hany! Görkezdi. — Žempiriňem geýdiňmi? — Geýdim. — Görkez! Görkezdi. — Ädigiňem geýdiňmi? — Hawa. — Görkez onam! — Ine, aýagymda ahyry! — Içinden galyň jorabyňam geýdiňmi? — Geýdim. Ýöne ony görkezip durmaýynamla, belki, sözüme ynanarsyň! — diýip, goňşulary öňünde ýazgaryjy nazary bilen özüni boýdanbaşa synlap duran girdenege ýallaklady. — Bolýa! — diýip, girdenejek oňa ägirt uly, aşagyndan çykmaz ýaly eglişik edýän dek, islemezlik bilen rugsat berdide, ýenede derňewini dowam etdi. — Gulakjynyňam geýdiňmi? — Hawa, ine! — diýip, goňşulary kellesindäki telpegine yşarat etdi. Oglanjyk indi näme soramalydygy ýadyna düşmän, sömsaýak bolup duran goňşularynyň öňünde ellerini arkasyna çilşirdide ikibaka gezmeläp başlady. Arasyndada oňa garşy gabak astyndan müňkürlikden doly nazaryny oklady. Birdenem güpbe ýadyna düşdi. Onuň çat maňlaýynda sakga durdyda, göni garaçygyna dikanlap, gözüne sokaýjak bolup barmagyjyny çommaltdy: — Hää! Bildim! Jalbaryň iki gatmy?! Goňşusy pyňkyrman zordan saklandy. Dil ýarsa güljek. Şonuň üçinem sesini çykarman baş atdy. Şondan soň ol ýene dillendi: — Onda wagtynda dolangyn! ■ ÇEMEN Ýigdekçe tamlarynyň öňüne iki düýp bägül ekdi. Suwardy, bejerdi, çyrpdy, ideg-yssywadyny kem etmedi. Wagt geçdi. Bägüller güle durdy. Her biri penjepenje, goýy gyrmyzy bägüller. Öýlerindäkilerden hiç kime degdir medi. Jigileri bilimler güni mekdebe alyp gitjek bolsalar: — Dessäni bazardan satyn alaýyň! — diýdi. Zenanlar günem elletmedi. Doglan günlerdir başga baýramçylyk lardada ýolmaga rowa görmedi. Soň tanyşdy. Huşuny-düýşüni eýelän, şol ýeketäk bolup görnen, şol ýeketäk bilen. Telefon belgimi, IMO salgymy, garaz, habarlaşar ýaly näme bar bolsa alyşdylar. Habarlaşdylar. Ylalaşdylar. Belleşdiler. Şonda ol, yhlas bilen ýetişdiren bägüllerini ýekänýekän gyrkyp alyp, çemen bogdy. Ajaýyp bir çemen. Belleşilen ýere belleşilen sagatdan epesli wagt öň baryp, garaşmaga durdy. Oturyp garaşyp gördi. Turup garaşyp gördi. Gezmeläp garaşyp gördi. Ylalaşylan sagat bolandan soň, byzby dyklap garaşyp başlady. Gaharlanyp gördi. Köşeşip gördi. Ahyry jaň etdi. Alynmady. Habar ýollady. Jogap ýok. Oýa batdy… Oýnaýdymyka?! Näme üçin?! Näme ýamanlyk etdi?! Ýöne, keýpinemi?! Oýnamagyň hatyrasyna oýnaldygymyka?! Tagaşyksyz uzyn boýuny egreldip, birsellem muňalyp durdy. Elinde-de dessesi. Apalanyp ýetişdirilip, jahanyň hiç kim sine we hiç bir zadyna rowa görülmän, aýalyp saklanan güllerden boglan, päkize çemen… Birhaýukdan soň, oýlanyp boldumy nämemi, elindäki owadan çemene ýigrenç bilen seretdide, ony oturgyjyň gapdalyndaky çoýun zibildana oklap goýberdi. Yzyna garamanam gitdi. Zibildanda-da çog gyzyl çemen… Serdar ATAÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 12 | ||||||||||||
| ||||||||||||