19:37 Ýasama gözýaş | |
ÝASAMA GÖZÝAŞ
Publisistika
Ermenistanyñ goşun bölümleri Azerbaýjana garşylyklaýyn hüjüme geçen badyna ABŞ-nyñ Wekiller palatasynyñ başlygy Nensi Pelosi Ýerewana gidip, "sözde genosid" ýadygärliginiñ öñünde gözýaş dökdi. Adyny oguzlaryñ goýan iki müñ ýyllyk Garabagyna Ermenistan diýdi! Geñ galmañ: Kawkazdaky, Balkanlardaky, Ýakyn Gündogardaky türk gyrgynçylyklaryny görmediler. O nähili soýuzdaş bolýarmyşyn, hiç wagt biziñ tarapymyzda bolmady! Kiprdäki wagşyçylyklara-da göz ýumdy! Bize embargo goýdy. A şu gün? Diñe Ermenistanmy? Kipr Rum hökümetine ýarag embargosyny aýran ABŞ Türkiýäniñ serhedine 30 km ýakynlykdaky Dädeagaça harby ýükleri daşaýar, portuny giñeldýär. "NATO harby türgenleşikleri" bahanasy bilen Trakýada harby baza gurýar. Ýüz ýyl öñ bulary başymyzdan geçirdik. Bolup geçenleri ýatdan çykarmañ: Birinji jahan urşundan soñ London, San-Remo, Pariž konferensiýalarydyr Sewr ylalaşygy bilen grek goşunlary iñlis we fransuz goşunlaryñ hemaýat bermeginde Trakýany basyp aldy: Edirne, Kyrklareli, Gelibolu, Tekirdag, Çorly, Uzynköpri, Babaeski, Keşan, Wize, Lüleburgaz, Malkara, Hadymköý, Büýükçekmeje, Çatalja we başgalar. Wahdetdiniñ bütin bu okkupasiýalara dyñkynam çykarmandygynyñ gürrüñinem etjek däl... Häkimiýetdäki "Azatlyk we ylalaşyk" pyrkasy ("Hürriyet ve İtilaf" Fırkası) tarapyndan Edirnä häkim bellenen Salim paşanyñ "tomaşaçy" bolanyna-da bir ýana, milli azat-edijilik göreşine garşy söweşendiginem, Faik (Kaltakkyran) beýi we Şeref (Aýkut) beýi ele düşürip, Malta sürgüne ugradandygynam agzap durmaýyn! Türküñ türke haýynlygy täzelik däl... Köşk diñe Trakýa Birinji goşun birikmesiniñ inspektory Fewzi paşany ýollady. Şol ikiarada Gresiýa mejlisinden geçiren kanuny bilen Trakýany häkimlik görnüşinde ýurduna goşdy! Indiki gezek türkleri Trakýadan kowup, "ilatlaşdyrmagy" meýilleşdirýärdiler. Munuñ üçin grek goşunyñ hemaýatkärliginde rum bandalary döredildi. Trakýaly Nikolaki, Çantaly Todori, Karabyýyk Dmitriý ýaly… Ne wagşyýanalyklary etmediler: Keşandan Ipsala barýan türk prokuroryny aýaly-çagalary bilen bile şehit etdiler. Derbent bogazynda bolan gyrgynçylygy ýatdan çykarar ýalymy: elli türküñ ýanyndaky zatlaryny talap alanlaryndan soñ gollaryny kesip, jesetlerini çuw-ýalañaç halda taşlap gitdiler... Kyrklarelinde goýun bakyp ýören Mahmyt çopanjyk ýaly çagalarymyza çenli öldürdiler. Gelnaljylaryñ üstüne çozup gelinleri, ekin meýdanlarynda işläp ýören aýal-gyzlary zorladylar. Haýsy birini aýdyp, haýsy birini goýjak... Türkleri her dürli gynamalardan geçirip, tussag astynda sakladylar, diñe Kyrkkilise tussaghanalarynda 2.500 tussag bardy. Azan okatmajak bolup azançylar daşlandy, oka tutuldy. Hezreti Muhammede (s.a.w) küpür sözler aýdyldy. Mustapa Kemalyñ öñbaşçylygyndaky milli azat-edijilik hereketi ýeñiş üstünde ýeñiş gazandygyça Trakýada grek sütemkärligi artdy. Meselem: Çatalja Terkosda ýitirim bolan ýigrimi türküñ jesedi Burgaz obasynyñ golaýynda tapyldy. Keşanda žandarma rotasynyñ seržanty we bäş adamlyk wzwod garakçylar tarapyndan oka tutuldy. Şol arada fransuzlar Trakýada "musulman dällere çekdirilen ejirleri" görmek islänokmydy? Günbatar-da bu; Nensi Pelosiniñ gözýaşy ýasama… Ahyrsoñunda... Türk goşuny Izmiri halas edenden soñ ýüzüni Trakýa öwürdi. Urşuñ öz üstlerine tarap gaýdanyny gören we halkynyñ uruşlardan ýaña bizar-peteñi çykan iñlislerdir fransuzlaryñ maslahaty bilen grekler Trakýadan çekildi. Şol wagt 1922-nji ýyldy. Taryhyñyzy ýatdan çykarmasañyz, imperializmiñ şu gün näme etjek bolýanyna añsat düşünersiñiz: Ýüz ýyldan soñ ABŞ imperializminiñ maksady aýdyñ dälmi? Ermenistan, Yrakda Barzani, Siriýada PKK, Kipr Rum zolagy, Liwiýa, Gresiýa arkaly Türkiýäniñ daşyny gabaýar... Haýp! Käbirleri häzirem "dişinden başga zady galmadyk jandaryñ" tarapyny tutýar, Nensi Pelosä alkyş okaýar… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |