URY
Goşa inerini iýdip gelen myhman Halyl aganyň gapysynda atynyň jylawyny çekdi. Alty ganat ak öýüň kybla ganatyna arkasyny berip, müçemekdir mukrazy bilen sakgal-murtuna timar berip oturan daýanykly ýaşuly:
— Çary, Şamyrat — diýip, inileriniň adyny tutup, ýerinden gozgandy.
— Çagyrdyňyzmy, Halyl kaka — diýşip, ýanaşyk öýden çykan 20-25 ýaşlaryndaky ýigit gojanyň gaşynda häzir boldy. Halyl aga egnindäki agar çäkmeniniň synyny silkişdirip, ýerinden turdy-da, at ýataga tarap ümledi. Şamyrat myhmanyň atyny tutup, inerleriniň owsaryny ýörite dikilen agaja iltedi. Atyň arkasyny ýalaňaçlap, torbasyna iki goşawuç arpa guýup, atyň kellesine geýdirdi. Soňra inerleri çökerip, howutlaryny aýyrdy. Düýe janawarlar uzak ýoluň argynlygyna per bermediklerini aýan etjek bolýan ýaly, uzak çöküp oturman, ör turup ýüzlerini günbatara tarap öwürdiler. Uzyn boýunlaryny ýokary galdyryp, kirpikmen gözlerini süzüp, uzyn-uzyn ýuwdundylar. Ýat ýere gelenlerini duýýan ýaly töwerek-daşa ýaltalyk bilen seredişdiler. Ho-ol, beýleräkde erkin gezişip ýören düýeleri görüp bozlaşdylar. At ýatagynyň ysyna seňriklerini ýygryp, gazygyň daşynda aýlanjyrap başladylar. Şamyrat bir petde ýandagy getirip öňlerine oklansoň, inerler ähli zady unudyp, berlen hörege işdämenlik bilen ýapyşdylar.
— Hä, garyndaş, Ahal illeri gurgunçylykmy? — diýip, Halyl aga ak öýüň törüne geçiren myhmanyna nazaryny aýlady. Myhman ýeňillik bilen dem alyp, horjunyny oturan ýerinden arka, tärimiň düýbüne oklap jogap gaýtardy:
— Şükür, Hudaýa, gurgunçylyk, sorana dogaýy salam iberdiler.
— Salam iberen, getiren esen bolsun!
Öýüň ortasynda köräp duran ak sazagyň goruna süsdürilen mis tüňçäniň lasyrdysy çykyp ugrandan gapydan Şamyrat girdi. Tüňçäni tutaç bilen otdan aýryp, Hywadan getirilen gülli hum çäýnegi demläp, goşa käse bilen myhmana uzatdy. Soňam gelşi ýaly çykyp gitdi. Bir salymdan ol eli ýaňy tamdyrdan çykan petir bilen okara gowurmaly ýene-de öýe girdi.
Getiren zatlaryny saçagyň bir gyrasynda emaý bilen goýdy. Gap böwürde duran sandygyň üstündäki içi sary kişmiş bilen nohut garylan agaç okarany, şahanabatly aýna gaby hem alyp, myhmanyň elýeterinde ýerleşdirdi.
Halyl aga myhmana hödür-kerem etdi.
— Alyň, myhman, uzak ýoldan aryp gelensiňiz, häziresi şu. Bir käse çaý owurtlaň, çaý teýi ediniň. Onynça naharam ýetişiberer.
Myhman minnetdarlyk bilen çäýnege elini uzatdy:
— Taňryýalkasyn!
Myhmanyň öňünde goýlan çäýnekdäki guşdyrnak çaýdan käsesini dolduryp alan Halyl aga dymyşlygy bozdy.
— Myhman, gür berip otur. Gün-güzeran neneňsi o jelagaýlarda? Bir hepde, on gün bäri, birhili gelim-gidim azaldy welin, şujagaz çarwa Nowruzynyň çytylmasy sebäp bolaýdymyka?
Halyl aga käsesindäki çaýdan owurtlap oturşyna myhmana soragly nazaryny aýlady. Ýyly petir bilen ýagly gowurman lezzetinden dünýäni unudaňlyrlan myhman agzyndakyny çalt-çalt çeýnäp, kynlyk bilen ýuwutdy. Myhmana sowaly bimahal berenine gözi ýeten Halyl aga gürrüňe başlady:
«Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýip, jaýdar aýdypdyr köneler. «Ak iner çökmese, boz maýa gaýmazam» diýýärler. Bu ýylyň ýazy üýtgeşik ýagynly geldi. Ak ekin bognundan suw içse, kökünden içen suwuna hemaýat bolar. Täsiri üp-üýtgeşikdir. Ýaňy ýolugruna esewan bolan bolsaň, magat göz ýetirensiň, soňuny görüp gelen-ä ýokdur welin, Alla «Al gulum» diýse, nesip edenden bolubererdä. Tejen derýasynyňam soňky wagtlar joşaryndan joşmazy ýakyn. Taňkyrap galaýýan wagtam bolaýýa. Onsoň iki ýaňagyna, oýmur-oýmur çişläp, gawun-garpyz ekäýmeseň, «wah» diýdirýän ýeri tapylaýýa. Geçen ýyl gördüň-ä özüň.
— Hak aýdýaň, Halyl aga! Bu topragyň rysgal berekedi, açlykda maňlaýymyzdan diredi. «Ekip aldyk diýmäge-de» bognum ysanok. Ozaly Hudaý, soňra Siz...
— Ýeri, myhman, bizi magtajak bolup oturmaň. Bendesiniňki delildir, bolsa-da dadymlyk bolar. Taňry berse, lükgeläp oklap — diýip, Halyl aga myhmanyň sözüni böldi.
Myhman näme maksat bilen gelenini aýtmaga pursat tapylanyna monça boldy. Kiçijik gözleri ýiteldi. Ýaşula tiňkesini dikip oturşyna burnuna salybrak gepledi:
— Bizem, ýene şo galanja gallany alyp gidäýeli diýip geldik.
Halyl aga onsuzam myhmanynyň ýöne görme-görşe gelmändigini oýlap otyrdy. Üstünden bir ýyla golaý geçen urynyň nirededigini goja bilmeýärdi. Ýöne goýlan zadyň gozgalmadygyna onuň ynamy bardy. Şol ynam bilenem ol myhmanynyň göwnüni göterdi:
— Gaty oňarypsyň, ynha, bu ýylyňam oragy haý diýmän düşjek. Bizden-ä amanadyňy alyp gideniň ýagşy. Çagalaryňa bäş gün tetänik bolar.
Halyl aganyň gürrüňi myhmanyň gulagyna kem ýaramady. Ýogsa ol, «Bar, gelen yzyňy ýel çalmanka ugra. Üstünden bir ýyl geçdi. Açlygyň nähili beladygyny saňa düşündirip oturjak däl, täze hasyldan ýetse alarsyň galan hakyňy» diýer öýdüp, galpyldysy daşyndan bildirmese-de, içinde apy-tupan turýardy. Ýaýdana-ýaýdana ol ýene-de bir gezek janyny barlamak isledi.
— Nesip bolsa, ertir jahan ýagtylar welin, ýola düşer ýaly bolsam...
— He, myhman, aýdanyň bolar.
Halyl aganyň sözleri myhmany ekezlendirdi. Gözleriniň owasy giňäp, ýüzi ýagtyldy. Ýap-ýaňy gowurma bilen petir çörekden geregini edinenem bolsa, täze soýlan goýnuň çekdirmesinden bişirilip, öňünde goýlan nahara burnundan aşagyny sokaýjak bolup, işdämenlik bilen ýapyşdy.
Gysgançak diýlen zady hiç mahal küýüne-de getirmedik Halyl aga, myhmanynyň bolşuna geňirgenjegem bolmady. «Käşgä şeýdip, iýläýse tagam» diýip, içinden oňa guwandy. Myhman kemsiz naharlandy. Monty üzüme çalym edip duran gysgadan ýogyn barmaklarynyň ujunda doňan ýagy dili bilen ýalaşdyrdy. Soňam iki elini, barmaklaryny biri-birine oýkap, eliniň aýalary bilen çaňap duran ýüzüni dikligine sypalady. Ortadaky tabagy yzyna gaýtaryp: — Toý töwirini edip beräýiň — diýip, Halyl aga ümledi. Halyl aga tabagy bir gyra aýryp oturşyna myhmana rugsat berdi:
— Del töwir gowy bolar, aýdyberiň!
Myhman töwri içinden okady. Töwirden soň ýene-de içi çaýly hum çäýnek orta geldi. Uzak ýoluň argynlygyndanmy ýa-da ýagly naharyň güýjündenmi, myhmanyň gözleri bürlüp barýan ýaly göründi. Halyl aga sypaýylyk etdi:
— Myhman, ynha,, ýat, dynjyňy al, galanynam ertir görübereris...
* * *
Myhman ümüş-tamyşda oýandy. Gapdalynda gyşaran Halyl aganyň ýerinde ýoklugy ony hopukdyrdy:
— Wah, ýatyp galaýypdyryn, içigargalan! Bu wagtda düýeleri ýükläp ugrajakdym-a.
Myhman hasanaklap çykdy. Töweregine garanjaklap, ýalt-ýult edip barşyna, öýüň çöwüş gazygyna büdüräp, tasdan ýykylypdy. Öý daňlan tanap bolmadyk bolsa, belki, ýykylardy. Tanapdan ýapyşyp durşuna öý gamşynyň düýbünde ýatan kepjä gözi düşdi. Kepjäni alyp ury gömen ýerini çaklap ugrady. Goýun ýatagynyň bir burçuny peýläp, kepjäni urdy. Kepje çöpdür dersden aňsatlyk bilen geçip, gemrä baransoň, nüçe ýere ursa-da, tarňyldap bökdi durdy. Myhman:
— Be, bu ýere näme jyn urduka, edil demre dönüpdir. Aslynda mal ýatakda-da bir bugdaý gömlermi?! — diýip, çalaja hüňürdedi. Şol mahal agylyň gapdalynda eli ak kündükli täret almaga çykan Halyl aga göründi. Ol myhmanyň hüňürdisini eşiden bolarly:
— Ury aslynda mal ýatakda gazylmaly. Mal ýatagynda çyg az bolýar. Ýagyş-ýagmyr oňa kär edip bilmeýär. Onsoňam ojagaz kepje bilen aljak galaň bolmaz.
Halal aga ýatagyň ileri ýüzünde çäge üýşmejiginiň üstünde ornaşykly oturyp, täret kylmasyny dowam etdi. Uzak eglenmänem ýerinden turdy. Öýe tarap nazaryny aýlady-da: — Şamyrat — diňip seslendi. Salym bermän Şamyrat geldi. Halyl aga ondan Çaryny sorady:
— Hany, Çary?
— Çary daň atmanka şähere gitdi. Öýlän geler, Halyl kaka!
— Heýlemi, bar onda uzyn saply kerkini getir-de, myhmanyň görkezen ýerini gazyp ber. Ol az-kem alňasaýana çalym edýär.
Şamyrat agasynyň aýdyşy ýaly etdi. Ýatagyň içini birsalymda gyzyl-dörjük etdi, emma içi bugdaýly ury tapylmady. Muňa myhmanyň kejebesi daralyp başlady. El-aýagy saňňyldap, ýüzi garaört boldy.
— «Ine, şu ýerde bolmalydygyny aýna-da gören ýaly» diýip, görkezen ýerindäki urularyň boşlugy ony has-da aldym-berdime salyp ugrady. Ilki aladaly dymsa-da, soňabaka eşidiler-eşidilmez hüňürdäp ugrady. Şamyrat onuň «gaz» diýen ýerini sessiz gazyp durdy. Myhmanyň ot-elek bolşuna ýnsem berenokdy. Ep-esli wagt geçensoň, myhman ýene-de dillendi:
— Bugdaýjygymyň-a topy atylaýypdyr öýdýän. Şol mahal «göm-de, gidiber» diýýäniň, ynha, özem ýok. Bilgeşleýin edilýäne çalymdaş bi.
Şamyrat ýatakdan çykdy. Tozan basan ýüzüniň çaňyny çala süpürip, agasyna ýagdaýy mälim etmek üçin, öýe tarap ugrady.
— Halyl kaka, «gaz» diýen ýerini gazdym. Bugdaýly ury çykmady.
Şamyradyň sözleri Halyl agany onçakly aladalandyrmady. Ol oturan ýerinden çalaja gobsunyp ardynjyrady.
— Kişiniň zadyna enteg-ä batyrmanymyz ýokdur, asla oňa hyýal edenimizem ýokdur. «Ajyň aňy bolmaz» edendirler diýsemem-ä, uly bir kösençligem çekilmedi. Hümm. Belki, myhmanyň urusynyň anyk ýerini oýlan dälsiňiz.
Halyl aga Şamyrada gabak astyndan seretdi. Ýaş ýigit agasynyň öňünde müýnli ýaly gepledi:
— Halyl kaka, şolam biçem däl. Anyk ýerini Çary bilmeli. Biraz tagapyl etse myhman...
Halyl aga onuň sözüni böldi:
— Şu mahal myhmana garaş diýmek, oňa saňa zat ýok, gidiber diýendenem beter bolar. O bendede sabyr-takat galan däldir. Sen, inim, gowusy hol gaýraky ýatakdaky uly urudan onuň iki inerinem ýükläp ber. Galanyny soň görübereris.
— Bolýar, Halyl kaka!
Şamyrat gelşi ýaly çykyp gitdi. Günortadan agynça urynyň üstüni açdy. Myhmanyň çuwallaryny seçelenip duran ak bugdaýdan gözäp, inerlere ýüklemek üçin taýyn etdi.
Boş gitmejegine gözi ýeten myhmanyň ýüzi açylyp ugrady. Ýöne göwnüniň bir ýerindäki iňkis ony horlaýardy. «Öz bugdaýym bolan bolsa, belki, gowy olardy. Birhili ýaman algyly ýaly bolaýdym diýen ýaly sözler, ony gysyp-gowurýardy.
— Halylyň obasynda ýatan çöpi ýerinden gozgan däldirler, henize — bu gýne çenli. Bir myhman kişiniň öňünde müzzertmäweri, Hudaýym — diýip, Halyl aga-da, her näçe giňlige salsa-da, kalbynda harasat gopýardy.
Bugdaýly çuwallar taýlanyp, inere ýüklenjek bolup durka, atyny dorgunyna sürüp Çary peýda boldy. Agasydyr inisiniň, myhmanyň bolup durşundan, nämäniň nämedigine göz ýetiren Çary gele-gelmäne agasyna ýüzlendi:
— Gelip ýetişerin öýtdüm, Halyl kaka!
Halyl aga sesini çykarmady. Doly çuwallara tarap ümledi.
Çary:
— Wah, ine, bu garyndaşyň urusy bärde — diýip, ýatagyň ileri çetini görkezdi.
— Gazyň — diýip, Halyl aga mylaýym äheňde aýtdy. Ury gazyldy. Ýüzüniň dersi, gumy aýrylansoň sypalyň aşagynda ýatan bugdaý lowurdap gitdi. Çary urudan myhmanyň hasap taýagyny çykaryp, oňa uzatdy. Myhman alňasanyna müýnürgedi.
— Bagyşlaň, Halyl aga, bu ýyllaryň açlygy halys aňkamyzy aşyrypdyr.
— Zyýany ýok. Bugdaý tohumy ýere taşlananda «Biriň müň bolsun» diýilýäni boş gep däldir. Seniňkem şeýle boldy.
Halyl aga inilerine ýüzlendi:
— Baryň, öz iki erkegiňizi getiriň-de, garyndaşyň öz bugdaýynam ýükläp beriň. Öz çöregiňi iýmek ýaly gowy zat bolmaz.
Myhman aljyrady. Halyl aganyň alkymyna golaý gelip, demi-demine ýetmün sojady:
— Wah, men, neme... Taňryýalkasyn, öz iki inerimiň ýüki ýetik maňa...
Halyl aga ak göwünlilik bilen aýdýanyny mälim etdi:
— Siz hiç zady göwnüäize almaň, bu ýyl, Hudaýa şükür, gallamyzyň rejesi juda ýagşy. Dogan-dogan bilen, oba-oba bilen tapanyny paýlaşyp iýse, bereket şondadyr. Alyp git, inerlerem bürik rowana bolan haýsy kerwene dakyp goýberseň, getirerler.
Dört düýäni bugdaýdan mas ýüklän myhman öýle namazyny okap, ýola düşdi.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar