YSNYŞYK
Gije yarymdan agyberende telefonyň çasly sesine allaniçigsi bolup oyanan seyis aňyrdan berlen habary eşidensoň:
– Be, eygilik bolsun-da hernä, bir emmasy bolmasa, janawar beydip elden- akdan çykybermeli-hä däl-diyip, telefonyn düwmejiklerini basdy. Donuny egnine atyp, howlukmaçlyk bilen daş çykdy. Üzümli peliň gyrasy bilen bäş-üç ädim ätledi. Soňam bir zat yadyna düşen yaly hyrra yzyna öwrülip, gapa geldi. Adamsynyň öwzaýynyň bozulanyna ynjalmadyk aýaly:
— Eygilikmi atasy-diýip, onuň aladaly ýüzüne garady.
— Eygilik-le, yöne Akhan bir ynjalyksyzlyk tapypdyr, oglanlar basga düşyärler.
— Wiy olar yaly bolsa eglenmäweri.
— Wah, bular entäk yaşda,yogsäm atyň gözüne seredeniňden onuň näme küyseyänini magat bilse bolýar-a.
Bu yerde oglanlary gönertlär yaly hiç zat yok. Özüňem yaşkaň şolardan üytgeşik däldiň-le. Indi kör düyäň köprüden geçensoň anjayynsyran bolyaň.
Seyis ayalynyň aydanlaryna geň galyjylyk bilen gulak gabartdy. Başga bir wagt bolan bolsa oň bilen çyna berimsiz jedelleşerdi. Oýna çydaman onuň tosaň-tosaň edişine, içi-içine sygman gülerdi. Arman hazir ýeri däldi. Şonda-da hakym köýenden... diýenlerini etdi:
—Görýän welin keýwany diliň dagam edil törpä dönüp barýar-ow.Seň ýadyňa oýun düşýä, meň bolsa içimi it ýyrtýar. Ganatym bolsa uçup baragetdin Akhanyň halyndan habar aljak.
Aýaly ýene-de teýenesini sürtdi:
- Näme bu keserip duran maşynyň guşdan pesmi ýa-da indi garrylyk basmarlajak bolýamy? Entejig-ä irräkdir, goja!
Aýalynyň bu sözleri igenmek üçin däl-de, özüni az wagtlyk bolsa-da gam-gussadan halas etmek niýeti bilen aýdýandygya düşünen seýis hoşamaý ýylgyrdy. Ol muny aladasynyň azalany sebäpli däl-de, aýalynyň ünjüsini egismek edipdi.
Çaltlyk bilen ýola düşen seýsiň ýadyna dört-bäş ýyl ozal bolan bir waka düşdi...
...Athanada uzakly gün surnugan seýis oglanlara ýeke-ýeke tabşyryk berip, ýola şaýlanmakçy bolup durka hol beýleden:
--Seýis aga ýeteweri, Meleguşa bir döw-ä çaldy-diýip habar etdiler. Seýis örgökden geldi. Toplumda iň saýlama atlaryň birine göz açyp-ýumasysalymda näme bolup biljegini hakydasynda aýlap,belli bir netijä gelip bilmedi. Onsoň töweregidäkiler eşider ýaly azym bilen gürledi:
--Äl -aýt bular at janawar sähel gulagyny keýerdip, hokransa «haý seýis aga ýet» bolaýmalydyr öýdýärler. Oglan, sered-ä, sebäpsiz çöpbaşy gymyldanog-a. At janawaryň syzgyrlygyny hiý goýaý. Ynsana gaýra dur diýdirýän ýerleri kändir-ow, kändir.
Öz-özi bilen sözleşip at ýatagyna girip giden seýis uzyn däliziň iki tarapyna düzülen atlary synlap barşyna Meleguşyň gabadynda saklanndy. Dogrudanhem atyň oňki bolşy ýokdy, haly teňdi.
Ahyrasyna guýlan arpa-da, pürdelen desse ýoruja-da gelşi-gelşi ýaly, başy bozulman durdy. Bu zatlary synlan seýis atyň alkymyna dykylyp bardy. Onuň maňlaýyny, ýalyny sypalady. Owadan boýnuna, sagrysyna elini gezdirdi.Hemişekileri ýaly emaý bilen gabaklaryny galdyryp, alma gözlerine bakdy. Aşaky dodagyny gysymlap, elini ýokarky dodagyna golaýladandan, werziş bolan at pallaýan şekilde agzyny açdy.Seýis onuň diliniň üstüni synlady. Soň elini atyň bykynyna goýup gyzgynyny barlady.Howsala düşer ýaly üýtgeşik zat duýmady.
—Be, bir emmasy bolmasa-ha bi janawar gulaklaryny gyrpyp, hokranyp, başyny dygysyz yrap durmazdy. Şu mahal daş çykarsaňma-a baş bermän ümdüzüne tutduryberjege çalym edýä bolşy. Nämedir bir zada gahar edýä öz-ä. Ýogsam göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer. Gözüniň agy ak, garasy gara. Uzyn kirpikleriniň çygjaryp durmasy diýäýmeseň başga çirik ýok-diýip seýis atyň daşynda pelesaň kakdy.
Şeýle-de bolsa Meleguşyň ýüzüniň salyklygy ony iňkise goýdy. Töwereginde adam-gara bolmasa-da, kimdir birine gürrüň berýän şekilde gepledi:
—Atamdan öwrenenim-ä şular. Nähoşlugyň zerre alamatyny tapmadym. Sussypesliginiň sebäbini başga ýerden agtarmaly.
Seýis şeýle-de etdi.
Athanada işleýänleriň ählisini diýen ýaly tanaýardy. Diňe has soňrak işe gelenleriň içinde birlän – ikilän ýetik tanamaýanlary hem bardy. Ata-babasy at bilen meşgullanan bolsa-ha/ ýedi pyştyna beletdi.Onsoň kimden näme çykjagyny ýüzüne seredenden aýdardy.
Seýis ozaldan belet işgärleriniň hiç birinden zat oslamdy. Ýöne ýaňy ýokary okuw mekdebini tamamlap bu ýerde işe başlan oglanlary synlap başlady. Onuň nazary ilki bilen düýn Meleguşy gezime çykaran Kemalda eglendi.
Gözleri ýeserlik bilen oýnaklap duran ýaş ýigit seýsiň çakylygyna irinmedi. Ýöne özyni uly halypanyň duýdansyz çagyrmagy ony azda-kände oňaýsyz halada goýdy. Seýis bu ýagdaýy duýan badyna oglanyň göwnüne güman gitmez ýaly hoşamaý gepledi:
--Bedew ýaly edepli haýwan ýokdur. Muňa imrineniň iki dünýäsiniň abat boljakdygyna şübhe bolup bilmez. Muny göre-göre gelýäs. Süňňi arassalygy bar zatdan beter eý görýändir. Köp gepleýänem unap barmaz. Onsoň başarsaň sözsýz düşnişjek bolmaly-da janawar bilen.
Seýis assyrylyk bilen gürrüňdeşini synlady. Ýaş ýigidiň ýüzünde peýda bolan galagoplugyň sebäbini biljegem bolman, onuň özüniň dilýararyna garaşdy. Şeýle-de boldy. Ýigit müýnli gepledi:
- Bagyşlaň halypa, Meleguşyň halynyň teňligine men sebäp bolan ýaly bolup durun.
-Aty ilkinji gezek diýen ýaly gezime alyp çykyşyň-a oglan seň, näme gep boldugy bi?
--At aýdyşyňyzdanam duýgur eken.
--Duýgur eken, duýgur eken! Näme aýdylany käkeläp otyrsyň, aýt yzyny!
Oglanyň dili tutuldy.
--M.. men neme, Seýis aga!
-- Men men diýip ýer depip durma-da gönüle-dä, how!
Seýsiň sesi adaty sesinden azymlyrak çykandanmy, nämemi ýigit galdyrady.
--Meleguşy ilkinji gezek gezime alp çykyşym, gaty duýgur eken.
--Näme diýjek bolýaň, oglum! Sen näme bu ýere ozal gelip görmänmidiň?
--Gelpdim. Athanadaky atlaryň köpüsi bilen tanyş. Ýöne at bilen atyň arasy ýer bilen gök ýaly diýýädiler welin, şoňa-ha göz ýetirdim.
--Düşnükliräk aýt, inim!
Seýsiň sesi gazaplyrak çykdy. Ýaş ýigit oňa bir hili geňirgendi, aýtmasyz bir zady aýdaýandyryn öýdüp, garajany galmady, aljyrady.
--Aljyrama köşek, at bilen iş salyşjak bolsaň dar gursaklygy unutmaly. Gaharyňy ýuwtmagy başarmaly. Aty gezime çykaraňda gaty seresap bolmaly. Aýdýan her gepiňe üns bermeli. Başarsaň az geplemeli.
Seýis yzyny aýtman ýaş ýugidiň ýüzine sorglyly garady. Soňam usullyk bilen ýene-de onuň taryna kakyp gördi:
--Wiý, ýogsa-da aty gezdiren pursatyňyz näme gürrüň etdiňiz?
kemal geňirgendi:
- Üýtgeşik gürrüň edenimiz ýadyma düşenok.
- Hany ýadyňa saljak bol!
Oglan oýlandy. Ara salym bermänem ýylgyrjaklap hiç zat bolmadyk ýaly hezil edinip güldi. Seýsiň muňa gahary geldi. Kemal muny aňyp derrew bolşyny üýtgetdi.
--Neme-laý, seýis aga, Arslan ertirki çapyşykdan Meleguş galdyryldy-ha- diýdi. Başga bolan zat ýok.
Indi seýise ähli zat aýan boldy. Ol:
- Edeniňiz bar bolsun, başga merk gerekmi- diýdi-de, at ýatagyna tarap öwrüldi.Kemal onuň yzyndan garap galdy. Seýis gele –gelmäne Meleguşuň maňlaýyny sypalady. Hem-de oňa ötünç soraýan şekilde ýüzlendi.iň ýakyndostuna ýüzlenýän şekilde ýüzlendi:
- Meleguş, sen boýnuňy burup melul bolma. Oglanlaryň aýdan sözleri asla boljak zat däl. Sen ýaryşa hökman gatnaşarsyň! Men saňa söz berýän.
Seýsiň sözlerni eşiden Meleguş göýä üstünden agyr ýük aýrylana döndi. Başyny ikiýana silkip,uzyn-uzyn kişňedi. Ol göýä hoşallyk bildirýän ýaly, boýnuny seýise tarap taýly gezek uzadyp hokrandy. Meleguşuň ynjalanany görüp süňňi ýeňlän seýis athanadan çykan badyna oglanlaryň ýanyna geldi. Olaryň telek iş edendiklerini, at diýilýän janawaryň gaty namysjaňdygyny aýdyp ertirki geçiriljek ýaryşyň guramaçylarynyň ýanyna gitdi. Oglanlar hem ondan galmadylar.
Seýis bolan wakany birin – birin düşündirip, ertirki ýaryşa Meleguş goşulmasa, atyň göwnünde düzedip bolmajak bertigiň galjakdygyny aýtdy. Ussat seýisiň aýdanlary ýer aldy. Meleguşy ýaryşa goşdular...
Bu gezegem şu zeýilli bir zat bolandyr diýip oýlan seýis her näçe jan etsede üýtgeşik bir zat aňyp bilmedi. Akhan diýseň tolgunýardy. Hamana ol ula goýberiljek ýaly özüni beles alyp barýardy. Uçganaklap durdy. Ýüzünde-gözünde argynlykdan, gam – gussadan nyşan hem duýlanokdy. Sübse ýaly guýrugyny iki ýana bulap athananyň içinde iki ýana towlanýardy. Gözlerini giň açyp bütin töweregi oňa sygdyraýsam diýýän ýalydy. Gijäniň birçene barandygynda garamazdan irkileýinem diýenokdy. Töweregindäki iki ýeke gözlerini süzüp, duran ýerlerinde irkilmäge meýil edýän atlary hem zol –zol kişňäp bimaza edýrdi. Ol bu mahal näme hereket etsede gelişýärdi. Hamana sirkdäki öwredilen atlaryň biri gelip, köpçüligiň öňünde çykyş edýäne çalym edýärdi. Hemişe beýle ýagdaýa duş gelmedik ýaş oglanlar halypalarynyň bir zat aýdaryna garaşýardy. Goja seýis bolsa entek dymýardy.
--Ömrüme at janawaryň ýaryşda yza galyp, şoňa-da namys edip, horkuldap edil adam ýaly aglap duranyny, gije düýşürgäp, basyrganyp ber- başagaý bolanyny, görüp haýran galan ýerlerim az bolmandy. Ýöne entek at janawaryň özüni şeýle şadyýan, buýsançly, joşgunly alyp baran ýerine gabat gelmändim. Aý, hawwa-da bu janawaryň tebigaty şeýle. Bir adam dilinde sözlänok diýäýmeseň, ynsanyň beýleki häsiýetleriniň ählisini ganyna siňdiripdir. Nepesi-hä düzüw hudaýa şükür! Ertire çenli tagapyl etsek, belki bir uç çykar. Gel bir sellem gözlerimiň awusyny alaýyn. Oňa çenlem ýa pelek. Seýis athananyň işgärleri üçin niýetlenen otaga baryp, ýumşak diwana özüni goýberdi. Uzak günüň argynlygy, agşamky dartgynlylyk seýsi-de onuň ýanyndaky oglanlary-da halys surnukdyrypdy. Ýöne hiç kim ýadawlygy duýanokdy. Şeýle-de bolsa ýumşak diwan olaryň süňňüni gowşadyp, ymyzgandyrypdy.
Emma Seýisiň gözüne uky gelenokdy. Çyra söndürilen soň tüm ýaly jaýda gözlerini pugta ýumup irkiljek bolýardy. Emma uky daşdady. Edil şu pursat at bilen baglanyşykly oglanlyk ýyllarynda bolan ýene bir waka onuň ýadyna düşdi...
Ol ýylyň gyşy juda ýumşak gelip, «bu ýyl goşa ýaz boljag-ow « dýdiripdi. Kiçi çillede-de, uly çillede-de o diýen sowuk bolmandy. Hatda gara gyşyň örküjinde hem suw şatylap doňup, ýere gyraw düşmedi. Kämahal – kämahal ýagýan ýagyşyň hem birhili ýylysy bardy. Muny käbirleri: «herki zat bolmaly möwritinde bolsa ýagşy. Ýer doňup, sörtük şemal öwüsmese peýdasyndan zyýany agdyk bolar. Zyýankeş mör-möjekler gyşda gyrylmasa, ýazda otuňam, tomusda beýleki ekinleriň hem mazasy bolmaz» diýse, başga birleri: «ýalaňaja ýaz ýagşy, bolawersin hernä. Köne oturan ot- çöpi yklap parç bolan gyrtyçdan goýun – guzy arkaýýyn alynyp biljek, herna uzagyndan bolsun!» Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýipdirler, soňuna syraýmasam bolýandyr- diýip, ozalky ýyllary ýatlaýanlar hem tapylýardy. Şeýle günler tä nowruz geçýänçä dowam edýärdi. Ondan soň welin çarwalaryňa aladasy ýetýärdi.
Bu ýylam şeýle boldy. nowruzyň yzysüre ýazlaga göçüldi. Garry seýis maşgalasyny ugradyp aýy güni ýeten baýtalyny iýdip ýola düşdi. Ýogsam ýaş ýeleňleriň:
- Getir ata, özümiz barjak ýerine ynjytman elteli, siz atly ýa arabaly gidiberiň- diýip, mürähet edenler hem boldy. garry seýis olara hoşamaýlyk bildirdi:
- Taňryýalkasyn, köşekler, siz arkaýyn gidiberiň. Häzir bu janawaryň halyna menden gowy düşünýän ýok.
Atasynyň her sözüne ozüçe düşünip otyran alty-ýedi ýaşly oglanjyk üçin bu gürrüňler hem gyzykly, hemem edil matal ýalydy. Ol atasynyň tohum baýtaly hiç kime ynynmaýandygyna buýsandy. Birden özünden ekabrrak oglanlara ynanyp, baýtalyň jylawyny ellerine beräýerem öýtdi.Ýöne Atasynyň «ýok» diýen kesgitli jogaby oglanjygyň keýpini göterdi. Ol daşyna çykarmasa-da içinden:» Baý, atam oňar-da, näme menem bar-a, «alyp git» dijek bolsa, diýip birnäçe gezek gaýtalady.
Ýazlagçylaryň goş golamlary ýüklenen arabalar gün öýleden kemsiz agandan soň Daýhangüzer diýen ýere bardy. Olary çopan- çoluklar höwes bilen garşylap, her maşgala üçin taýýarlanan çöp çatmalara ýerleşmäge kömek etdiler. Ýoluň argynlygy, alabaharyň ynjyklygy ula-kiçä öz täsirini ýetiräýjek ýaly görünse-de, çölüň arassa howasy ýakymly çigrekli agşam, goýun – guzylaryň mäleşýän, ýaltalyk bilen üýrýän itleriň sesi diýäýmeseň ýaýla ümsümlikdi. Gijäniň bir çene baranlygyna seretmezden entek çaga-çugalaryň hem ukusy tutanokdy. Iki-ýeke garry eneler "ulyň hem, çagalaryň hem edähedidir, ýerleri üýtgese gözlerine çiş kakylan ýaly wagty bilen uklamazlar" diýip jibrinerdi. Muňa gönümel düşünen çagalaryň ýorgana girip, eýläk-beýläk agdarylyp, zoraýakdan ýatjak bolýanlary-da bardy. Olaryň biri garry seýisiň agtygydy. Ol tä atasy gelýänçä çirim hem etmedi. Haçan-da enesi:»atasy geläýdi öýdýän»diýip, daş çykandan soň, ýorgandan sogrulyp, çatmadan daşaryk boýnuny uzadanda enesiniň:
- Sag aman geldiňmi, atasy-diýenini eşidip, yza götünjekledi.
Garry seýis baýtaly gazygyna iltäp durşuna jogap gaýtardy:
- Gelmesine-hä geldik welin, bu janawary kösemedigem bolsam biri. Ýoluň ýarpysyny geçenimden soň, birhili ynjalaksyzlyk tapyp ugrady. Ýogsam, gyssap beýlekem edip durmadym. Maýdalyna garadym.
--Hudaý bardyrda atasy, haýwana ynsana özi garaşyk edewersin!
- Şeý diý keýwany.
Garry seýis başga hiç zat dimedi. Onuň häsiýetine ýetik aýaly uzak eglenmän, çaý -suwuň aladasy bilen boldy. Atasynyň aman – sag gelenini gören agtyk ýene-de uklamak hyýaly bilen ýorgany başyna çekdi...
Ir bilen enesiniň:
- Gözüň aýdyň, atasy! Höwri köp bolsun – diýen sözüne oýanan agtygy bir bada nirede ýatanyny aňşyrman alasarmyk ýagdaýa düşdi. Soňam gözlerini oýkalap daşaryk çykdy. Ýerden naýza boýy galan Günüň şöhlesi gözlerini gamaşdyrsa-da, atasynyň ýaňja doglan taýçanagy agyzlandyrjak bolup durşuny görüp, oňa tarap okduryldy.
--Ata, şu meň taýçanagym gerek?
--Hawwa oglum, seňki.
--Ady näme, ata?!
--Ady--didi-de garry seýis sägindi.
Onýança-da Çary çopan peýda boldy:
--Seýis aga, ýazlag-a size düşdi. Hol-ha seret hemişe ýalky dogrup ýören geçiň üçem owlagy boldy. Üçüsiniňem alny sakar- diýip, ullakan çagşyl ahylyň güneş tarapynda üçem owlagynyň daşyn da pelesaň kakýan geçä tarap ümledi. Birdenem garry seýisiň bar ümdüşigini berip duran taýçanagyna gözi düşdi. Ol:
--Tüweleme, höwri köp bolsun! Aýtdyma men ýazlag size düşdi diýip, aýlowlary baglajak at bolup ýetişsin! Adyna näme goýduň seýis aga?
Garry seýis bir agtygynyň, birem Çary çopanyň ýüzlerine seredip:
--Oňlasaňyz Owlaksakar bolaýsyn -diýip ýylgyrdy...
Owlaksakar ýazlagda garry seýisiň agtygy bilen şeýlebir ysnyşdy welin, diýip- aýdar ýaly bolmady. Ol ysnyşyk uzak ýyllar dowam etdi. Olaryň biri-birine yhlasy bedewi-hä owadanlykda, ýüwrüklükde öňüne at geçirmeýän derejä, garry seýsiň agtygyny bolsa, ýurduň tanymal atşynaslaryň birine öwürdi...
Süýji ýatlamalaryň kölünde jany aram tapan seýisiň Akhan ýadyna düşdi. Oglanlary oýaraýmaýyn diýen niýet bilen assa basyp, daş çykdy. At ýatagyna golaý baryp synlamagabaşlady. Akhanyň ýüzüni Günbatara tutyp, şol hokranyp durandygyny görüp hyýalyna gelen pikirini daşyna çykardy: - Akhan, gaýrat et! Seniň uzak gije başdan geçiren tolgunmalaryň syryny açjak Günüň dogjak wagty uzakda däl. Seýisiň pikirini duýan ýaly Akhan owadan kellesini silkdi. Bütin göwresine agram berip, nazym bilen kişňedi. Onuň ýakymly saza meňzeş owazy bütin jülgäni ýaňlandyryp gitdi. Bu ahwalaty haýran galyp synlap duran seýis edil şol pursat dag tarapdan gelip, athananyň agzynda saklanan ýeňil maşyny görüp, gözlerine ynanmady. Maşyndan ýeňňillik ýylgyrjaklap düşen Gahryman Arkadagymyz Akhana tarap ýöneldi. Bedew çar paýa galyp, şol owadan sesi bilen ýene-de bir kişňäp, bu şatlykly wakany bütin töwerege ýaýdy.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar