02:24 "Ýa suwa, ýa-da samana..." | |
“ÝA SUWA, ÝA-DA SAMANA...”
Goşgular
![]() Dostum hakda köp oýlandym, Ýada saldym duşmanymy. Orta ýaşda ýitirmişem, Soň näzenin duşmanyny. Uzak gyş gijelerinde, Oýlanýarsyň dünýä hakda. Hem ýalňyzlykdan örtenip, Ejir çekip ýörsüň, akga. Her gün görüp arwahlary, Ýaşap ýörsüň tüntaw ýaly. Örç alypdyr şeýtanylar, Ýatdan çykmyş Magtymguly. Sag bolsuna zat ýok munda, Kök urupdyr alym-berim. Adam dälleň arasynda, Hetdi-hasaby ýok şeriň. Gardaş ýalan, bajy ýalan, Sözi geçmez kethudanyň. Ýa suwa, ýa-da samana, Özüň gorawer Hudaýym! Oýlandym men dost hakynda, Ýada saldym duşmanymy. Neçün ýaşymyň soňunda, Gaýtaladym puşmanymy?!. 26.02.2024. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |