16:40 Weteran Ablesen Rejepowyň terjimehaly, söweş ýoly | |
WETERAN ABLESEN REJEPOWYŇ TERJIMEHALY, SÖWEŞ ÝOLY
Taryhy makalalar
Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň "Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň” atly poemasyndan alnan bu setir gürrüňiň uruş ýyllaryna, watançylyk urşunyň watançy esgeriniň terjimehalyna, söweş ýoluna degişli boljagyny her bir okyjy aňan bolsa gerek. Ýöne uruş ýyllary, söweş ýoly barada gürrüň bermäge hemme weteran döwtalap bolup durmaýar. Göýä, bu barada gürrüň gozgalsa, ýürek ýarasy gozgaýan dek, Ablesen agany bu barada gürledäýmek hyllallady. Ýogsa, 1939-njy ýylda goşun gullugyna diýip gidip, Moldawiýada, Odessada, Stalingradda, Kurskide, Podstamda, San Fransiskoda, Wladiwostokda bolup, öz dogduk obasy Gyzylarbat etrabynyň Jejirs obasyna 1949-njy ýylda dolanyp gelen Ablesen agada ýatlara gürrüň köp bolmaly. Şeýle uzak ýoly, ýer şarynyň ekwatorynyň uzynlygyndan hem köp ýoly geçen adamyň ýatlamalary doly ýazylyp alnanlygynda, ol, megerem, küt-küt kitaplara sygmazdy. Şeýle-de bolsa, onuň ogullary Aşyrdurdydyr Rejepdurdynyň, Täçdurdudyr Agadurdynyň, gyzlary Doýdugyň irginsiz soraglary, käwagt telewizorda uruşly kino görkezilende gysgajyk käbir zatlary aýtmagy, galyberse-de şu setirleriň ýazarynyň ýadawsyz çeken zähmeti netijesinde uruş weterany Ablesen Rejepowyň terjimehalyny, söweş ýoluny azda-kände dikeltmäge mümkinçilik berdi. Uruş döwrüniň esgeri Ablesen Rejepow barada "Şöhrat. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Watana Ýeňiş bilen dolanyp gelen Türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitapda” (Balkan welaýaty. I jilt, Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2004 ý. 432 sah.) gysgajyk şeýle setirler bar: "Rejepow Ablesen. Gyzylarbat r-n, Jejirs oba. 1919 ý.d. 1939ý. çagyrylan, s-t.” Bu gysgajyk maglumat esasynda 1919-njy ýylda doglan Ablesen aganyň şol wagtky Gyzylarbat raýonynyň Gyzylarbat etrabynyň) Jejirs obasyndan 1939-njy ýylda goşun gullugyna çagyrylandygy, goşunda seržant çinini göterendigini aňmak bolýar. Ablesen Rejepow 1919-njy ýylda Serdar etrabynyň Jejirs obasynda çopan maşgalasynda eneden bolýar. Ilki ýediýyllyk mekdebi gutarýar, soň okap buhgalter-hasapçy hünärini ele alýar. 1939-njy ýylyň maý aýynda Sowet goşunyna gulluga çagyrylýar. Ol pyýada goşunyň düzüminde Moldawiýada (Bessarabiýada) 1941-nji ýylyň maý aýyna çenli gulluk edenden soň, şol ýylyň 22-nji iýunynda Beýik Watançylyk Urşy başlaýar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, urşuň ilkinji günlerinden tä Moskwanyň etegindäki ýeňşe çenli Sowet goşuny mejbury duşmana mümkin boldugyça zyýan ýetirmek bilen yza çekilýärdi. Ablesen aganyň gulluk edýän pyýada goşuny hem yza çekilýärdi. Ablesen aga bu döwür barada gysgajyk şeýle gürrüň beripdi: - Biziň goşun bölümimiz duşmana mümkin boldugyça zyýan ýetirmek bilen yza çekilýärdi. Men wzwodyň bölüm komandiridim. Bir gije-gündiziň dowamynda 12 sagatlap ýol ýöreýärdik. Biziň gün režimimiz şeýleräkdi. Ir bilen 6-da turup 3 sagatlap dynman ýöreýärdik. Sagat 900-dan 930-a çenli ertirlik naharyny aýak üstünde diýen ýaly edinýärdik. 930-dan 1230-a çenli ýene dynman ýol ýöreýärdik. 1230-dan 1400-a çenli biraz dynç alyp günortanlyk nahar edinýärdik. 1400-den 1800-a çenli ýene ýol ýöreýärdik. 1800-dan 1830-a çenli dynç alnandan soň, ýene sagat 2200-a çenli ýol ýöreýärdik. Gije 10-dan soň agşamlyk edinip, ýene irden 6-da turup ýol ýöreýärdik. Aý aýdyň gijelerine, režim üýtgedilýärdi, gije ýol ýöräp, gündiz dynç alýardyk. Günüň dowamynda iýmek üçin bar wagty 600g çörek ýa-da suhari, her esgere norma boýunça mohorka, kämahal bir sygyr konserwasyny paýlaýardylar. Çöregi, suharini suwa basyp iýýärdik. Men çilim çekmeýärdim. Maňa berlen mohorkany çilim çekýän esgerler: "Gerek däl” diýsem hem öz normasyndan bölüp berip, çörege çalşardylar. Uzak ýoluň argynlygyndan ýadan esgerler käte dik duran ýerinde uklasa, käte büdräp, awtomatyna söýenip zordan turardylar. Men bölümiň pulemýotçysydym. Iki esger bolup käte bir özümiz götersek, käte bile götererdik. Ysgyndan gaçan esger ýoldaşlarymyza söýget bolardyk. Şeýdip, bir gije gündiziň dowamynda 50-60 km ýol geçýärdik. Käbir ýerde faşistler bilen çaknyşýardyk. "Yza çekilmeli” diýip buýruk bolýanlygy sebäpli, käbir ýaralanan, heläk bolan ýoldaşlarymyzy söweş meýdanynda mejbury taşlap gaýtmaly bolýardyk. Ablesen aga Odessa şäherinde faşistler bilen çaknyşykda elinden ýaralanýar. Ony şol döwürdäki Groznyý şäherindäki gospitala ýarasyny bejertmek üçin ugradýarlar. Ablesen aga gospitalda bir aý ýatyp ýarasyny bejerdenden soň, ýene şol pyýada goşun düzüminde söweşýär. Stalingrad söweşine gatnaşýar. Aýagyndan ýaralanýar. Krym gospitalynda 6 aý ýatyp, ýarasyny bejerdýär. Soň ýene söweşýän pyýada goşun bölümine iberilýär. Bu gandöküşikli söweşleri ýatlap, Ablesen aga şeýle gürrüň berdi: -Söweş meýdanynda snarýad ýarylýardy. Snarýadyň ululygyna baglylykda onuň düşen ýeri 5-6 m töweregi ýer çöwrülýärdi. Ok çabga ýaly ýagýardy. Hüjüm sabaşandan soň heläk bolan söweşdeş ýoldaşlarymyzyň galan zadyny: elini, aýagyny, gapyrgalaryny çöpläp, bir halta gapgaryp ählisini bir ýerde jaýlan wagtlarymyz bolupdy. Jaýlan ýerimize ýetişdigimizden bellik, ýazgy ederdik. Ablesen aga Stalingrad ugrundaky söweşleriň birinde egninden ýaralanýar. Gan köp gidip, özünden gidip ýykylýar. Mejbury ýesir düşýär. Ony beýleki ýesir düşen adamlar we esgerler bilen bilelikde Potstam welaýatyna iberýärler. Ableseniň öýlerine dereksiz ýitenligi barada habar iberilýär. Emma Ablesen aganyň kakasy Rejep aganyň ýüregi onuň heniz diriligini duýýar. Onuň patasyny almaýar. Ablesen aga konslagerde örän köp horluklary başyndan geçirýär. Hatda ol konslagerde adamlaryň krimatoriýalarda diriligine ýakylanyny gözi bilen görýär. Ol bu konslagerde 1945-nji ýylyň maý aýyna çenli bolýar. 1945-nji ýylyň maý aýynda Beýik Watançylyk urşy ýeňişli tamamlanandan soň, ABŞ Germaniýa bilen ýesirleriň bir bölegini öz ýurduna ABŞ-a äkitmek barada gepleşik geçirýär. 400-500 adamdan ybarat bolan ýesirler ABŞ-nyň San Fransisko şäherine 1 aýdan soň parahodly barýarlar. Ýesirler bu ýerde iki gatly jaýda ýerleşdirilýär, azyk bilen üpjün edilýär. Ýerli gyzlara öýlenip, ABŞ-da galmaga rugsat edilýär. Ýesirleriň käbiri ýerli gyzlara öýlenip, ABŞ-da galýar. Ablesen aga Sokolow familiýaly bir rus ýigidi bilen bile ýaşaýardy. Hemme zat gülala - güllük ýalydy. Emma Ablesen aganyň ýüregi ata Watanyny küýseýärdi. Ablesen aga Sokolow bilen şol wagtky San- Fransiskodaky SSSR-iň konsullyk bölümine barýar. Ilçihananyň işgärleri bu iki ýesiriň dokumentlerini düzedip, olary şol wagtky SSSR-iň Wladiwostok şäherine ugradýarlar. Olar San Fransiskodan Wladiwostoga Ýuwaş okeanyň üsti bilen 1 aýdan soň gelip düşýärler. Şol döwürde ýesir düşenlere SSSR-de hem gowulyk garaşmaýardy. Şol ýesir düşenler sud edilip 15 ýyl türmä basylýardy, ýa-da atuw jezasyna höküm edilýärdi. Ablesen aganyň Watany küýseýän ýüregi bu ýowuzlyklardan gorkmaýardy. Şeýlelikde, Sokolow we Ablesen agany Wladiwostokdaky türmede 2 aýlap surnukdyryjy soraglar berip saklaýarlar. Ablesen aganyň, hakykatdan hem, söweşde ýaralanandygyny anyklamak üçin Podolsk arhiwine hat ugradylýar. Arhiwden Ablesen aganyň söweşde ýaralanandygy barada hat gelýär. Iň ahyrda Sokolowa 15 ýyl türme tussaglygy höküm çykarylýar. Ablesen aga Sokolowy soňky gezek şonda görýär. Ablesen agany bolsa üç ýerinden ýaralanyp, mejbury ýesir düşenligi sebäpli, türme tussaglygyndan boşadýarlar. Onuň ähli dokumentlerini düzedip, ýol harjyny berip, öz ýurduna ugradýarlar. Ablesen aga 15 gije-gündiz ýol ýöräp ilki Wladiwastokdan Moskwa, soň Aşgabada gelýär. Dogduk obasyna gelip, hossarlaryna zordan özüni tanadýar. Ablesen aga 1949-njy ýylda Jejirs obasynda käri boýunça buhgalter-hasapçy bolup işläp başlaýar. Şol döwürde Ablesen aga uruşda gerdenindäki snarýad ýarylanda, galan ok bölegi azyp, saglygygyna howp salýar. Ol Aşgabada ýörite gidip, operasiýa etdirip, ok bölegini aýyrdýar. 1951-njy ýylyň aprel aýynda ýaňy gurlup başlan Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherine göçýär. Täze işe ýerleşýär, jaý alýar. Ablesen aga Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherinde ömrüniň ahyryna çenli ýaşady we işledi. Ol 1994-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda 75 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Siziň gören horluklaryňyzy, ýowuzlyklaryňyzy indiki nesiller bir görmesin! Jaýyň jennetde bolsun, ruhuň şat bolsun, Ablesen aga! Biziň bagtyýar günlerde ýaşamagymyz üçin janyny gurban eden uruş weteranlarymyz hakdaky ýatlamalaryň we maglumatlaryň muzeýlerimizde aýawly saklanylmagy, ýaş nesilleriň aňynda gaýduwsyzlygyň, merdanalygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny ösdürmekde asylly ýol-ýodanyň mekdebi bolup durýar. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||