ZAMÇA
Üçünji klasda okaýan Eziz ýene-de aglady. Ony öz klasdaşy Çary bilgeşleýin urup, ýykypdy. Çary ekabyrdy, güýçlidi.
Eziz çagalygyndan gowşakdy.Ol häzirem gowşakdy. Emma juda zehinli okaýardy. Bu gün mugallym Çarydan öýe berlen ýumşy sorady. Çary bilmedi. Şonuň üçin mugallym oňa ikilik goýdy. Eziuz welin öýe berlen ýumşy oňat bilýärdi .Şonuň üçin ol bäşlik aldy. Ol hemişe-de diňe bäşlige okaýardy.
Arakesmede Çary ony itip, ýykdy-da:
- Eger ýene jikjerilseň, mekdebiň guýysyna taşlaryn - diýdi. Çary öňem bir oglan bilen urşanda, ony göterip mekdebiň suw alynýan çuňňur guýusyna taşlapdy. Şonga ol okuwçyny zordan çekip aldylar. Ol oglanjygyň eli döwlüp, bir aýlap keselhanada ýatypdy. Ýöne Çaryny bäş-on gün mekdepden kowsalar hem, soň ondan dilhaty alyp, okamaga mekdebe goýberipdiler. Çary betligini göýmandy.
Eziziň ýekeje ýagysy bardy. Olam Çarydy. Eziz Çarydan basylýardy. Çary her gün Ezize azar berýärdi.
-- Men olaryň ot küdesini otlaryn.Daş bilen penjireleriniň aýnasyny kül ederin.Tokaýda örklengi sygyrlarynyň ýüpüni keserin - diýip, Eziz gaharyna samrady. - Ine, görersiňiz, men ondan arymy alaryn.
-- Däli ýaly, näme samraýar-aý, ol - diýip, Çary oňa ýene haýbat atdy.
-- Seniň näme hakyň bar meni urup-horlamaga. Men seniň içiňi ýakaryn, Çary däli...
-- Aýtsaň mugallyma aýdarsyň-da, bar, aýt, mugallymyňdan gorkýan adam ýok, seniň...
Eziz jübüsine otluçöp, pyçak salyp, atasynyň ýanyna gitdi.Atasy Sapar aga öleňdäki melleginde, ekinlere göz-gulak bolýardy. Mellekde ýaňy bişip başlan kyrkgünlükleriň, zamçalaryň ysy tutuş howany gaplapdy.Eziz goňşulary Çarynyň özüne azar berýändigi barada atasynyň ýanynda köp zeýrenýärdi. Ýaşuly bolsa, „özüm käýýärin“ diýýärdi-de, goýaýýardy. Atasynyň sowuksalalygyna Eziziň gahary gelýärdi.
--Ata, aý ata - diýip, Eziz ýylan gören ýaly has-has edip, atasynyň ýanyna geldi. - Hemişe „özüm käýýärin“ diýip ýörsüň, han-a, şol oglan, maňa azar berýän, käýe-dä, indi. sen oňa käýejek diýdiň-ä...
Ýaşuly mellegiň gapdalyndaky ýol bilen öleňe tapap geçip barýan oglanjygy gördi.Ol ýagşy bişen ullakan sary zamçany ýoldy-da, agtygyna berdi.
- Me, şuny Çary jana eltip ber. Ikiňiz dogansyňyz-a!
Eziz ýaýdandy.Ýöne atasynyň diýeni bilen boldy.
--Eý, Çary, dur! - diýip, Eziz Çara gygyrdy.Çary , her näçe çekinemok diýse-de, Sapar agadan ätiýaç edip, müýnli saklandy.“Eger Eziziň atasy topulaýsa“ diýip, gaçara ugur agtardy. Emma ýaşuly tarapdan hiç hili howp duýmady.
--Me, süýjüje zamça. Atam: “Bar şuny Çary jana ber, ikiňiz dogansyňyz“ diýdi.Al!..
Çary ysy aklyňy haýran edip barýan bu zamçany aldy-da, gaty-gaty ýöräp, öleňde örklenen sygryna bakan gitdi Şol günden soň Ezize ýekeje adamam azar bermedi.
30-njy aprel 2004-nji ýyl.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar