23:00 Uzyn Hasan | |
UZYN HASAN
Taryhy şahslar
(Hökümdarlyk eden ýyllary 1453-1478 ý. ) Orta asyrlar türkmeniň ýedi yklyma, yslama hökümdarlyk eden asyrlarydyr. Ýedi yklym türkmenlere darlyk edipdir. Antaliýada, Balkanda, arap ýurtlarynda türkmenleriň gaýa taýpasyndan bolan Osman türkmenleriň şalygy; Diýarbekirde, Gündogar Antaliýada, Azerbaýjanda türkmenleriň baýyndyr taýpasyndan bolan Akgoýunly türkmenleriň şalygy; Azerbaýjan bilen Yrakda türkmenleriň iwe taýpasyndan bolan Garagoýunly türkmenleriň şalygy özaralarynda oňuşmandyrlar, oňşuksyzlyk sebäpli hem mydama darkaşda bolupdyrlar. Akgoýunlylara mahsus bir aýratynlygy aýdaýyn: bu şalygy döreden Gara Ýülük Osman Wizantiýa şasynyň gyzyna; Akgoýunly şalygynyň çägini giňelden güýç-kuwwatyny artdyran, kuwwatly şalyga öwren Uzyn Hasan soňky Trapezunt imperatory Dawyd komniniň uýasy Despina öýlenýär. Mahlasy, Akgoýunly nesil şalygy Wizantiýa şalary bilen garyndaşlyk açmaga ýykgyn edipdir. Bu Garagoýunly şalygynyň hoşuna gelmändir. Garasaý, uruşmak üçin bolgusyz zatlar hem esas bolupdyr. Akgoýunly nesil şalygynyň içinde iň görnükli, iň köp hyzmat görkezen şasy Uzyn Hasan söweşlerde ussatlyk, gaýduwsyzlyk bilen ýeňiş gazanmagyň hötdesinden gelipdir. Uzyn Hasan öz ömri hakda gürlände «Men ömrümi ikä bölup, birini at üstünde geçen günlerim diýip, ikinjisini dynç alan wagtym diýip atlandyrsam, onda meniň at üstünde geçen günlerim agdyklyk eder» diýipdir. Ol bu sözleri ömrüniň köp böleginiň at üstünde, söweşde geçendigini nygtamak üçin aýdypdyr. Uzyn Hasan beg uzyn boýly, deşli kişi bolupdyr. Ýüzünden talabedijiligi, dogumy äşgär duýlupdyr. Onuň ýigrimiden gowrak saý ahalteke bedewi bar eken. Ol saý bedewlerini bir menzil geçip-geçmänkä çalşyp münüpdir. Şeýdip, ýörişini dowam ediripdir. Uzyn Hasan beg atlarynyň idisine esewan bolmagy, at üstünde çowkan oýnamagy gowy görüpdir. Uzyn Hasan beg Osman şasy Mehmet Basybalyjy bilen duşman bolupdyr. Mehmet Basybalyjyny ýeňmek üçin Uzyn Hasan beg Garaman türkmenleri bilen dil birikdirýär. 1464-nji ýylda Wenesiýa bilen şertnama baglaşýar, şol şertnama esasynda ýarag satyn alýar. Ýewropa döwletleri Osman türkmenleri bilen Akgoýunly türkmenleriň özara uruşmaklaryny isleýärdiler we meçew berýärdiler. Akgoýunlylara ot açýan ýaraglar: çoýundan we demirden 16 sany uly top, ok atýan 200 manjanyk, 100 tüpeň, 20000 demir naýza, köp mukdarda ok we däri Silifke gämi duralgasyna getirilmek üçin ýola çykarylýar. Ýöne Garamanogly türkmenleriniň ýerini Osman türkmenleriniň basyp almagy bilen höwes edilen ýaraglar Uzyn Hasan bege gowuşmaýar. Uzyn Hasan begiň goşunynyň ýaragy diňe egri gylyçdy, ýaýdy hem galkandy. Toplar ýokdy. Sowut diňe serkerdelerde bardy. Uzyn Hasan begiň Erzurumdan Diýarbekire, Ruha, Diýary mudara tarap uzan Demirgazyk-Günorta geçelgesini doly ele almagy Gündogar-Günbatar geçiş söwdalaryndan ummasyz möçberde peýdalanmagyna şert döretdi. Gündogardan Günbatara, Günbatardan Gündogara atyr, aýna, keteni, ýüpek, mata, biz, sabyn, hyna, boýag, gön, nebit, kişmiş, injir, ýüň, ýag ýaly ençeme harytlar akgoýunly türkmenleriň topragynyň üstünden geçýärdi. Geçýän söwda kerwenlerinden salgyt alynýardy. Ol salgyt şalygyň baýamagyna oňyn goldaw bolýardy. Uzyn Hasan beg köşge ýygnanýan baýlyklary, esasan, harby hajatlar üçin harçlaýardy. Uzyn Hasan beg şalykda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegine, ogurlygyň, talaňçylygyň bolmazlygyna köp üns berýärdi. Ol «jeraimi haýwanat» (mal üçin jerime) atly kanun çykarýar. Şol kanun esasynda mallar ekine girip, ekine zyýan ýetiren ýagdaýynda mal eýesine her bir mal üçin 5 taýak urulmagy we mal başyna 5 akja jerime alynmagy, ekin eýesiniň çeken zyýanyny mal eýesine töletmek göz öňünde tutulýar. Uzyn Hasan beg Gürjüstanyň üstüne sapar edýär. Karputy Dulkadyr türkmenlerinden basyp alýar. Şalygyň serhedini Şebingarahysardan Siirte, Ufradan Ispire çenli giňeldýär. Köne duşmanyň — Garagoýunly türkmenleriň mugyra gelmegi, synmagy Garagoýunlylara garaşly bolan tire-taýpalary Akgoýunly türkmenleriň tireler birleşigine degişli etmäge ýol açýar. Şondan soň Uzyn Hasan şalygyň paýtagtyny Diýarbekirden Töwrize geçirýär. Özüne bagly boý hem oýmaklaryň esasy bölegini özi bilen Töwrize alyp gaýdýar. Olara paýtagtdan we paýtagtyň daş-töwereginden mellekdir ýerler berýär. Uzyn Hasan beg 1473-nji ýylda Osman türkmenleri bilen Otlukbil söweşinde 3 müň ýesir bilen ýeňleninden soň Töwrizden kän bir uzaga gitmeýär. Osman türkmenleri ýylsaýyn güýçlenýärdi. Muny Uzyn Hasan äşgär duýýardy, ýöne birjik-de ruhdan düşmeýärdi. Uzyn Hasan şalygy merkezleşme ulgamy bilen dolandyrýardy, ähli etraplardaky meseleler diňe merkezde — paýtagtda çözülýärdi. Uzyn Hasanyň şalyk baradaky aladalary, medreseleriň açylmagy medeniýetiň ösmegine oňyn ýol açýardy. Ýöne, bir tarapdan, akgoýunly tire-taýpalaryň arasynda emele gelen dartgynlyklaryň çözülmezligi; beýleki bir tarapdan sopuçylyk syýasatynyň öňüniň alynmazlygy ýuwaş-ýuwaşdan döwletiň çökmegine getiripdi. Türkmeniň türkmeni gyrmagy üçin keseki döwletler assyrynlyk bilen iş alyp barýardylar. Has dogrusyny aýtsaň, Kiçi Aziýadaky, Balkandaky türkmen döwletleriniň öz aralarynda oňuşmazlyklary, söweşmekleri üçin Ýewropa döwletleri iş geçirýärdiler. Hut şu maksat bilen, ilkinji gezek şaýy syýasaty, şaýy mezhebi Akgoýunly şalygynyň içinde döredilipdi. Şaýy mezhebini sünni mezhebine garşy goýmak islenilýärdi. Öz içinde dörän şaýy mezhebi Akgoýunly şalygynyň synmagyna, onuň ýerine sefewi türkmenleriniň şaýy döwletiniň döremegine getiripdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |