09:11 Ylmyña görä gürle! | |
YLMYÑA GÖRÄ GÜRLE!
Publisistika
“SAÑA bu kitaby inderen OL. Munuñ aýatlaryndan bir kysmy muhkemdir (pugtadyr) ki, bu aýatlar, kitabyñ enesi (düýbi) diýmekdir. Beýleki bir kysmy-da mutaşabihat aýatlardyr.” ("Aly-Ymran" süresi, 3:7). “Mutaşabihat” (Муташабиха́т — неясные, трудно понимаемые аяты Корана, которые представляются для толкователя неясными и нуждаются в предположениях) näme diýmek: Many taýdan birden köp many añlatma ähtimallygy bolanlygyndan düşünmekde kynçylyk çekilen labzy-sözi añladýar. Aýatdaky labyz-söz öz gezegi bilen başga aýatlaram dürli manylary añladyp biler. Ýagny, käbir aýatlaryñ manysyny diñe Alla bilýär. Bu ýagdaý hadyslar babatda alanda-da şeýle. Geliñ, indi görüñ: Allanyñ ylmy bilen inen mutaşabihat aýatlary-da (ýa-da hadyslary) her öñýeten özüçe düşündirip ýör. Ýogsa-da, hojaependi tagsyr, seniñ ylmyñ nedir? Diñe dili gürleýär. Meselem, ýoldan çykarma-azaşdyrma hereketi käbir aýatlarda göni manyda gelse, käbirinde göçme manyda gelýär. Näçe işan-molla munuñ gizlin manysyny biljek mertebede? Yslam hukugy-fykh temasyna girjegem däl. Her özüni din alymy saýýan fetwa berýär. Aslynda şeýtanyñ oýnuna gelýär... Diñe şu "köpbilmiş" mollalarmy, dini syýasy maksatlar üçin ulanýan syýasatçylaryñ bulardan näme parhy bar? • MALAZGIRTI HER KIM BIR ÝANA ÇEKÝÄR Malazgirt ýeñşini seljuklylar baýram edip belledimi? Ýok. Osmanlylar belledimi? Ýok. A respublika? 1960-njy ýylyñ 27-nji maýynda harbylaryñ hökümete el uran wagtyna çenli Malazgirt ýeñşi öñ hatarda däldi. Bu barada ýazylan giñişleýin işlerem ýokdy. 1960-njy ýylda soñra "Döwletimiziñ düýbüni tutujy Gazy Alparslan we Malazgirt dessany" ady bilen kitap çap edildi. Yzyndan Türkiýäniñ Ýaragly Güýçleriniñ taryhy. Malazgirt meýdan söweşi" ady bilen" kitap çykaryldy. Ýöne. Malazgirt ýeñşini baýram etmegiñ üns merkezine düşen we döwlet derejesinde resmi taýdan bellenip başlamagy 1971-nji ýylyñ 12-nji mart harby agdarlyşygyndan soñ boldy. 60-njy ýyllardaky çäkli medeni çäreler 1971-nji ýylda prezident, premýer-ministr ýaly ýokary döwlet ýolbaşçylarynyñ gatnaşýan dabarasyna öwrüldi. Bu barada ýazylýan işler köpeldi. 1960-njy, 1971-nji ýyllar tötänlik däldi, döwlet agdarlyşygyny gurnan harbylar jemgyýetiñ gözünde gadyr-gymmatlaryny artdyrmak üçin Malazgirt ýeñşi ýaly harby-taryhy üstünlikleri öñ hatara çykardy. Malazgirtiñ türk we harby üstünligine 90-njy ýyllardan soñ yslamçylygam goşuldy. Meselem: "Refah" partiýasy saýlawlarda üstün çykyp, Ankara munisipalitetini ele alandan soñ "Malazgirtden Dumlymynara" ady bilen köpçülikleýin-medeni çäreleri gurnady. Baýramçylygyñ birinji güni "Hajybaýram" metjidinde möwlit okadyldy we ş.m. Her syýasy gatlak bu şanly ýeñşi öz bähbidine görä belleýänem bolsa, men bular ýaly medeni çäreleriñ geçirilmegine garşy däl. Emma şu hakykaty bilmegiñiz gerek: 1071-nji ýylyñ Malazgirt ýeñşi seljuk türkmenleriniñ guramaçylykly ýagdaýda Anadola giriş taryhydyr. Ýogsam bolmasa, türkler şondan kän owal Anadola gelip ýerleşipdi. Rimden Osman imperiýasyna miras galan zat - ýere gollanýan adminstratiw, harby, sosial-ykdysady sistema fema (тимар — военный лен, представляющий собой условное феодальное земельное держание, существовавшее у доосманских тюрок и в Османской империи вплоть до отмены военно-ленной системы) wizantiýa goşunynda gulluk edipdirler. Şeýle-de, wizantiýa goşunynda ýokary söweşjeñ ukyply hakynatutma türk esgerleri bardy. Selçuk türkmenlerinden kän ýyl owal peçeneg türkleri Anadola gelip ýerleşdi. Eý-ho! Alparslan Anadola girmezden öñ onuñ köregi Ärbasan wizantiýa köşgünde harby geñeşçidi! Ýa uzlary alyp göreliñ? Gep uzaldyp oturmaýyn, hojaependileriñ aýatlarydyr hadyslary düşündirişi ýaly, her öñýeten özüçe resmi taryh ýazýar! • IÑ ULY GOLDAW KIMDEN? Erdogan 30-njy awgust güni Kütahýada Beýik Ýeñşiñ ýüzünji ýyly mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin medeni çäreleriñ açylyş dabarasyna gatnaşanda şeýle diýdi: "- Ýaşlar, şuny unutmañ! Hindistan musulmanlarynyñ gizlinlik bilen Ankara ugradan 600 müñ altyny Uly garşylyklaýyn hüjümi gurnamak üçin gerekli ykdysady çeşmäni düzüpdir." Edil Malazgirt ýaly Erdogan her meselä sap dini nukdaýnazardan seredýär. Sowet Soýuzynyñ ugradan puluny ýatdan çykartmak isleýär! Edil hojaependiler (işan-mollalar) ýaly sap öz düşünjesi bilen düşündiriş berjek bolýar. Elbetde, Hindistan musulmanlary pul ugradypdyr. Muny inkär edip bolarmy, heý? 1921-nji ýylyñ dekabryndan 1923-nji ýylyj oktýabr aýyna çenli Hindi halyfatlygy komitetinden gelen kömekleriñ jemi 130 müñ 250 iñlis sterlingine barabardy. Puluñ belli bir bölegi goşunyñ gerek-ýarak zatlary üçin ulanyldy. Belli bir bölegi "Osmanly" bankynda ýörite hasapda saklandy we Türkiýäniñ "İş" banky açylanda ulanyldy. Ýagny, Uly garşylyklaýyn hüjümde onçakly ulanylmady. SSSR-den gelen nagt puly (ýaraglary, ok-därileri ýazjagam däl) ýatladaýyn: 1920-nji ýylyñ iýulynda 100 müñ altyn rubl... Şol ýylyñ oktýabrynda 100 müñ altyn rubl... 1921-nji ýylyñ martynda 4 million altyn rubl... Şol ýylyñ aprelinde 1,4 million, noýabrynda 1,1 million, 1922-nji ýylyñ maýynda 3,5 million rubl we başgalar... Diñe Azerbaýjanyñ eden pul kömeklerini muña goşjagam däl. Sözümi jemlär bolsam: Söz sözlemek jogapkärçilikdir. Yslamy syýasatyñyza serişde etmäñ, haýyş edýän! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |