23:07 Ýaşuly gelýär / hekaýa | |
ÝAŞULY GELÝÄR!
Hekaýalar
Meret Pälwanow direktoryň öýüne jaň etmeli diýen karara geldi. Ol telefonyň uzyn bagyny çöşläp, daşky gapyň agzynda duran apparaty kabinetine geçirdi. Gapyny ýapdy. Beýnä ýelmeşen sanlary aýlap başlady. Hamala, aňyrdan eşidiljek ses sypyp gidäýjek ýaly, tas ýylmanak trubkanyň bir ujuny gulagyna sokupdy. Garaşdy, ilki demini alman garaşdy, soňra biraz gowşady. Agzyndan bölek-bölek ýyly dem goýberdi. «Bäh, öýlerinde adam ýokmuka? Daşarda oturan bolmaklaram ähtimal, o taýyk tilpunyň sesem eşidilýän däldir, hä...» Bady gaçan Meret Pälwanow trubkany höwessiz goýdy, ýöne apparatdan elini aýyrmady. Keseden seredene, ol indi näderini bilmän ýaýdanyp oturana meňzese-de, hakykatda welin, Meret Pälwanow etjek işini gaty gowy bilýärdi. Ynha, bäş-on minut geçer, ol ýene til eder, onda bolmasa, ýene... Bolmadygyça-da erjellik görkezer. Tutanýerlilik Meret Pälwanowyň häsiýeti! Her kim häsiýetine görä ýaşaýar. Köne pikirli adamlar: «Takdyrdan sypma ýokdur» diýýärler. Meret Pälwanow geçmişe tankydy göz bilen garap, «takdyr» sözüni «häsiýet» bilen çalşyrýardy. Umuman, durmuşda, ylymda gabat gelýän meseleleriň käbirine onuň barlyşyksyz garaýşy bardy. Ine, mysal üçin, ýaňky häsiýet meselesini alyp göräýiň. Meret Pälwanowyň ynanjyna görä, adamyň häsiýetini üýtgetmek hiç kime başartmaz! Häsiýet köwüş ýa-da penjek däl-ä, islän mahalyň çalşyryp durar ýaly, hä-ä! Häsiýet adamyň tohum-tiji, gany bilen bagly. Gan bilen giren jan bilen çykmaly! Indi gan hakda. Medisina adamyň ganyny birnäçe topara bölýär. Eger, aýdaly, meniň damarymdan akýan al gan birinji topara degişli bolsa, ony ikinji ýa-da üçünji topara öwürmek medisina başardanok, ýogsam, medisina ölini diriltjek bolup ýör ahyry!.. Ýazyjylaryň ýanynda adamyň häsiýetini üýtgetmek itiň aňsady. Emma welin, zyňlan jykjyk yzyna gaýtman, zyňlan ugruna gidiberipdir diýseň, ýazyjylaryň ýekesi dagam ynanmaz. Ýeri, onsoň, öz ynanmaýan zadyňy etjek bolup ýörmek nämä derkar! Ogry adamyň ogurlygyny goýdugy, häsiýetiniň üýtgedigi däl-ä. Diýmek, onuň durmuşda ýagdaýy üýtgändir. Öňki ýagdaýyna dolanan güni ýene ogurlyk edip başlar, hä-ä... Adam ýaşadygyça onuň keşbi üýtgeýär, garrylyk gurasyn! Häsiýet diýen zadam şoňa meňzeş: galjaň adam garradygyça iňre, husyt bolýar. Wah, daşa gidip oturmaly däl, Meret. Pälwanowyň özi janlyja mysal. Ol elli ýaşady. Indi işden gaýdanda kabinetindäki demir seýfi, stoluň çekerlerini barlaman gaýdyp bilenok. Göwnüne, açyk galan ýaly bolup dur. Öz eli bilen gulplanynam bilýär, ýöne barlamasa onanok. Ine, häsiýet! Häsiýet üýtgänok, häsiýet durguşýar. Meret Pälwanow ýaňadan jaň etdi. — Alýow, e-e, alýow! Salawmaleýkim!.. Gurgun oturanmysyňyz? Bala-çaga, hemmesi saglykmydyr? Äý, tüweleme, tüweleme! Saglyk bolup dursa, ana, şondan gowy zat bolmaz bi dünede, hä. Hakyna garasaň, biz günde-günaşa, şeýdip, habar tutup durmaly. Bi zamanda diýýän-ä, asyl, adam adamdan... ä? Menmi? Men ýaşulyň işgäri, sektor müdiri Meret Pälwanow. Ýeri, biziň ýaşuludan nä habar? Til-pil edip durýandyr-a? Gelýä? O nähili gelýä? Entejik bäş-üç güni barmyka diýýädik-le. Şü ertirki samolýotda barýan diýipmi? Beh! O taýyň howasy dagy ýaramadymyka? Kurort diýleni bilen hemme adama ýarabam baranok şol. Ynha, arada biziň bir tanşymyz Esentükä gidip geldi weli... Ä? Bolýa, bolýa, bagyşlaň, sag boluň. Meret Pälwanowyň gepleşeni direktoryň aýaly bolmaly. Ýok, ol gepleşmezlik üçin bahana arap, «çagam aglaýar» diýmedi. Çaganyň aglany çyn, «iňňä-iňňäni» Meret Pälwanow öz gulagy bilen eşitdi. Bu taýda göwün edere esas ýok, Meret Pälwanow aeroportuň beton düşelen meýdançasyny göz öňüne getirdi. Akula çalym edip duran ak samolýotyň böwründen çykyp gelýän ýolagçylar garşylamaga çykanlara umyt bilen garap, her kim hossaryny gözleýär. Adam pakyryň göwnüni awlamak üçin sähelçe zat gerek. Garşylamaga çykanyň güler ýüzüni görende, onuň depesi gök direýär, mertebesi beýgelýär. Idegsizler oňa gözgidijilik bilen garaýarlar. Meret Pälwanow trubkany göterdi. — Alýow... Bekmi, Meret bimaza edýär. Ýaşuly gelýämiş... hä, öz ýaşulymyz. Irdenki samolýot bilen. Hawa, hawa... Näme diýsene, bi meseläni ikimiz tilpunda çözmäli. Sen nemet: häziriň özünde taksa mün, sary birlik ber, on minutda bize gelýäň. Näme? O nähili myhman? Obadan gelen bolsa, öňünde bir okara çorba goý, güýmensin otursyn. Ä-ä, zawmag diýsene! Zawmag, zawmag... özüňä-hä gaty gerekdiň-aý. ýok, ýok, myhmanyň öýüňde otursyn, geljek bolsaň-a özüň gel... Oh, ýogsa-da şondan bir zady sora-la: plaş almanmydyrlar, finskiý, elli dördünji razmer. Oba magazinlerinde duruberýär, şäherde-hä edil ýyldyrym uran ýaly. Bil şony, soňrak til ederin. Meret Pälwanow teninden ene süýdüniň ysy urup duran akja bäbejigi göz öňüne getirdi. Bäbejik bireýýäm agysyny goýandyr, ejesiniň ak göwsüni sokjap ýatyşyna dere batandyr, ýadandyr, kem-kem gözüni süzüp, indem süýji ukuda ýatandyr. Ene tirsegine galyp, çagasynyň asudaja ýüzüne mähir bilen garaýandyr, usul bilen boşan göwsüni gizleýändir. Edil häzir olara päsgel berip bolmaz, biraz tagapyl et. Üç minut sabyr etseň bolar, ene bäbekli otagyň gapysyny ýapyp, daş çykar... Meret Pälwanow kuhnýadan eşidilen şakyrda tisgindi, tas: «ýuwa-aş!» diýip gygyrypdy. Hernä, diwardan asylgy fotoportreti oňa öýünde oturanyny ýatlatdy. Iň ýamanam, stoluň üstünde ýatan galyň papkany gördi. Papkanyň eýesi irginsiz, ýüregedüşdi, ýoknasyz, göterim aspirant göz öňünde direndi. Halys ýürege düşensoň, Meret Pälwanow ona: «Şu gün işiňi okap gutararyn» diýip söz beripdi. Entek ýüzem açylanok. Ertir işe barmankaň ýoluňy saklap durandyr. Onuň erjelligine haýran galaýmaly. Iki aý bäri ýazylganlyk berenok. Ol erjellik görkezdigiçe Meret Pälwanowyňam höçjetligi artýardy. Häsiýet! Ýogsa, şu ýatan dissertasiýanyň sebäbine, ol kitabyň gatyny açmanam unutdy. Söz berlen zat öňünde ýatyrka, başga zat okan bolup ýörmegem gelşiksiz. Ynsapsyzlyk bolýar. Meret Pälwanow elden-ele geçip, halys daşy kirläp giden papkany bu günem açmajagyna ynandy, arkaýynlaşdy. «Ýaşuly gelýär» diýdi. Direktoryň aýaly daşky otaga çykandyr, indi bimaza edilenine gatyrganyp durmaz. Meret Pälwanow, hamala, şol çaga gapdalynda ýatan ýaly, usul bilen nomerleri aýlady, agzyny eliň aýasynda gizläp gepledi. — Alýow... Bagyşlaň, ýene men bimaza edýän, Meret Pälwanow. – Bi, ýaşulyny garşylamak meselesi bilen... Eger-de ulag zerurlygy ýüze çykaýsa, çekinmäň-de... Hawa... Äý, bolýa, bolýa, beý diýen bolsa, näme ýaşulyň özi gowy bilýändir. Onda-da, birden hyýala münäýseňiz... Hä, şeýlemi? Äý, bolýa hoş, sag oturyň... Meret Pälwanowyň agyr nahardan soň uka meýil edip duran göwresi üstünden sowuk suw guýlan ýaly çuslandy. Ol ak apparata dözümli daraşdy. — Alýow... Bekmi, häziriň özünde eň bärik, ýigrimi minut wagt berýän. Ýok, tilpunyň gürrüni däl. Gel hany, onsoň eşidersin! Direktor aýalyna til edip: «Siz arkaýyn oturyberiň, özüm bararyn» diýipdir. Bu habaryň ýüz prosent dogrulygyna Meret Pälwanow ynandy. Sebäbi, direktoryň aýalynyň sesinde hiç hili galplyk ýa-da aldawa meýil edäýjek äheň duýmady. Mahmal ýaly ýumşak sesde neresse çaganyň sadalygy, kalbynyn päkizeligi bardy. Onun göwüslerini ak süýt dolduryp durka, ona müňkürlik etmek, ynsan diýen belent at bilen bir ýere sygyşjak zatmy eýse?! Meret Pälwanow tolgundy. Ol sonra institutyň işgärlerini ýekän-ýekän göz öňünden geçirip, alty adamyň adyny spisok etdi. Bekmi gapydan giren dessine spisogy onuň eline tutduryp: — Oka — diýdi. — Okadym — Okan bolsaň, indi sen maňa bir zat aýt, şu alty adamdan başga, direktory garşylamaga gidibiljek kim bar? — Wä-ä, siz bar! Meret Pälwanow dodaklaryny berk ýumdy, kanagat bilen çala baş atdy. — Ýene kim? — Başga hiç kim. — A, belki, bi altyň arasynda mynasyp däli bardyr? — Bar. Meret Pälwanow spisogy alyp, has gyzygdy. — Hany, aýt bakaly, kim? — Hemmesi. — Bekmi, oýun etme! Meret Pälwanowyň duýduryş äheňi, lälik çaga bezzatlyk edende, ene-atanyň il gözüne haý-küş eden bolmasyna meňzedi. Bekmi erjellik görkezdi. — Men size subut edip bereýin-dä! — Bekmi spisoga elini uzatdy. — Äberiň şony! — Howlukma, tagapyl et. Biziň bilmeli zadymyz nämeden ybarat: şu alty adamyň haýsam bolsa birine habar edilen bolmaly. Kim şol? Ýaşulyň öňünden çykjagam şol adam... Meret Pälwanow tas: «Orunbasar boljagam şol» diýipdi, dilini dişledi. Bir aý bäri orunbasaryň ýeri boş durdy. Hantama adamlar gije-gündiz çakylyga garaşýardylar. Meret Pälwanowam garaşýardy. Bekmi pikir edip azara galyp durmady. — Weý, ony bilmekden aňsat zat ýok — diýdi. — Tillun edip soraýmaly. — Aýtmazlar. — Size aýtmazlar, maňa aýdarlar. — Seň kim üçin soraýanyňy gaty gowy bilýendirler. — O-how, şolaň arasynda direktoryň öňünden çykjak ýok, walla! Beriň bäri, men subut edip bereýin-dä! Meret Pälwanow bu sapar Bekminiň badyny almady, spisogy berdi, özem ýakymly duýgy bilen berdi. Bekmide kän bir akyl, öwrüm bolmasa-da, sektordaky işgärlerden bir artykmaç tarapy bardy: ynanan adamy üçin janyny orta goýmaga taýýardy. Ylmy işgärleriň köpüsine, ine, şol häsiýet ýetenok. Olar ylym bilen nikalaşmaga taýyn, ýöne ýolbaşçy adam gözlerine güni bolup görünýär. Dogrusyny aýdanda, ylym Bekmiň ýeri däl. Ýigide başda nädogry ýol salgy beripdirler. Indi ony yzyna dolamak gelşiksiz, dört-bäş sany çaga çörek berip otyr. Bekmi ýaly adamlar kollektiw üçin zerur. Olar semente garylýan çagyl mysaly, kollektiwiň beton kimin berkligini üpjün edýärler, hä-ä. Ylma berlen adamlar bilen işlemek kyn. Olar ynjyk, gopbam. Olar üçin ylym iň ýokary derejemiş. Onda fin plaşyny nireden tapmaly? Alym adam geýnüwli bolsa gowy-da. Intelligensiýa! — Meň sora diýen zadymy nätdiň? — Wah, o hiç-le, tapýas! — Bekmi elindäki kagyzyň ýüzüne pitik kakyp, höwesli gürledi. — Bäşimow jyrdy, Kawkazda gezip ýör. Setdarow — nejis! Atasynyň öňünden çykanok, direktoryň näme! Nuryýew... weý, Nuryýew direktoryň obadaşy-ha. — Ana, şondan gork. — He-he, obadaşyny orunbasar goýup bilmez, gorko-or!.. — Şü täze direktor gaty özdiýenli görünýä, — Aýagyndan golsuzy goýberäýmeli, pat! Meret Pälwanow ynjalmady. Bekmini möhüm tabşyryk bilen ýola saldy. Il ýatyp, it uklaýança direktoryň öýüniň töwereginde aýlanyp, gözegçilik etmelidi. Kimiň gelip, kimiň gidýänini bada-bat habar berip durmalydy. Bekmi: — Myhmanymy nädeýin, garaşyp oturandyr? – diýdi. — Bile alyp git, gezelenç bolar. Bekmi hernäme diýse-de, Setdarow Meret Pälwanowa ynjalyk bermedi. Halamaýan adamlary hemişe bedroý şekilde Meret Pälwanowyň göz öňüne gelerdi. Bokurdak ýaly ötelgä meňzäp duran uzyn otag. Diwarlaryň ýüzüne kitap örülen, barmak basara boş ýer ýok. Saçakça çalymdaş äpet jandar diwarlara ýarmaşyp ýör. Wagtal-wagtal agzyndan burugsadyp tüsse goýberýär. Bu jandar — Setdarow. Onuň üçin kitap okamak pisse çakandan enaýy däl: şat! Kitabyň içi boşap galýar... Meret Pälwanow bat alyp-bat alyp, ahyry trubkany galdyrdy. Her nomeri aýlanda kitaplara ýapyşyp duran gorkunç jandaryň mylkyk tenine barmagyny dürtýän ýaly ýakymsyzlyk duýdy. — Alýow... Mämmet Setdarowiç, özüňizmi?.. Giç ýagşy... Meret bimaza edýär. Siz-ä eşidensiňiz, hany, bi, ýaşuly gelýämiş diýen habar nähili?.. Ä?.. Weý, ýaşuly-da!.. Öz ýaşulymyz... edaraň ýaşulusy... Meret Pälwanow tok uran ýaly, birden trubkany siltäp gulagyndan aýyrdy. Trubkadaky galmagal galmady, gaýta aňyrdan gygyrýan adam trubkanyň daşda tutulýanyny bilen ýaly has erjellik görkezdi. — Utan! Utanyň! O nähili saňa «ýaşuly» bolýamyş! Direktoryň ýaşy entek kyrka ýetenog-a. Sen elli ýaşadyň, sakgalyň agardy. Sözüň manysuna düşünmeýämiň, sözlüge seret, bilýänden sora! «Ýaşuly» — türkmen sözi. Özüňden ula ýüzleneňde «ýaşuly» diýmeli. Bi taýyk wezipe girenok, ýaşyna garap diýmeli. Sözüň asyl manysyny ýoýma, eşidýäňmi? Goý, direktor saňa «ýaşuly» diýsin. Ýok, sen tetellä «ýaşuly» diýip bolmaz. Näm bolsaň şo bol, ýöne sözüň manysyny ýoýma, hezil bermen, masgara ederin! Trubka «zy-yk-zy-yk» ses edip başlady. Meret Pälwanow käýindi: «Bi akmak henizem haýsy döwürde ýaşaýanyny bilenog-aý». Bir sagatdan telefon jyrlady. — Alýow... — Bekmidir bi, awtomatdan. Edil häzirjek şolardan bir heleý çykdy. — Kimiň heleýi? Nuryýewiň heleý-ä däldir? — Oňkudan semiz. Butga tarap gelýäler, häzir bileris kimdigini. Ýanynda ogly bar, alty-ýedi ýaşly. — Gowuja syn et, gaty semizmi? — O-how! Şirliň heleýi ýaly-la. Äý, ýok, oňkudan daýanykly. Bäh-bäh, platforma köwşi bar, dürküldisi butgany sarsdyrýar. Saçy zömmek, alkymy üç gat. Goşarynda gyzyl sagat bar... Tanamadym. — Dur, dur... — Meret Pälwanow howlukmaç spisoga seretdi. — Nazarlyň aýalyny görüpmidiň? — Nazarlyň nä, heleýi barmy? — Hawa, bar! Şolam-a semiz bolmaly. — Wä, o semiz heleýini kow-da. O heleý indi Nurýagdyda. Indi görseň şo heleý diýmersiň, horlanypdyr, allanäme. — Bolýa-la, ýeri, indi sen nätjek? — Nädilse gowy? — Sen oňa lak atyp bilmezmiň? — Wah, lak atanyňa görä ýaş-ýuş bolsa, ha-ha-ha, äý, ýanynda çagasy bar, kyn-laý. — Onda neme et: yzyndan galman git. — A, bi, posty nädeýin? — Zawmagy goýup git. Ýet, yzyndan galma, gireň öýüni bildigiň derrew til et. Bar, eň! Meret Pälwanowam dek oturmady. Telefon kitabyndan bile işleýänleriniň familiýasyny, öý adreslerini tapyp, spisok düzdi. Agyr ýitginiň tapylmagyna umyt dörän ýaly, bu işiň derwaýyslygyna şübhe etmedi, gyzygdy. Hiňlendi. Birden tirsegi stoluň çüňkünde ýatan papka degdi. «Ýoknasyz papka ekeni-aýt, haçan görseň bäbenegime dürtülip dur!» Eliniň tersi bilen papkany zyňyp goýberdi, düşen ýerine seretmedi. Täzе sрisogy tаýynlamak ýаrym sаgada çеkdi. Bеkmi jаň еtdi. — Вelläň, şо hеleýi аdresi... çаltrak. — Нä, уzyňdan ýаgy gеlýärmi? — Gаçdym... Ýаzyň: Gоturdepe köçеsi, ýigriminji jаý, kwаrtirasy üç... Вäh, ýаman kоwdular... iki sаny dеgenek, zоrdan... — Tilрuny bаrmy? — Hudaý bilýä. Tas... tas ele düşüpdim, zordan ýöne... Dyzymy agyrtdym, çukur bar ekeni, garankyda... äý, gaty ýykyldym-a! Ýazdyňyz dälmi? Men eglenmäýin-le. — Alýow, bar-da zawmagdan habar tut. Meret Pälwanow Bekmiden müňde bir razy boldy. Ony ygtybarly ýoldaş, jansöýer dost, mynasyp şägirt saýdy. Ol gijäň içinde iňňän agyr kynçylyklara döz gelip, uly-uly çukurlara maňlaýyny urup ýör, şonda-da: «Meň bähbidim näme?» diýenok. Eýse, şoň edýänini jan ýaly doganyň bir edermi?» Etmez! Wah, neresse, häzir dalanan güjük ýaly çola köçeden agsaklap barýandyr, üsti-başy kirşendir!.. Sen öz halypaň ornuny tutmaga mynasyp ogulsyn, Bekmi! Bekminiň beren adresi spisokdaky adresleriň birine-de gabat gelmedi. Meret Pälwanow telefon kitabyny ýaňadan dörüp başlady, ýaýdanmady, gaýta erjellik, şol erjellikden dörän işeňňirlik çaganyň oýna topulyşy ýaly keýp berdi. Näme üçin golýazmalar Meret Pälwanowda keýp döredip bilenok? Onuň pikiriçe, ýazylýan ylmy işlerin gyzyksyzlygynyň sebäbi, olaryň keýp döredip bilmeýänligindendi. Seret, telefon kitabyndan islän adresiňi tapyp bolýar, emma ylmy işlerden islän pikiriňi tapyp bolanok! Ol şeýle takyk pikiriň kellä gelenine begendi. Bu pikir Meret Pälwanowy ýaltalykda, geleňsizlikde aýplanýanlaryň garşysyna degerli delildi. Ol heşelle kakdy: adam gyzykmasa bolmaz, bolmaz! diýdi. Kyrk minutyň içinde üç ýüz sahypa göz gezdirip çykdy. Ahyry tapdy: Ýagşyýew diýen adamyň kwartirasy bolup çykdy. Telefony 8-15-15. Meret Pälwanow kelle döwdi, öňde-soňda Ýagşyýew atly tanyş adam hakydasyna gelmedi. Beýle adam diňe bir institutda däl, tutuş akademiýanyň apparatynda-da ýokdy. Kanagatlandy. Ýene Bekmi jaň etdi, onuň sesi argyndy. — Şo semiz heleýden başga giren-çykan bolmandyr. — Zawmag nirede? — Hol-ha, skameýkada ýatyr. — Turuz, serhoş diýip ýygnaýmasynlar, entek plaş bir tapyp bersin-ä. — Il ýatyp, it uklady, biz-ä gaýdyberjek. — Gaýdýanyň-a ýagşy weli, hany, bi, gül meselesini nädýäs? — O nämäň güli?.. Ä-ä, düşdüm, düşdüm. Wä, ýüzugra parka urdum-şalyk ediläýmese... — Bägül tapsana... Ýaşuly gelýär, how! — Menem äkidermisiňiz? — Hany, sen çemen bogup gel, onsoň görüberýäs. Bekmi pallady. — Bä-ä, Şamyrat ýegenleri turuzmasak bolmaz-ow. — Kime gerek diýseler, zawmaga gerek diýgin. — Heh, zawmag güli başyna ýapsynmy, zawmaga pul gerek. Dyzçanak gaty azar berýä, alyp barýa. — Gaýrat et. Ýagşyýew diýen adam Meret Pälwanowa ynjalyk bermedi. Onuň kimdigini, näderejede direktora dahylly adamdygyny bilse, şondan soň aeroporta gitmäge doly hak-hukuk gazanaýjak ýaly bolup göründi. Öz-özüne: «Ýaýdanma, söz açmaga sebäp ýokmy näme! Ýene bäş sagatdan ýaşuly gelýär!» diýdi. Ýagşyýewlerde trubkany aýal adam aldy. — Alýuw! Bu sözüň aýdylyşynda aňyrdan topulyp gelip, trubkany göteren adamyň sabyrsyzlygy bardy. Çaky, öňden garaşylyp oturylan bolmaly. Meret Pälwanow ýaýdandy. — Alýow... Salawmaleýkim... Biraz gijräk bimaza edýändigimiz üçin bagyşlawerin. Şü, ýoldaş Ýagşyýewleriň öýüdir-dä, hernä? — Hawa, şüý-ä Ýagşyýewiň öýi, hä, kim gerek? Bu şol ýogyn aýaldyr. Bekminiň jyrraýylyp gaçyp barşy Meret Pälwanowyň göz öňüne geldi. O neressäni kowalan iki erkek däl-de, hut şu semiz aýalyň özüdir. Meret Pälwanowy der basdy. — Eger zähmet görmän Ýagşyýewi çagyraýsanyz... — Ýagşyýewi?!. Pauza. — Uklap ýatan bolsa, turuzjak bolmaň, bimaza etmäň... — Ýog-eý, gaýta tilpun edilýänini bilse, o begener. — Aýal sesi ýumşady, ol häzir ýylgyran bolsa gerek. — Ýöne aýyp görmäň, biraz garaşyň, trubkany goýaýmaň, he-he-he, goýaýsaňyz biziň Ýagşyýew gynayar, ýatyp bilmez. — Bolýa, garaşýan... Aýak sesiniň dürküldisi trubkadan daşlaşdy. Semiz aýal ökjesi galyň köwşüni çykarmandyr. Henizem köşeşen däldir. Meret Pälwanow gorkdy, öz adynyň Bekmi zerarly turan galmagala ýöňkelmeginden gorkdy. Trubkany goýaýmak hyýalyna-da mündi, ýöne, garaz, ýene biraz garaşanyny kem görmedi. Eger şowuna düşse, Ýagşyýew bilen bileje gidip, ýaşulyny garşylamak höwesi ony töwekgellik etmäge iterdi. Ýagşyýew direktoryň garyndaşydyr diýen çaklama ynandy oturyberdi. Ýene agyr dürküldi golaýlaşdy. — Alýuw... — Hä, hawa... — He-he-he, tüweleme, sabyrly ekeniňiz bolsa-da! «Sabyrly gul dura-bara beg bolar» diýipdirler, hernä, siziňem beg bolanyňyzy görsedik. Alýuw! — Diňleýän, diňläp otyryn. — Şeýdiň, hemişe tutanýerli boluň. Häzir biziň Ýagşyýew ýerinden turýa, häzir. Men-ä şol adama aýdyp bizar boldum. Tilpuny ýatan ýeriňe geçir diýýän. Ýeriňden galyp ýörmek aňsat düşmez, ýatan ýeriňde arkaýyn gepleş-de ýat diýýän, he-he-he, ňädogrumy eýse? — Trubkada jygyldy, sojama eşidýldi, semiz ýýalyň agyr göwresi oturgyja çökdi öýdýän. — Ýagşyýewiň ýatan jaýy garaňky, penjiresi ýok. Siz entek oň ýaly jaýda ýatyp görmäňizsoň, bilýänem dälsiňiz, hawa. Alýuw.,. — Hawa, diňleýän. — Wah, diňleýäniňize şükür. Hä-ä, ony şo jaýa salamyzda penjiresem bardy, alagadan kerpiç örüp bekläýipdirler. Edil türme ýaly. Siz türmäň içini görüpmidiňiz? — O nämüçin men türmäni görmeli? Türmäni jenaýat eden görsün. — Siz päkize adam bolmaga çemeli. — Semiz aýalyň ýaňsydyjy äheňi Meret Pälwanowa ýaramady. — Wiý, siz adyňyzy bir aýdaweriň. Asyl siz biziň Ýagşyýewi nireden tanap ýörsüňiz? Ýa siz bir ýerden gelip dagy etdiňizmi? — Ä-äý... geldim diýäýsemem boljak. — O gelen ýeriňiziň ady näme? Dowzah-a däldir, ha-ha-ha! Häýt, bandit ýaşykesilen! Meret Pälwaňow şo bada trubkany goýdy. Däli diýdi. Hernä, sowuldygy bolsun! Meret Pälwanow telefon kitabyny ýapyp, stoluň burçuna zyňdy. Hiç kese tilpunam etmeli däl, zadam. Bes, boldy! Emma ýakymsyz pikirler ýoknasyzlyk bilen onuň kalbyna kürsäp urdy. Ol ilki agyr töhmete duçar edilen adamyň alaçsyzlygynda türmäni göz öňüne getirdi. Agyr gapy, belent haýat üstüne abandy. Meret Pälwanowyň dünýäde iň gorkýan zady töhmetdi. Töhmetden nädip goranmalydygyny ol bilenokdy, sebäbi töhmete duçar bolan adamlaryň perişan haly oňa alaçsyzlyk bolup görünýärdi. Şonuň üçinem, Meret Pälwanow ýigrenýän adamlaryna diňe töhmete sezewar bolmagy arzuw edýärdi. Telefon jyrlady. Bekmi jaň edýändir, gül tapandyr. Meret Pälwanow eýýäm güle-de, direktoryň geljegine-de biperwaýdy. Bekminiň buýsançly habaryny eşitmek artykmaç aladady. Umuman, onuň ylgan bolup ýörmesini halamady, dogrusy, ýigrendi. Nepi üçin haýdap ýören gurrumsak, ýaranjaň diýdi. Onuň ýanyndaky zawmagam ýigrendi. Fin plaşyny başyna ýapsyn! Ak apparat tutanýerlilik bilen jyrlaýardy. Meet Pälwanow trubkany iňňän ýaýdanmaç göterdi. — Alýow... — Bandit!.. Trubkany goýmaň näme? Indi menden biidin goýaýsaň eşitmedim diýme. Tilpunyňy şo bada bildiler, adyňam bilýäs, Pälwanow M. Meýid-ä däldir-dä, Pälwanow Meýit. — Semiz aýal howlukman, her sözi çeýnäp aýdýardy. Ol rüstemliginden lezzet alýardy. — It ýaly seňkildäp gaçmaň näme, bigaýrat. Pälwanow bolaýşyňy! Ýa ataňam sen ýalymydy? Öňki edeniň az göründimi saňa? Pully gapjygy eýýäm gurt edensiň, ýene saňa gapjyk gerekdir. Naçar aýalyň elinden sumkasyny alanyň ýadyňa düşýämi? Aý, ýaşykesilen, gaýratyň bolsa, erkege ýapyş, aýal görgüliler bilen nä işiň bar. Trubkany goýma, diňle. Il ýaly syrtyňy derledip çörek iýeňde bolanokmy, ýa halal çörek bokurdagyňa tegek bolýamy? Aý, nejis, utanaňokmy, öýüň bar, tilpunyň bar! Maşynyňam bardyr. Haram pula alan maşynyň bir güň seni gabra äkider. Wah-a, ýaňy, şo gaçyp barýarkaň aýagyň döwüläýse bolmadymy!.. — Gaçan men däl, o gaçdy diýýäniňiz başga adam. Men... men öýde otyryn, öwlüýä kessin, men öýde, men öýden çykamok! Gaçan adama men belet, juda zerur bolsa... ynha, eger duşuşsak... — Gapyl! Onda bi: «Ýoldaş Ýagşyýew gerekdi» diýmäň näme? Ýagşyýewiň bireýýäm ölüp gidenini bilýän dälsiň-ow! Sizmi!.. Siziň tohumyňyzy tüketmeli! Milisiýaň gapysynda ýüzbe-ýüz bir görsem seni, ýüzi gurmuş! Gömül-de öýüňde otur! Meret Pälwanow doňdy. Trubkanyň zyk-zyk sesi beýniden çykýan signala öwrüldi, betbagtlygyň signalyna! Paýhas ondan daşlaşdy, ony diňe gorky herekete getirdi, gurjak oýnunda gurjaklary ýüp bilen herekete getirilişi ýaly! Ol uly portfelini, maşynynyň açaryny aldy, näme üçin alýanynam pikir etmedi, endigine görä aldy. Ýerde ýatan dissertasiýa gözi düşende, aýagynyň aşagyndaky keçä sereden ýaly oňa manysyz seretdi. Soňra aýalynyň ýatan otagynyň gapysyny açdy. Aýaly ýumşak krowatyň üstünde agdaryndy, ýerinden galmady, ukyň arasynda yňranjyrady. — Sorap gelseler, neme... men gitdim, gitdi diý, aeroporta gitdi diý. Ýaşuly gelýä... Meret Pälwanow gapydan çykmanka aýalyny unutdy. Ol soňra aeroporty, direktoryň geljeginem unutdy. Onuň ýeke-täk islegi bardy: telefon jyrlamanka öýden ara açmaly, semiz aýalyň sesini eşitmeli däl. Ony bir hepdeden soň şäherden altmyş kilometr daşlykdaky çola jülgeden tapdylar. Sakgal-murt basan, duluklary owurdyna çöken, geplemegi ýadyndan çykaran Meret Pälwanowy öňi bilen direktor garşylady. Wagtyň geçmegi bilen anekdota öwrülen gep-gürrüňler ýatyşdy gitdi, ýöne Meret Pälwanowdan bir husur welin, hiç aýrylmady: telefon jyrlasa ümsüm ýerinden turup, ümdüzüne tutduryberýärdi. 1979 ý. | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |