WADA
Uniwersitetiň üç mugallymy ýaş, ýap-ýaňy dosentlige ýeten üç kişi professor Hydyrowyň kaşaň bag-bakjaly, diýseň döwletli, döwranly howlusyndan, uly köçä çykdy.
- Haý, gutaran gurrumsag-eý - diýip, agzyna sygman duran tylla dişlerini jygyrdatdy. Tuf-uw! Ine, şular ýaly haramzadalar biziň beýik edebiýatymyzyň abraýyny dökýärler. Şeýle dälmi, akga!..
Depe saçy ep-esli düşen, güýçli içginiň badyna jümjüklenen hamyr ýaly ýüzüne köçedäki çyralaryň ýalkymy düşüp, göni yzyna gaýdýan pyýada ilki sesini çykarmady.Soň gyçak gözleriniň üstüne düşüp duran gür gabaklaryny gülümsiretdi.
- Walla, bizi öýüne çagyryp, şeýle teklip etjegini bilen bolsam öýüne gelmezdim, ýeke gram aragynam içmezdim! Beýtmesi juda adalatsyzlyk bolýar. Ol nähili zulumly töhmet etse-de, edebiýata degmeli däl.
Han Kulyýew altyn dişlerini lowurdadyp, has möwjäp gürledi.
- Elbetde, edebiýata degmeli däl! Ol başga gürrüň! Biz ondan edebiýaty goramaly. Olar ýalylara edebiýata degdirmeli däl.Gep şonda!Üçünji dosent Çary Alawow derek ýaly boýuna gelişip duran togalak kellesini saklap bilmeýän ýaly, iki baka yrady.
- Professoryň "Öwrüm“ romany erbet däl. Men oňa gowy synam ýazdym. Elbetde, gowşak zatlar bar. Ýöne, olary düzetmäge goja professoryň güýji ýetmez. Elbetde, gojanyň göwni üçin, obadaşlygymyz, mugallymlygymyz üçin...
Han Kulyýew tas ony urupdy.
- Eý, Çary, sen öz ýüzleý garaýşyň bilen, edebiýatyň işini görýäň. Şol synyňy okap, adamlar seniň üstüňden gülüp ýör.Senem, hondan bärisiräp,“Men syn ýazdym“ diýýäň!“ Ol ýazanyňdan syn bolarmy?! Sen gaty ýüzlek adam. Öz ýüzlekligiň bilen, biziň edebiýatymyzyň tankydyny ýuwunda dönderdiň-ä! Sendenem bir syn ýazan bolarmy?! Professoryň giýewsi respublikanyň ýolbaşçysy bolansoň, şonuň syrtyna girjek bolýaň! Iller saňa tankytçy dälde, "ýallakçy" diýen bolýarlar. Sen öz bihaýalygyň bilen biziň hem çemçeläp gazanan abraýymyzy çanaklap döküäň. Men seniň bu gowşak häsiýetiňi seniň ýüzüňe öňräk basjakdym. Sen menden gaty görme, muny il aýdandan, dostum bolanyň üçin, özüm aýdanym gowy. Şeýle dälmi, akga!..
Dosent Aga Abdyllaýew başyny atdy.
- Goja haý-küş etmeli. Ol „Giýewim döwlet ýolbaşçysy“ diýip, gowşajyk eserini Döwlet baýragyna hödürletjek bolýar. Erbet ýerem, şony biziň elimiz bilen etjek bolýar. Ol namartlyk bolýar. Oňa ýol bermeli däl...
Han Kulyýew ýene janygyp başlady.
- Ýol bermeli däl diýen gürrüň beýlede dursun, ertirki ýygnakda onuň külüni çykaryp, tankyt etmeli. Men onuň bu samsyk ýazgysyny öz gowşajyk studentlerine gezek-gezegine ýazdyranyny bilýän ahyryn.Bu gojanyň nädip ynsaby çatýar, şeýdip oňa-muňa ýazdyran zadyny iliň öňüne çykarmaga?!
Ol ýoluň ortasynda sakga sägindi.
- Men, häzir yzyma gaýdyp, şu pikirimi onuň ýüzüne bazyladyp basjak. Onuň bu eseri-esgi! Oňa käbir ýeriňem süpürer ýaly däl. Onuň özem - haramzada! Edebiýatymyzyň hakyky howandarlary Han Kulyýew, Aga Abdyllaýew diri gezip ýörkä, şol eser döwlet baýragyny almak hakynda-ha däl,vşol mukaddes býraga hödürlenmezem. Men ine, şu pikiri şonuň ýüzüne aýtjak!.. Şony onuň ýüzüne aýtmasam, atamyň ogly bolmadygym...
Aga Abdyllaýew Hany tanaýardy. Onuň bu serhoş halyna, yzyna gaýdyp, bu sözlerini proffessoryň ýüzüne aýdaýmagy mümkindi. Ol edil ýakynda ýigrimi ýyl bile ýaşaşan aýalyny „Çagaň bolanok!“ – diýip, kowup goýberipdi. Şonuň üçin Aga Abdyllaýew Hany sakllady:
- Han, hay, oglan bolma.Duzuny iýdik, aragyny içdik. Saçagynyň başynda eseriň gowy, ony baýraga hödürlemeli“ diýdik. Şonda bu zatlary onuň ýüzüne aýtman, indi baryp diýseň, namartlyk bolar. Eger, aýdaryn diýseň, ertirki ýygnakda aýdyber. Bize öz sözümizi aýtmaga ertir mümkinçilik bar ahyryn.
Han bu gepi diňlemedi-de, yza garşy dyzap başlady.
Ol ýykylaýmasyn diýip, Ç Alawow ony saklady.
- Goýberiň meni! Indi edebiýaty zaýalaýan haramzada-ha, mert, menem namart boldummy! Onuň külüni çykararyn. Men dirikäm,ojagaz professorjyklara edebiýaty harlatmaryn. Men häzir ölemog-a! Edebiýatdan başga meniň nämäm galdy. Biziň namys-arymyzy depgilejek bolýarlar. Ýüz gram porsy araga satyn alandyryn öýdýär, haram, çal goja. Emma men, men...
- Ertir şony edişjigime seret!..
Aga Abdyllaýew oňa köşeşdiriji sözler aýdýardy.
- Ol aýtdy. Biz diňledik. Emma, etjegiň içiňde bolsun.Dogry aýdýaň, edebiýatymyz biziň namys-arymyz, mertebämiz. Ony atamyz göründen Görümden çykyp: geljek, şony depeleseňiz“ diýse-de, depeletmeris.Seniňki, gaty akylly söz!
Bu ýagdaý Çary Alawowa juda agyr täsir etdi. Ol kyrk ýaşap düşünmedik zadyna indi düşünen ýaly boldy.“Edebiýat-namys- ar!“, “Edebiýat- mertebe!“. “Biz edebiýatyň howandary. „Ar-namysymyzy Hydyrow ýaly professorjyklara atamyz „görden çykyp geljek, şol edebiýatyňyzy depeleseňiz“ diýsel hem, depeletmeli däl!“
Ol öýüne gelenden soň hem ýol boýy edilip gelnen agyr gürrüňler barada oýlanyp, dostlarynyň akyllylygyna, batyrgaý pikirlerine buýsandy oturdy. Ylaýta-da professor Hydyrowyň „Öwrüm“ eserine ýazan synyny gaýtadan okap, bu eden işin erbet utandy.
Ýüz görüji, çig- çarsy, gaty ýüzleý syn onuň ahli mazasyny aldy.
Ol gijäniň bir wagty iş stoluna geçdi-de, dişlerini gyjyrdadyp:
- Namysyma degdirmerin! Hany bir göreýin, şol eser hödürlenibilse, hödürlensin, Döwlet baýragyna- diýip, oňa heniz görlüp- eşidilmedik derejede tankyt ýazdy.
Onuň gazaply gözlerine dosent Han Kulyýew bilen Aga Abdyllaýew gelen ýaly boldy. Hyýalynda olar ýerli-ýerden: “Berekella, Çary!“ diýişdiler.
Ol ertirki ýygnakda edilmeli gazaply gürrüňiň pikirini bir ýere çugdamlady-da, gijäniň bir wagty düşegine geçdi.
Ýygnak öýlän sagat üçde, uniwersitetiň uly mejlisler zalynda başlandy. Ýygnagy uniwersitetiň okuw işler boýunça prorektory alyp barýardy.
Ol kaşaň görnüşine kybapdaş äheň bilen ýygnagy açdy-da, aýtmaly giriş mahabatynyň baryny aýtdy.
- Häzirki zamanda iň beýik zatlar iň beýik zatlara deňelýär. Onda profesor Hydyrowyň eserini biziň baş sekretarymyz Ýoldaş Brežnowyň „Tarp ýer“, Kiçi ýer“ eserlerine deňemek bolar. Şonuň üçin biziň uniwersitetimiz bu ajaýyp alymyň, ýazyjynyň bu esrini kämil ýazmagyň, ideýany, pikiri jebis bermegiň, häsiýeti töwerekleýin açmagyň iň kämil nusgasy hökmünde müňlerçe mugallymyň on müňlerçe talybyň, ummasyz okyjylaryň islegini nazarda tutup, onuň ajaýyp „Öwrüm“ romanyny Döwlet baýragyna hödürleýäris.
Ol töweregione garanjaklady.
- Eziz dostlar! Kim çykyp geplejek!
Zal dymdy. Birdenem yzky hatarlaryň birinden ýolbarsyňky ýaly äpet kellesini göteri bilmeýän ýaly iki baka ýaýkap, Çary Alawow ýerinden turdy-da, tribuna bardy.
Diňe bir prorektor däl, professoir Hydyrowyň özem ýygnagyň başlanşyndan gaty razydy. Prorektoryň aýdan sözünden soň, Hydrowa Döwlet baýragyny şu ýerde gowşursaňam boljakdy. Çary Alawow bolsa bu esere gowy syn ýazypdy. Şonuň üçin professor Çarydan diýseň arkaýyndy. Ol Han Kulyýewe kän ynananokdy. Ol barada hemişe “Ol bir it gylyk, kelesaň, körzekin adam!“ diýýärdi.
- Ýoldaşlar!—diýip, Çary Alawow äpet kellesini yralap, söze başlady.
- Ýaňy prorektorymyzyň aýdyşy ýaly, Hydyrow gowy alym, gowy pedagok.Onuň eseri barada ýaňy aýtdylar. Onuň eseri bäş kitapdan ybarat. Hemmesi neşirýatda çap bolup çykdy. Oňa synam ýazdym. Indi meniň aýtjak zadym: romany baýraga hödürlemeli däl. Eser heniz çig-çarsy.
Çary Alawow romanyň gaty gowşakdygy, ony haýsydyr talybyň ýazan eserine deňäp, on sany agyr, güýçli delil getirdi.
- Edebiýat biziň abraýymyz, namys-arymyz, mertebämiz. Eger şu bolgusyz eseri onuň awtorynyň garyndaşy döwletiň başynda otyr diýip, baýraga hödürlesek, öz meretebämizi depeledigimiz bolardy.
Zal beýle agyr urga garaşmandy. Garry professoryň boýny sallandy. Onuň häliden bäri dikgerip duran kellesi stoldan zordan çykýardy.
Han Kulyýew altyn dişlerini lowurdadyp, ýerinden turdy-da tribuna geçdi.Professor Hydyrowyň tas iki gözi peträp, ýere gaçypdy. Ol “Şoňa bir söz bermäň!“ diýip, gygyrmakçy boldy. Emma şony gygyrmaga-da ysgyny ýetmrdi.
--Walla,--diýip, Han Kulyýew başyny ýaýkady. - Çary, sen-ä oňarmadyň. Bizem-ä, indi otuz ýyllap çöregi edebiýatdan iýýäs. Emma, ömrümize beýle gowy eseri görmändik. Sen aldyň-da muny nädäýdiň. Özüň-ä, roman barada gaty gowy syn ýazýaň, bizem saňa ynanyp, seni gutladyk, bu gün seni haýsy jyn urdy!
Ol bu eseri öz döwrüniň ary-namysy, mertebesi hökmünde suratlandyrdy.
- Kim, haýsy agzy boş näme diýse diýibersin. Nesip bolsa, bu ajaýyp eser hökman baýragam alar, uniwersitetimiziňem, professorymyzyň hem mertebesi ýene belende göteriler. Eseri Döwlet baýragyna hödürlemeli.
Soňra, indi birneme galkynan zaldan Aga Abdyllaýew ýerinden turup, tribuna geçdi.
- Çary, sen-ä, walla, oňarmadyň. Sen ilk-ä, öwüp, esere ýokary baha berip gazete syn ýazdyň. Döwlet baýragyna hödürlemeli diýdiň. Bu ýerde-de orta çykyp, bizi çaşynyň gözüne sereden ýaly edýärsiň.Ine, ýoldaşlar, biziň edebiýatymyzyň mertebesini peseldýän zat. Ikiýüzli, galp, prinsipsiz alymsumaklar edebiýatymyzyň abraýyny dökýär. Roman sadadan durmuşylygy, diliniň ýönekeýligi, halkylygy, synpylygy we milliligi boýunça döwrüň hem sosialistik realizmiň iň gowy eseri. Ol döwlet baýragyna doly mynasyp.
Soňra professor Hydyrowyň begenç ýaşy bilen balkyldaýan gözleriniň alynda on iki adam çykyp gepledi. Olaryň ählisi“Çary, sen-ä oňarmadyň!“ diýip söze başlady-da, esri biragyzdan baýraga hödürledi.
Eser baýraga hödürlendem, baýrak aldam.
„Edeniň bar bolsun!“ diýişleri ýaly, indi Çary Alawow professor Hydyrowyň gözüne görünip bilenoksdy. Han Kulyýew bilen Aga Abdyllaýew bir wagt professor boldular. Olar indi Çary bilen düzügli salamlaşanokdylaram. Olar indi Hydyrowyň hakyky dostlary, geňeşdarlary bolup galypdylar.
Günleriň birinde duýdansyz bir säwlik boldy-da, Çary Alawow Hydyrowyň geçýän ýolunda, oňa pete-pet gabat geläýdi. Professor ilk-ä ony görmedik bolan boldy. Emma edil deňesine ýetende:
- E-e! - diýdi. - Çar-eý! Seniň bolsa kimdigiňi bil-di-ik! - diýdi-de, duşundan geçip gitdi.
27-nji iýun 1989 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar