19:43 Watan hakda söz | |
WATAN HAKDA SÖZ
Edebi makalalar
Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda täze dogan bäbejigiň gulaklara ýakymly jägildisi selmeli sonar sähralaryň päkize asmanynda birgeňsi saýraýan torgaýlaryň owazyna goşulyşyp, ýaşaýşyň ömür-ömür diňmejek müdimi sazyny hasyl edýär. Bu diňe “Buşluk! Buşluk! Ogul jigim boldy!” diýip, galpajygyny tasadyp hatarlara şatlyk paýlap ýören gyzjagaz üçin däl-de, tutuş oba, ähli adamlar, külli adamzat üçinem begençlidir. Ynsanlar üçin ýene bir ynsanyň dogulmagyndan zyýada bagt bolup bilermi diý?! Sähranyň gülleri üçinem, çaganyň kalby ýaly tämiz hem biserhet ýumşak ýaýlalar üçinem, danalaryň öwütlerini ýadaman-ýorulman gaýtalaýan sähranyň san-sajaksyz çürçürileri üçinem, sähra tamdyryndan çykan nan ýaly gyrmyzy hem mukaddes Gün üçinem egsilmejek şatlykdyr, buýsançdyr. Göbek gany daman topragy üçin-ä hasam. Ine, hä diýmän ol ese-boýa galar, ulalar, agy-garany saýgarar. Şonda ol dünýäde ynsan üçin öz göbek ganynyň daman eziz topragyndan – dogduk depesinden ýumşajyk hem ýyljajyk höwürtgesinden ajaýyp zadyň ýokdugyna akyl ýetirer. Şonuň üçin ol ene hüwdüsini söýer, ata pendine hormat goýar, bagtynyň badalgasy bosagasyna maýyl-maýyl bakar. Danalaryň: “Öňüňden çykan adama hoş söz aýt, belki sen ony gaýdyp görmersiň”, “Her bir adamda gudratly güýç gizlenip ýatandyr. Şol güýji oýarjak bol”, “Güneşi hem çagalary söýüň, zenanlara hem garrylara rehimdar boluň!” diýýän pentlerine bendi bolar, sähranyň parç bolup, bark urýan güllerine guwanar, ýaşaýşyň ebedilige ýar çeşmesi al Günden ylham alar, alyslara ylgar edip barýan durnalaryň hataryna goluny bular. Şu zatlaryň ezizligi nämedenkä? diýip oýlara batar. “Bu meniň Watanym, kalbymyň yşrary, ýüregimiň ýagy, göwnümiň karary, didelerimiň nury” diýip pyşyrdar. Ynsanyň köki-damary, çuňlugy Watandadyr. Ynsanyň köňlüniň karary, beýikligi Watandadyr. *** XX asyryň segseninji ýyllarynda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan iň bir naýbaşy eserlerini öz içine alýan iki ýüz tomluk çapdan çykdy. Dünýä belli söz ussatlarynyň eserleriniň içinden Watan, toprak mowzugy eriş-argaç bolup geçýär. Goja Gomeriň Odisseýi indi ýigrimi asyrdanam köpräk wagt bäri watansöýüjiligiň gowy nusgasy bolup gelýär. Gadymy Wawilon ýazgylarynda, gadymy hytaý pähimlerinde, grek miflerinde, köki gadymyýetiň çuňluklaryndan nem alýan ajaýyp türkmen nakyllarynda Watan mowzugy ör-boýuna galýar. Gündogarda türki diliniň, türki edebiýatynyň düýbüni tutan Ýusup Balasagunlynyň dört ýüz sahypalyk “Kutadgu Bilig” – “Bagta ýetirýän ylym” eseri, watansöýüjiligiň hem ruhubelentligiň çeşmesidir. Döwletmämmet Azadynyň poemalaryndaky watansöýüjilik nesiller üçin pähim nusgasy bolup hyzmat edipdi. Goja Jygaly agtygy Röwşene: Ýalňyz balam, algyn pendim, Ýurduňy terk ediji bolma! diýip wesýet edipdi. Bu pent Görogla ömürboýy medet beripdi. Geliň, döredijiligi Jemşidiň jamyna, dünýä edebiýatynyň Elbursyna, tylla ýüzügiň şöhle saçýan göwher gaşyna deňelen beýik Magtymguly Pyragynyň Watan nagmalaryna gulak goýalyň: Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma. Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sögse, horlasa-da il ýagşy. Ynsanyň töweregini gurşap alýan mukaddeslikler köp. Perzent. Türkmenler: “Bal süýji, baldan bala süýji” diýip nakyl döredipdirler. Dost. Dostlugyň ilki hem mizemez şerti deňlikdir. “Özüňi süýt bilgin, dostuňy gaýmak” diýen pähim bar. Ata-ene. Türkmenler: “Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy” diýip jaýdar aýdýarlar. Ýöne durmuşyňam öz ýazylmadyk kanunlary bar. Perzent ýalňyşyp, ene-atanyň dilini gysga edäýmegi mümkin. Dost ikilik etmesin weli, etse bagryň paralanmazmy?! Ynsan garraýar. Ataň-eneň başyňy alyp durmaýar. Günleriň bir güni ýetim goýýar. Watan hiç haçan dili gysga etmeýär, ikilik etmeýär, ikilik etmek Watan diýen mukaddeslige ýatdyr. Watan garramaýar, ýetim goýmaýar. Watan ebedi juwan, baky diri! Watan unutmaýar. *** Adam öz gözläp ýören rahatlygyny diňe öz Watanyndan tapýar. Bizi toprak, Watan bilen diňe bir göbek ganymyz hem däl, eýsem, topraga döken derimiz, gözýaşymyz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary birleşdirýär. Şu topragyň goýnunda bakylyga öwrülip giden ata-babalarymyz bizi şu toprak, Watan bilen ömürbaky baglap goýýar. Guşa öz höwürtgesinden, çarlaga aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanyndan, algyr bürgüde ýylçyr gaýasyndan, boz jerene ýumşak ýaýlasyndan, turaja tokaýyndan, parasatly türkmenler aýtmyşlaýyn, towşana dogduk depesinden eziz zat dünýäde ýokdur. *** Nurana Ýusubyň keşbi gezende edebi ýordum bolmak bilen, dünýäniň ýazyjy-şahyrlarynyň ýüzlerçesiniň ünsüni özüne çekipdir. Bu ýordum dünýäniň özi ýaly, köküni ýere uran daglar ýaly gadymydyr. Görmegeýlikde, içki dünýäsiniň päkizeliginde deňi-taýy bolmadyk Ýusubyň ady Injilde gabat gelýär. Musulmanlaryň keramatly, keremli Gurhanynyň bir ýüz on bir aýatdan durýan on ikinji süresi tutuşlygyna Ýusubyň edermenligine, sabyrlylygyna, watansöýüjiligine bagyşlanandyr. Gündogarda tahmys ýazmagyň ussady Nyzamy, Genjewi, Nowaýy, Durbek, Fizuly, Andalyp Ýusubyň köpleri haýran galdyrýan çydamlylygy, söýgüsi, aýratyn-da, watansöýüjiligi barada eser döredipdirler. Görnükli nemes ýazyjysy Tomas Mannyň “Ýusup we onuň doganlary” atly roman döretmegi bu ýordumyň Ýewropa edebiýatyna-da aralaşandygyny alamatlandyrýar. Ýusup dogduk diýary Kenganyndan jyda düşýär. Ykbal perişdesi göterilip Müsürde Şa bolýar. Ýöne onuň göwni dogduk diýarynyň sähralaryny, küren-küren obalaryny küýseýär, giňişlikleriň, derýalaryň, çemenzarlyklaryň üstünden çawup gelýän awara şemal ony albaý bulap çagyrýar. Dogduk depesinde biten serwi, senuwer agaçlary bagt çelgisi bolup ony çagyrýan ýaly bolýar. Nazarkerde oglunyň gelerine garaşyp, “aglaý-aglaý jepalaryň derdinden” gözleri kör bolan parasatly atasy nebi Ýakubyň bosagasyny göwni küýseýär. Şa tagty-da, Züleýhanyň ot-elek bolup özelenmesi-de, akylly wezirleriniň töwellalary-da onuň Watana bolan söýgüsinden, köňül küýseginden ejiz gelýär. Ine, “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” diýen asyrlarboýy ýaşap gelýän nakyl nädip döräpdir. Diýmek, Watany söýmek, Watan duzuna wepaly bolmak biziň ata-babalarymyzyň öňündäki ödemeli mukaddes borjumyz bolup durýar. Watan bizi geçmiş bilen, geljek bilen baglanyşdyrýan ruhy bitewilik eken. Biziň ata-babalarymyz juda edenli adamlar bolupdyrlar. Dostuna wepaly, ähdine dogry, enesine janserek, aýalyna hem perzentlerine hamrak, “demir gözleginden altyn getirýän”, gözleri ýyldyz ýaly ýanyp duran pederlerimiz bize üsti ýalkym, asty altyn, äpet düýe ýüň saçagyna çalymdaş uç-gyraksyz Garagumy miras galdyrypdyrlar. Dünýäniň ýüreginde ýerleşen, dünýäniň ýüregi ýaly gyzgyn hem sahawatly Garagum bolsa biziň sallançagymyzdyr, öýümizdir, Watanymyzdyr, seždegähimizdir. Nura gark bolup ýatan sährany miras goýan ata-babalarymyz bize Watanyň nämediginem, ony nähili söýmelidiginem öwredip gidipdirler. Watana söýgi bize gan bilen geçipdir. Ata-babalarymyzdan bize iň uly peşgeş şoldur. Edebiýat – ebedi zatdyr, köküni gadymyýetden alyp gaýdýan ezeli zatdyr. Edebiýat adamzadyň beden hem ruhy taýdan şu günki kämillige ýetmeginde ägirt uly hyzmaty ýerine ýetirip geldi, adamlary terbiýeledi, olara ruhy hörek boldy. Edebiýat ynsana hemişe hem hemme ýerde öz borjuny ýatladyp durýan, adamyň bary-ýogy bir gezek miýesser bolýan ömrüniň manysyny düşündirýän ajaýyp zatdyr. Söz ýaly ynsanlara ömrüňi gowy zatlara bagyş etmegi ündeýän, ynsan kalbynyň näzik taryna kakmagy başarýan, kalbynda älem giňişliklerine, ilki bilenem dogduk diýaryna söýgi oýarýan başga bir gudrat barmyka?! Söz adamlara nämä begenmelidigini, nämä gynanmalydygyny, Watanyň hatyrasyna zerur bolsa şirin janyňy hem gurban etmegiň uly mertlikdigini, mertebedigini, geljekki nesiller üçin edep, edermenlik mekdebidigini öwredýär. Paýhas pyýalasynda kämilleşen, ýürege ornaýan, adamlara söýmegi, il-gün üçin ýaşamagy, Watanyň özgermegi, ösmegi, güllemegi üçin dünýäde iň eziz zadyňy – ýüregiňi, kalbyňy, ömrüňi bagyş etmegi ündeýän eserleri ajaýyp, kämil edebiýatyň iň nurana nusgasydyr. Watan nagmalary bolsa has-da mylaýym, has-da gözel, has-da nurana! Çeperçiligiň iň belent notasynda döredilen, pähim-parasada ýugrulan şygyrlar edebiýat asmanynyň zöhre ýyldyzy ýaly münewwer nuruny saçyp, müňläp kalplary bagt nury, şadyýanlyk şuglasy, ynsanperwerlik, raýdaşlyk güneşi, keramat kuýaşy bilen çoýýar. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |