13:52 Ýer yranmasy / hekaýa | |
ÝER YRANMASY
Hekaýalar
- Agşam ýer yrandy. Duýduňyzmy? — diýip, bolümdäki aýallar irden işe gelen batlaryna biri-birlerinden sorap başladylar. - Alla jan-eý, özüň goraweri. Ýüregim ýaryldy-la — diýip, Uly ylmy işgär Kümüş Söýäýewa ýakasyn towlap, üç sapar içine tüýkürdi.—Tutuş jaýymyz leňňer atyp dur gyz... - Men-ä hudaý ýoluna ýedi çapady aýtdym—diýip, Oguş Dönmezowa çalnyp ýerinden turdy-da, hemmeler eşider ýaly dabara bilen— A gyz, şol iki arada tutuş bir janlyny hudaý ýoluna aýdyp goýberiberse näme, ol saňsar ärim... - diýdi. - Gowu-da, gyz. - Gowusy bormy, hany, oňa pul. Ýöne, olam, beýdäýmeli däl-ä, ýer yrandy diýip. Iller-ä aýtsa iki kilo köke aýdýar, şuň ýalyda. — Ol elini agzyna ýetirdi — A gyz, hakyt gaty gaharym geldi-dä. Gaharyma, ýeriň ikinji sapar yrananynam duýmandyryn-da... Bölümiň beýleki uly işgäri Güljan Berdiýewa ýylgyrdy-da, öz gezegini aldy. - Uf, ýaman gorkduk, gyz. Işden baryp, derrew şark-şurk edägetdin, gowy jylka etim bardy. Ony bal ýaljak edip gowurdym. Üstüne garaburç, otjagaz sepişdirdim. Bazardan gowja, ýumşajyk çörek alypdym. Onam saçaga goýup, geçen ýyl ýapan şorja hyýaram açdym. Olam bir gowy bolupdyr-la, gyz. Iýip, doýup bolanok. Onsoň şeýl bir iýip-içdiuk, çaýam demini alypdyr. Onam derläp içip, kreslo geçdik. Ol kreslo-da Polşanyňky-da, gowňy garniturym bar-a, şonuňky. Olaryň hersiniň üstüne-de özüne şaplaşyp duranja el halysyny ýapypdym. Adamym birinde, men birinde, "Sony“ telewizoryna seredip otyrys. Olam bir uly, bir uly, täzeje. Özem gaty dury görkezýär. Görseň, edil kinoteatra baran ýalydyr. Agtyjygymam ýere düşelen ýedilik el halynyň üstnnde, süýnüp, ýassanyp telewizor görýär. Aýallar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Güljan Berdiýewna başyny ýaýkady. - A gyz, iliň gözi gidip ýören şol stenkam şakyrt etdi. Birden tisginip gitdim-de, agtygyma gygyrdym: - Mergen, stenka "Adidasly“ aýagyňy degirme — diýdim. - Ene, men stenka aýagymy degiremok - diýdi, çagajyk. Özem bir akyllyja, edebiň öýi. Zybrym bäşlik bilen okaýar, gündeligini görkezerin... — A gyz, stenkamyň içindäki ellä golaý hrustal gapjagazlar, “Monoliza“ tarelkalar ýene şakyrdady-da... Men ýene agtygyma gygyrdym: - Mergen, aýryl o halynyň üstünden, bar, hol täzeje dörtluk el halynyň üstüne geç- diýdim. Oňa çenlem ýokardan asylgy ullakan, gaty gymmat hrustal ilýustram yranyp gitdi. Adamym-a, gymmat "Adidas“ spott kostýumly ylgap daş çykdy. Meniňem şol wagt elime ileni "lama“poltom boldy. Agtygymam derrew "Ýunkos“ köwşüni geýip ylgap daş çykdy. A gyz, gorkyma agzymdaky forfor dişlerimiň düýbi agyryberdi... Güljan Berdiýewanyň bu gürrüňinden soň bölümdäki aýallaryň birindenem ses çykmady. Megerem, indi olaryň hersiniň ýüreginde ýer yranýan ýalydy. Öwezdurdy NЕРЕSOW. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |