00:29 Ukyp, höwes we terbiýe | |
UKYP, HÖWES we TERBIÝE
Edebi makalalar
Sözüň başyny özüň hakda aýtmak bilen başlamak gelşiksizrägem bolsa, ömrümiň kyrk ýyldan gowrak döwrüni ýaş nesle bilim we terbiýe bermeklige sarp edendigimi aýdasym gelýär. Iş tejribäme esaslanyp ukyp, höwes we terbiýe babatda öz pikirimi beýan etmegi makul bildim. Elbetde, ozaly bilen, adama Beýik Biribar tarapyndan ukyp berlen bolmaly. Terbiýe adamda diňe adamda ukyp, höwes, yhlas bolanda uly üstünlikler getirip bilýär. Pikirimiň näderejede hakykata laýykdygyny öz iş tejribämde duşan ýagdaýlarym we okan zatlarym esasynda delillendirmek isleýärin. Birwagtlar okan şu rowaýatym ýadymda galypdyr. “Köp çarşenbäni başyndan geçiren bir dana goja geçip barýarka, adamlaryň üýşüp bir zada tomaşa edýändigini görüpdir. Gyzyklanyp görse, iki sany ýaş ýigidiň biri ýokary peýkam atýar, beýlekisi hem uçup barýan peýkamy urýar. Bütin mähelle hem muňa geň galyp tomaşa edýär. Dana goja hem birsalym bu iki ýigidiň görkezýän oýnuna tomaşa edýär. Şol tomaşada bir ýag satýan söwdagär hem bolup, dana goja hem onuň nämä ukyplydygyny bilýän ekeni. Ol adamlara: “Halaýyk, oglanlara söz ýok, oňat tomaşa görkezdiler. Isleseňiz, şu ýag satýan söwdagär hem geň tomaşa görkezip biler. Köpçülikden käbiri: “Şu üst-başy garagäz, ýag satýan söwdagär näme tomaşa görkezip biler?” diýip göwnüýetmezçilik edýär. Ýag satýan söwdagär hem birden aýdylan bu teklibe müýnürgäp dana gojanyň ýüzüne garaýar. Dana goja oňa hem ýuwaşlyk bilen “Sen meniň diýenim bilen bol” diýýär. Şonda goja: “Geň tomaşa göresiňiz gelse, ýörüň, yzyma düşüň” diýýär. Mähelle başyny bozman, ýag satýan söwdagär bilen dana gojanyň yzyna düşýär. Goja söwdagäri dükanyna eltip eline çüýşe berýär. “Sen şu çüýşäniň gyrasyna damdyrman ýag guýup bilermiň?” diýýär. Söwdagärem “Başararyn” diýýär. Diýşi ýaly hem saplaw bile ýag alyp, çüýşäniň gyrasyna damdyrman ýagdan doldurýar. Soň dana goja söwdagäriň eline halkajyk tutduryp: “Sen ýagy hem halka degirmän, hem çüýşäniň gyrasyna degirmän, ýag guýup bilermiň?” diýýär. Söwdagärem ýene “Başararyn” diýýär. Ol halka hem, çüýşäniň gyrasyna hem ýag degirmän, ýene bir çüýşäni ýagdan doldurýar. Soň goja mähellä ýüzlenip: “Haýsyňyz söwdagäriň başaranyny başarsaňyz, dolduran çüýşäňiziň bahasyny men tölejek” diýýär. Adamlar synanyşyp görýärler. Ýagyň ýarysy daşyna dökülýär. Soň dana goja “Hany, şol ýaý atyp, mähellä geň tomaşa görkezen iki oglan hem synanyşyp görsün” diýýär. Ol iki oglan hem synanyşýarlar, olar hem başarmaýarlar. Şonda goja geň tomaşa gören adamlara şeýle diýýär: “Her bir adama Beýik Biribar tarapyndan bir ukyp berilýär. Ýaş iki oglana ok atmak, mergenlik ukyby berlipdir. Ýag satýan söwdagäre bolsa, görşüňiz ýaly, şeýleräk ukyp berlipdir. Ýöne ukyby bar adam höwes edip, ukybyny kämilleşdirmegi başarmaly”. Bu hakykatdan hem şeýle. Köp adam saz guralyny eline alyp, höwes edip çalmaga synanyşyp görendir. Emma başarman taşlandyr. Meniň bir synpdaşym dördünji partada oturan ýerinden birinji partada oturan okuwçydan ýalňyşsyz göçürmegi başarardy. Bir okuwçym bolupdy. Ol hemişe ýaramaz baha alardy. Emma grafik gurmaly, çyzgy çyzmaly bolsa takyk, oňat çyzmagy başarardy. Onuň başaranyny oňat okuwçylarymyz hem başarmazdy. Ýene bir okuwçym barlag işini alanymda, şertini ýazyp alyp, diňe diňlär oturardy. Sapagyň ahyrynda ýa-da şol sapakdan soň 15-20 minutyň dowamynda özbaşdak, ýalňyşsyz işläp, işini tabşyrardy. Hemişe-de oňat baha alardy. Sözümi jemläp aýdanymda, her bir adama bir ukyp berilýär. Bu ukyby açmak, kämilleşdirmek, şu ugurda zähmet çekýän mugallymlara, ene-ata we ukyp berlen adamyň yhlasyna, höwesine bagly. Eger ukyp mugallymdyr ene-ata tarapyndan bilinse, goldaw berilse, ukyp berlen adamyň özi hem höwes etse, yhlas etse, onda ol ýokary sepgitlere ýetip, uly üstünlikler gazanyp biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |