02:43 Ýylgyrdýan joram / hekaýa | |
ÝYLGYRDÝAN JORAM
Hekaýalar
Ýylgyrmaga mejbur edýän adamlary gowy görýärin. Dogrusy, olara gözüm gidýär. Olar hezil edip ýaşaýan, ýaşap oňarýan adamlar ahyr. Gündelige bellikden. Şonuň ýaly joram bar. Şol joramy ýatlamak ýakymly. Ýadyma düşse, ýolda, köpçülikde-de bolsam, ýylgyrýan, käteler dagy jak-jaklap gülýänem. ,,Wah, meniň sadaja joram” diýip gülýän. Ýok, onuň üstünden gülýändirin öýtseňiz-ä ýalňyşarsyňyz. Oňa men uly hormat goýýaryn ahyry.Dogrusy-ha, oň ýaly jora mende ýeke-de däl-le. Hawa, ol barada Tuwak ilki gürrüň berende gözlerim ýanyp gitdi. Göresim geldi. Meniň hem Tuwak ýaly başga adama öwrülesim geldi. Lezzeti barmyş. ,,Äkit meni, äkit, äkidäý-dä menem işiňe. Baraýaýyn-da şu gün işiňe” – diýip, ahyr yrdym. Tuwak işde wagty barsaň, päsgel berseň halanok. Onda-da halys özelenip ýöremsoň: ,,Bolýa, baraý bir gün” diýäýdi. Şondan soň bir boşrak günüme peýläberdim. Bir gün Tuwak:,,Örän ähmiýetli adam. Wah, giç tanyşypdyryn-da. Ýöne herhal tanyşdyk näm bolsa. Wah, mundan 15-20 ýyl ozal dagy tanşan bolsam, onuň ähmiýeti hasam uly bolardy. Baý-baý-baý-baý, men-ä gürlemämi goýaýdym. Eňegine jaň dakylan ýaly. Birje sekundam duranok-da. Ulumy-kiçimi, aýalmy-erkekmi, çagamy-çugamy, akyllymy-akmakmy, sowatlymy-nadanmy, baýmy-garypmy, bagtlymy-bagtsyzmy, sagatmy-näsagmy, oňa parhy ýok, garşysyndakyň kimdiginiň. Agzyna näme gelse gürleýär. Akyl berýär, ýeri, kime gerek diýsene?! Öwünýär, käşgä tanamasadyk. Agzyndan çykýanyny gulagy eşidýär, ýöne aňşyranok, düşünenok. Ol ýarawsyz. Ýarawlygy ýok. Şoň üçin hemmeler geçirýär. Deň bolup duranok” diýip, jyzyrdap gapydan girdi. Şondan soň-a hasam göresim geldi. Onuň bilen tanşyşym şeýle boldy. Men Tuwagyň iş ýerine sagat 11-lere bardym.Nurnabat şol wagt ýerinde ýok eken. Hawa, Nurnabat onuň ady. Şeýdemde ony has oňatja synlap bolaýjak diýen terzde Tuwagyň iş stolunyň garşysyndaky boş oturgyjyň durşuny biraz gyşardypjyk, özümem joňkarypjyk oturdym. Bilesigelijiligimden ýaňa partlap barýardym, ýöne bildirmänjik ümsümje otyrdym. Özümi hamala bir çynlakaý iş-alada bilen gelen ýaly görkezjek bolup, Tuwak bilen hymy-symy eden bolup, gürleşen bolýardym. Ine, gapydan girdi yranjyrap, uzyn boýly, bugdaýreňk, ullakanja gözli bir gyz. Hawa, onuň gözleri adatdan daşary ullakanja eken. Göz okarasy-da (bilemok göz hanasymy, bäbenegimi, göz almasymy, garaz göze degişi bolan ähli zady, umuman lükgeligine gözüň özi) biraz bolmaly ýerinden öňe süýşen ýaly. Wiý, ýogsa-da bildim, gabak ýok. Umuman, göz çukurjykda ýerleşmän, tekiz ýerde ýerleşen ýaly. Hawa, çaganyň ýumrujagy ýalyjak iki sany togalajyk zat burnuň iki tarapyndan güberip çykyp, loňkuldap dur. Şol wagt birinji kelläme gelen:,,Ýaradan gözi çukuryň içinde ýerleşdirip, dogry edipdir. Asyl olar çukurdan çyksalar boljagam däl eken” diýen pikir. Ol alçak eken:,,O-o-o, gör, bize kim gelipdir?! Bizde kim myhmançylykda, tanyşdyryň-da?!-diýip, gapydan gireninden maňa lak atdy. Özi-de dürli dillerde gürleýär. Türkmençe gürläbilmedik bolup:,,Gör, nähili owadanja gyzjagaz. Bujagaz gyz kim?!” diýdi, ýylgyryp elimi gysdy. Menem çalaja ýylgyryp:,,Salam” diýdim. ,,Salam, eýjejigim!” – diýip, onuň dili-de süýji eken. Dogrusy, maňa ,,owadanja, gyzjagaz, eýjejik” diýen sözler ýarady. Haýsy 30 ýaşan gyza şeý diýilse ýaramaz?! ─ Tanyş bol, menden uly uýam-Laçynbibi. ─ Menden uly?! Näçe ýaş uly?! Tuwak işinden ünsüni sowman:,,Üç” diýdi. ─ Onda bu menden 5 ýaş dagy uly eken-ä.Siz hakyky doganmy?! ─ Hawa. ─ Onda nämüçin munuň gözi gyýak?! ─ Hawa, gözi gyýak şunuň. Soňky döwür-ä hasam gyýalyp barýar. Yzgytsyzlygyndan, ynjyklygyndan şeýle bolýarmyka diýýäs biz-ä. ─ Bilýäňmi, sen ýaly gyýak gözlüler näme etmeli?! Sered-ä keselliň gözleri ýaly süzüljiräp dur-a bulaň – diýip, ol ykjamlanyp oturdy. Onsoň ol maňa meniň gözlerimiň nähili boýalmalydygyny öwretdi. Gyýaklygyny biraz düzedýän gaşyň formalaryny salgy berdi. Eger men gaşlarymyň formasyny onuň žurnaldan görkezen formalary ýaly etsem, onda meniň gözlerimiň gyýak hem süzükligi kän bir ünsi çekjek dälmiş?! Şonda gözlerim ýanyp durjakmyş ullakan bolup. Şöhle saçyp durjakmyş. Tuwak:,,Aýtdym-a menem saňa:,,Gözleriňi boýa” diýip. A sen bolsa:,,Gözleriňi diňe kitaby köp okap nurlandyryp bolar (şöhlelendirip bolýar)” diýen bolýaň. Kitap dälmi, gaýta gözleriň şöhlesin alan. Öçüksi seň şu gözleň” – diýip, oňa hasam ot berip goýberdi. Umuman, maňa özüme seretmek gerekmiş. ─ Tuwak, doganyňam edil özüň eken. Şaý-sep dagam dakynanok eken. Zenan özüne seretmeli. Barmaklaryna ýüzük dakynmaly, boýnuna zynjyr dakynmaly. ─ Aý, biz-ä şo zatlara kän bir ünsem beremzok. O zatlar esasy zatlar dälmikä diýip ýörüs. ─ Ýok, sen birinji nobatda zenan maşgala – ol ýanyma geldi-de- Seret, meni ýüzüksiz ömürem görmersiň. Men ýüzüksiz ýekeje sekundam gezip bilemok ─ diýip, her biri tomzak ýaly ýaşylmy, melemi gaşly ýüzükli barmaklaryna gözümiň öňünde tans oýnatdy. Men onuň suwulganyň eljagazlary ýaly gysgajyk ellerini, pontujak barmaklaryny, ösdürilip az-kem ulaldylan maýasy kiçijek dyrnajyklaryny görüp, dogrusy-ha, aýasynyň darajyk, goşawujynyň ýalpajyklygyna ýüregim gysdy, ýöne bildirmän ýüzükler, gaşlar bilen gyzyklanan boldum. Onuň gaşlardan baş çykarýanyna, olary düşünip dakynýanyna haýran galan boldum. Muňa ol bolubilenini boldy. ,,Seret, seniň barmaklaryň bogunlary ýognap ugrapdyr. Ýüzük dakynmaýanyňdan şü. Ýüzük girip-çykyp dursa, sülük ýaly barmaklaryň bolar seniň” diýdi. Ondan soň ele-ýüze nähili ideg etmelidigini öwretdi. Gör-le, asyl el üçin, ýüz üçin ýaglar öndürýän dünýä belli kompaniýalar bar eken-ä. Ýalpyldawuk žurnallaryndan görkezdi. Bäh, meniň şu yzagalak, obalylygym galman geçjek-dä. Bäş ýyl paýtagtda ýokary okuw mekdebinde okap, meniň bu zatlardan habarsyz bolup ýörşümi?! ,,Palanynyň palan-palan kitaplaryny okamaly sen” ─ diýip, maňa birgiden daşary ýurtly psihologlaryň, ýazyjylaryň kitaplaryny ýazyp berdi. Sebäbi men ruhdan düşenmişim, sustum pesmişin. Men suslukdan çykmalymyşym. Iş otagynda Tuwakdan başga-da iki adam işläp oturansoň, men biynjalyk gürleşýärdim. Oturanlaryň biri menden ,,baglanyşyk” diýen sözüň nähili ýazylýandygyny sorady. Men agzymy açýançam Nurnabat:,,baglanşyk” diýdi. Ol adam:,,Baglany-şykmy ýa baglan-şyk? Üçünji bogunda ,,Y” harpy barmy ýa ýok? – diýip, gaýtadan tekrarlap sorady. Nurnabat bir gezek batlyja edip:,,Biz baglany-şyk diýemzog-a, baglanşyk diýýäs. Onuň özi bary-ýogy üç bogun. Hawa, üçünji bogunda ,,Y” bar ,,-şyk” diýenimizde, ýöne ine ,,baglany-dan soň ,,Y” ýok” ─ diýip, birynamly aýtdy weli, menem indi şo ýerde ,,y”-ýyň barlygyna şübhelenip ugradym. ,,Orfografik sözlügiňiz” ýokmudy?! Sözlükden görmeli-dä” diýip, gümmü-sümmä urup duran bolaýdym göni. ,,Arkaýyn ýazyberiň, baglanşyk şol!” Hökümli çykan sesden soň gürrüň gutardy. Iş otagdaky iki adamyň beýlekisi, ýagny ,,baglanyşyk” diýip nähili ýazylýandygyny bilmeýänden beýlekisi krossword çözýän eken. Ol: ,,9 harp. Ikinjisi we dördünjisi ,,a”. Seljuklaryň yslam dinini dabaralandyrmagyň hormatyna guran söweşi” diýip soragyň şertini okap-okamanka, Nurnabat ,,Dandanakan!” ─ diýip, humarly gygyrdy. Krossword çözýän:,,Ýok, ol söz on harp. Bu ýerde bolsa dokuz öýjük bar” diýdi. Şeýle bir çekeleşik, şeýle bir jedel, şeýle bir goh turdy weli, ,,Bäý-bä, Damdamakan söweşem şundan gohly bolan däldir” diýdirdi. Iň soňunda Nurnabat kesgitli:,,Krosswordy düzen ýalňyş düzüpdir. Gazetçiler şolar ýaly zatlara kän üns bermeýärlermiş” diýdi weli, bu mesele-de çöp döwlen ýaly boldy. Men şol gohda Nurnabatdan gorkujygyma Malazgirt söweşi barada dil ýarmanjyk – yňkymy çykarmanjyk oturdym. Dogrusy-ha, men onuň pyssarmagyny islemedim. Goý, ruhubelent, dogumly, ynamly ýaşasyn ýörsün. ,,Adamlara iň bolmanda şol kömegimi bir edeýin” diýýän-dä. Krossword çözýän ýaşulam näme, gazetiň indiki sanyndan biler-dä dogry jogaby. Nähili gow-a, Nurnabat ýaly adamlar bilen bile işleseň. Işem ýeňil gidýär. Bu hili adamlar bolsa senenama-da gerek däl, sagadam. Sözlükleriňem hiç bir görnüşi-de gerek däl. Ýeňillikler. Hezillik. Sorabermeli. Aýtmaga ýaltananoklar. Hemme zady bilýärler. Olar ýaly adamlar araňyzda bolsa aýlyk hasabatlar taýýarlanylanda hasam gowy bolýar. ,,Şu aýda näme işler edipdig-ä?! –diýip oturmaly däl. Plar ýadynda hasabat ýöredýärler. ,,Aýyň palançasyna palan ýere gitdik, palan işi etdik, palan hili ýa möçberde netije gazandyk” –diýip, ýadynda ähli zat. Arasynda gidip, hatda başlyga-da işi nädip guramalydygyny öwredip gelýär. ,,Entek ýokary okuw mekdebine girmänkä, taýýar hünärmen-ä bi” ─ diýip, başlygam öwýärmişin ony. Şol gezek ol bize köp zat öwretdi. Garaz biz adam tanamzokmyşyk, adamy tanamagy öwretdi. Adamlara dogumly hem nagt-nagt, pert-pert jogabyny bermelidigini öwretdi. Adamlary gürletmelem dälmişin.Her kimi öz ýerinde oturtmalymyşyn. Ýogsa äsgermeýärmişler adamlar. ,,Jogabyny şo bada bermelidir. ,,Wagt görkezer” diýip ýörmeli däldir. Wagt Pälwany arka tutunmaly däldir” diýip öwretdi. Hawa, onuň özi dogumly. Şol-a Wagt Pälwan bilen göreş tutup, agdarybam urup biljek ony. Hoşlaşykda meniň oňa: ,,Köpräk oka sen!”- diýip, bary-ýogy ýekeje maslahat beresim geldi. Ýöne ol hem oňa gerek däl. Ol ähli kitaplardan hem, ylymlardan hem, awtorlardan hem habarly. Ylym ýüki ýetik onuň. Şondan soň ol ikimiziň sözümiz alşyp gitdi. Ol maňa ýigitleri nädip özüňe bendi etmegiň inçe syrlaryny hem öwretdi. Jilwe taşlap, näz-kereşme etmegiň özem inçe sungat, giden ylym eken-ä. Hawa, men indi şol joram bilen dört ýyldan bäri tanyş. Geleňsizligim zerarly 34 ýaşap gidipdirin. Ýogsa şonuň diýenlerinden, öwredenlerinden netije çykaran bolsam, onda birmahal durmuşa çykyp gitmeli ekenim. Haý, men guraýyn. Düzelmän geçdim-ä. Laçyn PÜRJÄÝEWA. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |