ÝAZYLMADYK HAT
Toý mazaly gyzyşyp, kellesi sämäp duran adamlaryň gowry güýjäpdi. Dabaranyň baş sakysynyň nobat bererine-de garaşman, indi ikibir-üçbirden özbaşdak bada götermäge başlanlaram bardy. Ol düşnüklidi.Ýöne başga bir düşnüksiz ýagdaý ýüze çykdy. Belent goşa tamyň arasyndan peýda bolan aýal, hanja ýörejegini bilmeýän ýaly, ortalykda aýak çekdi-de, ýaýdanjyrap durdy. Onuň öňünden çykanam bolmady, hödür-kerem edenem. Bir zatdan çekinýän ýaly, assyrynlyk bilen töwerege garaýan aýal, asla toýa gelene-de meňzemeýärdi: köne ýaglygy başyna çümre atynypdyr. Köpçülikden ýygrylýandyr hasap etseňem, ol heniz bular ýaly toý märekesini görmedik ýaş gelnem däl, ellini töwereklän zenandy. Ahyr ol toýuň esasy nokadyna—ýigit bilen gyzyň oturan kejebä meňzedilip edilen aýmançasyna tarap ýöneldi.Şonda-da oňa üns beren bolmady. ”Hiç kimiň gözüne ilmeýänimem, tanalmaýanymam kem däl”.
Toýa ýene bir myhmanyň gelendigini diňe ol aýalyň baryp oturan ýerindäki orta ýaşan adam aňyp galdy. Onda-da nä aňmak. Ol adam terzi üýtgäp ugran ýüzüni gapdalyndaky boş oturgyçda peýda bolana tarap öwürdi-de, agy – garany saýgarmaýandygyny özi aňdyrdy. ”He, goňşy jan, geldiňmi?!” – diýip, täze geleni ýaňy ýanyndan turup giden adam yzyna dolanandyr öýden serhoş wazzyklady. – Saňa azak guýaýynmy, goňşy jan? Aýal sesini çykarmady. Goňşusy bolsa, şuş-şu mahal eden hödürinem unudyp, özi özüne guýan içgisini başyna çekdi. Şonuň bilenem “goňşy jan” gutarnykly ýatdan çykdy. Gelen aýal bolsa, toýçularyň dünýäni sil alsa-da duýmajakdyklaryna az begenmedi.
Uzyn boýludygy otyrka-da bildirýän inçesagt ýigide nazary düşenden ýüregi jigläp, başy aýlanyp gidensoň, birneme özüni dürsemek üçin aşak sereden aýal ýaňadandan ýüzüni galdyrdy.”Boýy Nurmyrada çekse-de, ýüzi meňki” Öýlenýän ýigit toýa gelen aýal üçin henizem iki ýaşyndaky çagady. Şonuň üçinem aýalyň gulagyna çaganyň tanyş sesi gelen ýaly boldy. Ýöne aýalyň isleýän sözi welin eşidilmedi. ”Ýaýlym janyň sesi indi nähilikä?”. Ýaýlym janyň sesi nähili-de bolsa, onuň toýa gizlenip gelen aýalyň ýürekden eşitmek isleýän sözüni aýdaryndan aýtmazy ýakyndy.Ol sözi başga bir aýal eşitmelidi.
Toýa gelen aýal özüni şagalaňda däl-de, ümüre ýugrulan tukatlygyň içinde ýaly duýdy. Töwerekdäkiler meý içip serhoş bolsalar, ýaglygyny çümre bürenen aýal öýlenýän ýigide seredip oturmakdan bihuş boldy.Ol ýigidiň ýanyna has golaý barmak, onuň mährinden ganmak isledi. Emma bihuşam bolsa, tolgunmakdan ýaňa özüni ýitirse-de, täze çatynjalara mundan beter golaýlamaga özüniň haksyzdygyna welin düşünýärdi. Çünki toý myhmanlarynyň arasynda ony tanajaklaram, onuň bu gün bu ýerde peýda bolmagyna düşünjegem, düşünmän geňlejegem, ýigrenjegem bardy. Has beteri-de, onuň bu toýdan masgara edilip kowulmagam ahmaldy. Ýöne gyýa bakjak gözlerden goraýan çümre atylan ýaglyk oňa toýy görkezse-de, ony töýçulara görkezmeýärdi. Aýal garady-bakdy welin, ýigide seretmekden alynýan lezzetiň ornuny tiz wagtdan ezýet eýeledi.
Ýaglygyň astynda gözýaşa örtülen goşa göreç diňe hasraty görkezýän tutuksy dürbä öwrülip, onuň bagryna ot guýdy. Aýal şoňa-da kaýyldy. Ýaýlymy hasrat perdesiniň aňyrsyndan görmäge-de razydy. Ýöne hasratly begenjem uzaga çekmedi. Wagt bir çaka baransoň, ýigit bilen gyzy goşa tamyň birine tarap alyp ugradylar. Toýa giç gelen aýalyňam ýüregi şolaryň ýany bilen gitdi.
Täze çatynjalary alyp barýanlaryň arasynda ýüzüne şatlyk nury çaýylan bir dolmuş aýal ýigit bilen gyzyň daşynda pelesaň urýardy. “Nyrmyradyň aýaly bolmalydyr.” Kimiň bagtyna kim guwanmaly! Eý,Taňrym! Dabarasy gaty belentden tutulan bu toýy şu mahal görer gözden çekinip, bukulyp oturan çümre ýaglykly aýal geçirmelidi ahyryn. Ýigit bilen gyza eýemsiremelem, daşynda kebelek bolmalam, iliň gutlugyny kabul etmelem şol aýaldy ahyryn.
Ýigit bilen gyzy özüniň intizar nazaryndan gizlänlerinden soň, bu ýere ozalam toý küýsäp gelmedik aýala durarlyk galmady. Onuň erän ýüregii Ýaýlymyň yzy bilen beýik jaýyň belent bosagasyndan aşyp, içerik akyp gitdi. Onuň özi bolsa, ýüreksiz boş göwrä öwrülip, goşa tamyň aňyrsyna duwlandy. Derrewem köçede peýda boldy.
“…Hawa, Ýaýlym jan, men derrew köçä çykdym-da, seň toýuňy toýlap, şäher ugra gidýän bir nätanyş myhmandan tünegime taşlamagyny haýyş etdim. ”Nätanyş myhman” diýdimmi? Asyl ol toýda kakaň ikiňizden gaýry hemmeler meň üçin nätanşa golaýdy ahyryn. Ýok, bu aýdanymam takyk däl. Diňe kakaň maňa tanyşdy. Sebäbi men tanasamam, sen meni tanaňok. Ogly öz enesini tananok. Aýylganjam bolsa, bu ajy hakykat. Ol hem durmuşyň maňa görkezýän gazaby däl–de öz etmişimiň beren hasyly. Sen oňa şu haty okap çykanyňdan soň göz ýeirersiň. Ýöne öňi bilen sen meniň adresimi belle: Şäher, Çetki kenar petiginiň on üçünji laýy, üçünji otag.
Şu hat ýazylýarka, sen, Ýaýlym jan, giň otagda gelniň bilen ikiçäk oturyp, oňa ejeň-kakaň kimdigini, olarýň neneňsi tapylgysyz adamlardygyny gürrüň berýänsiň. Kakaňy öwmegiňe menem goşulýan. Nurmyrat, dogrudanam, tapylgysyz adam. Ejem diýip öwýäniňem gowy adamdyr. Tanamok, ýöne gowudyr. Gowy bolmasa, ol beýdip seniň daşyňda kebelek bolmazdy. Men onuň bolşuny öz gözüm bilen gördüm.Ýöne sen bir zady bil, Ýaýlym jan. Seniň hakyky ejeň başga bir aýal bolmaly. Onuň adyna Ogulhesel diýilýär. Şol men bolmaly. Men ýap-ýaňylara çenli hem Ogulhesel däldim-de, Olýadym. Özüme Olýa diýlip ýüzlenilse gowulyk, medeniýetlilik diýip kabul ederdim. Indi bolsa men Olýa däl. Ogulhesel daýza boldum.
Men nesibämden ilki çykan bagtymyň bagtdygyny äsgermän, bagt diýip betbagtlyga ymtylypdyryn. Kimiň mamla, kimiň bimamladygynam wagt kesgitleýär eken.Ýöne wagtyň bir namart tarapy – diňe öňe gidýär, yza aýlanmaýar. Onuň şeýledigine-de adam pahyr ömri paýawlap, boljak iş bolansoň düşünip galýar. Wagt yza aýlansa, men baryp kakaň öňünde dyza çökerdim.Wagt yza aýlansa, ýaňky toýda seň daşyňda bigäne aýal däl-de, men pelesaň urardym. Men ol aýaly-da ýigrenemok. Ol meni zor bilen öýümden çykaryp, duluma geçenok. Men, gaýta, oňa hormat goýýan. Sebäbi ol aýal ýaňy üç ýaşyňa gadam basaňda çagalar öýünden alyp, saňa enekelik etdi, ýok, saňa ene boldy. Men hemme zatdan habarly,Ýaýlym jan.
Mähriban perzendim… Meniň saňa “mähriban” diýmäge-de, “perzendim” diýmäge-de hakym ýok. Men täze sataşanymyň raýyny ýykmajak bolup, seni çagalar öýüne taşlan wagtym sen entek “eje”-de diýip bilmeýärdiň. Şonuň üçinem Hudaý maňa enelik nesibesini bagyşlanam bolsa,”eje” sözüni eşitmekden özüm özümi mahrum etdim. Etmişim üçin Hudaý maňa göz görkezenok, özüm özüme jeza berdim.Ýöne giňgursak bolsa-da, birinji günämi geçen Hudaý gaýdyp rehimdarlyk etmedi – senden soň perzende ýüzüm düşmedi. Indi mende ýanýoldaşam ýok, perzendem. Men ýalňyz.Täk özüm bir darajyk hütdükde ýaşaýan. Ol hütdük meniň dowzahym. Öz elim bilen gurup, öz aýagym bilen içine giren dowzahym. O dünýädäki çyn dowzaham munça ýokdur. Ozal daşymda janamana bolanlaram, edil ganatlary gyrlan ýaly, indi töwereimde görnenok.
On bäş ýyl mundan ozal mende saňa eýelik etmek meýli hem döredi.Ýöne ”Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” – diýip, maksadymy goýbolsun etdim. Dogry edipdirin. Seni almak üçin goh turzan bolsam, üç adamyň durmuşyny bulaşdyrardym. Özüme bähbitli netijesi hem boljagyndan bolmajagy ýakyn şol hereketi etmänime indi begenýärin. Ol ädim men tarapdan iki bigaýratlyk, iki ejizlik bolardy. Her kim ýakan oduna özi ýahsyn.
Ýaýlym jan, sen elbetde, meniň günämi hiç mahal geçmersiň. Oňa men hem kaýyl, hem akyl ýetirýärin. Indi söýeýin diýseňem, seniň meni çyn perzentlik mähri bilen söýüp bilmejegiň belli zat. Men seniň üçin ýat adam. Enä mätäçkäň, iki ýaşyňdakaň seni taşlap bilen enäni ýigrimi ýyldan soň nädip söýjek! Ýöne adresimi ýene bir gezek ýatladaýyn…
Syr saklanym bilenem indi meniň ýagdaýymyň düzeljek gümany ýok. Hakykaty senden ýaşyrybam durmaýyn diýdim. Belki, meniň ýalňyşym, Hudaý daş etsin welin, seniň goýberäýmegiň ahmal telek ädimiň ädilmezligine sebäp bolar.
Tünegim telefonsyz. Asyl onuň geregem ýok. Men indi kim bilen gepleşeýin? “Tiz kömek” bilenmi? Zerur bolsa-da,oňa jaň edip hasratymyň ömrüni uzaltmak islemen. Dünýäde diňe bir adamyň sesini eşitmek isleýän. Ol hem, telefonym bolaýanda-da, maňa jaň etmez. Sebäbi men onuň sesini eşitmezlik üçin zyňyp gaýtdym. Indi men hiç kime, özüme-de gerek däl…”
Öňünde ak kagyz bilen galam ýatsa-da, entek diňe hyýalda ýazylan hatyň mazmyny barada ýene bir gezek oýlanan Ogulhesel onuň üstüne ýeke söz hem goşmady. Ol diňe hat ýazylmaly ak kagyzy dört eplemek bilen çäklendi.
Darajyk jaý içgysgynçdy. Öçügsi çyranyň ýaýradýan tutuksy şöhlesi içerini hasam agyr edip görkezýärdi. Atam eýýamynda çalnan reňki-de sypyrylyp ugran ýalaňaç tegelek stol, çöken köne diwanyň arkasyndaky birki petlesi-de çüýünden sypan solgun haly, aýak astynda tozup giden bir bölek palas ozalam gaty ýagdaýly öýe idi-yssywat edilmeýändiginden habar berýärdi. Düýnde-öňňünde içerä sübse çalynmanyny-da görnüp duran hapaçylyk aýdyp durdy. Bu öýde ertesi hakda oýlanmaýan, dünýäden doýgun adam ýaşamalydyr diýip çak etseň, çakyň ýalňyş çykjak däldi. Burçdaky içinde meniňki bolsady diýdirjek gap-gajy ýok hapa aýnaly bufetiň bir böwründe Ogulheseliň başdaşy Nurmyradyň suraty bardy. Ýigrimi ýyl çemesi mundan ozal aldyrylan suratyň şu mahala çenli saklanmagyna öý eýesiniň oňa bolan söýgüsi däl-de, ahmyry bilen ökünji sebäp bolupdy.
Ortasy çöküp giden diwanyň üstünde gaýyga münen ýaly bolup, çugutdyryp oturan aýal, dört eplän kagyzyny hem alyp ýere düşdi. Gapa tarap ýönelende-de Nurmyradyň suraty ony bufetiň deňinde saklady.Telim ýyl bäri, günde-günaşa bolýan şol bir ýagdaý ýene gaýtalandy.”Ogulheselden Olýa jana, indem Hesel daýza öwrüldiňmi?”
Ýaşyp barýan dolan Aýyň solgun şöhlesi gündogaryň çalaryp başlamagy bilen çakyşyp, yşygyny has-da ýitirensoň, şäheriň üstüne birhili tutuksy perde örtülen ýalydy.Töwerek içgysgynçdy. Ogulhesel bu mahal näme üçin daş çykanyna-da düşünmän, gündogar tarapa nazar aýlady. Äleme ýagtylyk çaýmaga taýynlanýan gündogar tarapda Gojuk obasy bolmaly. Giň dünýäde özi aýratyn dünýä bolup görünýän şol kiçijik obadan başga zat ýok.
Çetki kenar petiginden ýigrimi-otuz ädimlikde derýa uzalyp ýatyrdy.Onuň üstündäki agaç paýapyl alagaraňkyda inçejik asfalt ýol ýaly bolup görünýärdi. Häzip ol ýer gum-guklukdy.Ýuwaşjadan ädimläp barýan aýal paýapylyň üstüne çykdy, ümüş-tamyşlygyň arasyndan parahat akyp ýatan suwa esli salym seredip durdy. Birdenem ol elindäki kagyzy maýdaja böleklere bölüşdirip, paýapyldan aşak sepeläp goýberdi. Soňra ol gapdalyna garady. Gapdalda petik diýseň petik –aňyrsy köne haýata diräp gutarýan keltejik köçe göründi. Aýal yns-jynssyz içgysgynç petige tarap ýöneldi…
Atajan TAGAN.
Hekaýalar