13:12 Ýeñişiñ fotosuraty | |
ÝEÑIŞIÑ FOTOSURATY
Publisistika
Waşington Donald Trampa garşy gönükdirilen terakt synanyşygyna howatyra-gorka düşmezden öñ Kennediler maşgalasy hakda täze we diýseñ gazaply ýazylan kitaby okamak bilen meşguldy. Kennediý bilen Trampy deñeşdirmezlik mümkin däl. Bu deñeşdirmede aýallar bilen gatnaşyklarynda Tramp prezident maşgalasynyñ gatnaşyklary bilen deñeşdirilende hamana bigünä ýaly bolup görünýär. Adyny prezident Jon Kennediniñ eden çykyşyndan alan "Sorañ" kitaby maşgalanyñ erkekleriniñ biografiýasynyñ mälim we nämälim hadysalaryny bir ýere jemleýär. Aýallar bilen binika gatnaşyklary tarapdan tanalan kaka Žozefden başlap üç ogly, prezident adalat ministri Bobbi we iki erkek dogany ýaly prezidentlige kandidaturasyny goýan senator Edwarda çenli uzaýar. “Ask Not: The Kennedys and the Women They Destroyed” kitabynyñ awtory Maurin Kallahan şeýle diýýär: "Erbet adamlar gowy aýallary azaşdyrýar, aldawa salýar, taşlaýar, arakhora öwürýär, deformasiýa we ölüme terk edýär". Sanaw uzyn we gynandyryjy. Edward Kennediniñ uýasy awtoulagynda ölende munuñ üstünden bardy. Başga bir aýal "Jip"-inden zyñyldy we ömürboýy maýyp bolup galdy. Maşgalanyñ aýallary barada aýdanda bolsa, gyz dogany Jo-Enn garaşlylyk kliniki merkezinden çykarylyp, başga bir kliniki merkeze ýerleşdirilýärdi. Beýleki bir uýasy Meri özüni asyp bu dünýäniñ azabyndan dyndy, üçünji uýasy Roza Meri bolsa başdan geçiren operasiýasyndan soñ gepläp bilenokdy. Hemme zat pul bilen we aýal-gyzdan doýmaýan açgöz kaka bilen başlanýar. Ol aýallara öýüñ bir goşy ýaly garaýar we Kallahan "bu häsiýet prezidentden başlap çagalaryna-da geçen bolmaly. Ak tamyñ işgärleriniñ biri prezidentiñ hut köşkdäki dynç alýan otagynda ýanyna üznüksiz girip-çykan blondinkalary kabul edendigini aýdypdy" diýýär. Myş-myşlar, habarlar, gep-gürrüñler ABŞ-nyñ bu iñ meşhur maşgalasynyñ söbügini sypdyrmaýşy ýaly, hiç bir maşgalany yzarlamady. Bularyñ iñ meşhury Merilin Monronyñ prezident Jon we onuñ adalat ministri bolup oturan dogany bilen ýakyn gatnaşygynyñ bardygy sebäpli öz janyna kast edenligidur. Prezidentiñ ölüminden soñ jedelli grek millioneri Aristotel Onassise durmuşa çykan we äre çykmagynyñ üstünden iki hepde geçensoñ, Onassise-de ikilen eden dul aýaly Žaklin hem gep-gybatlardan gutulyp bilmedi. Propogandanyñ ýa-da biziñ günlerimiziñ dili bilen aýdanda "mediýa" ölçeginde Trampyñ pornoaktrisalaryñ biri bilen gezýändigi adaty zat ýaly bolup görünýär. Bu adam garşydaşlaryny legendar nesibe galkany bilen ýere serýär. Uruşlarda we saýlaw kampaniýalarynda adamlaryñ añynda ýekeje fotosurat galar. Trampyñ özem şeýle fotosurata eýelik etjek derejede bagtlydy, garşydaşy häzirem janynyñ sagdygyny, aklynyñ düzüwdigini subut etjek bolýan ýaly hars urup ýörkä, gaýduwsyz kandidat ýumrugyny bulaýlap, jümle-jahana pitjiñ atýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 17.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |