21:23 Üç görnüşli masgaraçylyk | |
ÜÇ GÖRNÜŞLI MASGARAÇYLYK
Satiriki hekaýalar
• Birinji görnüş Kaýmakamyñ¹ kabineti. Stoluñ añyrsynda Kaýmakam otyr. Onuñ öñünde goluny gowşuryp, dagly daýhan dur. DAÝHAN: - Jenap Kaýmakam, meniñ mellegimiñ suwuny kesdiler. Men geçen ýyl mellegmiñ suwarylmagy üçin bäş ýüz lir töläpdim ahyryn. KAÝMAKAM: - Bu geçen ýyl bolupdy ahyryn. Sen heý şu ýyl zat tölediñmi? Öten ýyldan bäri durmuş üýtgedi. Eger sen öz mellegiñ suwarylmagyny isleseñ, bir müñ lir tölemeli bolarsyñ. DAÝHAN: - Rehimiñiz gelsin, ependi. KAÝMAKAM: - Hiç hili rehim bolup bilmez! (Daýhan gidýär. Az salymdan soñ, ikinji daýhan gelýär). KAÝMAKAM: - Hä, sen pikirlendiñmi? DAÝHAN: - Pikirlendim. Bir müñ lir töläýin. KAÝMAKAM: - Näme? Müñ? Edil ýañy Mehmed aga bir müñ iki ýüzi töledi. Bir ýarym müñden az bolsa alman. DAÝHAN: - Rehimiñiz gelsin, ependi! KAÝMAKAM: - Hiç hili rehim bolup bilmez! Perde • Ikinji görnüş Gubernatoryñ kabineti. Daýhanlaryñ ikisi hem bosagada durlar. BIRINJI DAÝHAN: - Siziñ hezretiñiz, jenap Kaýmakam Tañrynyñ suwy üçin bizden para soraýar. Ol biziñ gaharmyzy getirýär, suwuñ bahasyny gymmatladýar. Öñler biz oña bäş ýüz lir tölärdik, bu ýyl bolsa bir ýarym müñi talap edýär. Özüñiz bir gaýrat edäýmeseñiz... Gubernator stolundan bir ýarym müñ lir alýar, pullaryñ nomerini ýazýar we Kaýmakamy para alyp duran mahalynda günäsiniñ üstünde tutmagy ýüregine düwýär. Perde • Üçünji görnüş Kaýmakamyñ kabineti. Daýhan gubernatordan alan bir ýarym müñ lirini Kaýmakama berýär-de, çykyp gidýär. Gapynyñ añyrsyndan aýak sesi eşdilýär. Kaýmakam näme işiñ gopjagyny añyp, dañylgy puly diwardan asylgy duran "Ullakan adamyñ" portretiniñ añyrsyna süsdürýär. Gubernator, žandarmlar, daýhanlar ylgaşyp gelýärler. GUBERNATOR: - Pullary ber! KAÝMAKAM: - O nähili pul? GUBERNATOR: - Ynha şu daýhan saña häziriñ özünde bir ýarym müñ lir berdi... Hany olar? Gubernator bilen Kaýmakam sögüşmäge başlaýarlar. Kaýmakamy barlaýarlar, žandarmlar puly otagdan gözleýärler, tutuş otagy gyzyl dörjük edýärler. Emma hiç zat tapmaýarlar. Kaýmakam daýhanlary äsgermezçilik etmekde, töhmetde, mekir ýalançylykda aýyplaýar. Daýhanlary gandallaýarlar. Kaýmakam añyrsynda pul gizlenen "Ullakan adamyñ" portretiniñ öñünde dyzyna çöküp, monolog aýtmaga başlaýar. KAÝMAKAM: - Eý, beýik adam! Eý, meniñ şöhratly halas edijim! Beýik ruh!.. Eger sen bolmadyk bolsadyñ, onda meniñ başym nähili gowgalara duçar bolardy!.. Sen meni ölümden gutardyñ. Minnetdar!.. Sag bol!.. Sen meniñ namysymy goradyñ, eý beýik adam! Perde Eziz NESIN. _________________ ¹Kaýmakam - uýezd naçalnigi Terjime eden: Ata YKLYMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 04.10.1958 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |