16:52 Bagtly gün | |
BAGTLY GÜN
Iň bagytly günüm haýsy gün diýip, Geçen gün – sahypa, gatyn agdaryp, Tapdym ahyr, agyr ýadawlyk duýup, Şeýle ýadamazdym, meger, dag ýaryp, Ol, ata sowgadyn alan günümdir, Kiçijikkäm daş ýerlerden getiren, Ýa-da esger wagtym mähriban gyzyň – Salamyny hat üstünden ýetiren. Meger şol günümdir açyp hatyny, Setirlerin okap kalba siňdiren, Ilkinji perzende lak atyp belki, Pursadymdyr aglanynda diňdiren. Ilki eje diýen günümmi ýa-da, Guwandyryp, men mähriban ejemi. Ýa ilkinji söýgi atanda oda – Yşka düşüp ýatylmadyk gijemi?! Jogabyny tapdym agyr oýumyň, Ol, doglan günümle kelläme gelli, Ýyly elli dokuz, fewral aýynyň, 24-i güni – bagtly sen Illi. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |