10:23

Darga we çalbaş / erteki

DARGA WE ÇALBAŞ

Gadym-gadym zamanlarda Hazar deňziniň kenaryndaky obalaryň birinde balykçy aýaly, gyzy we ogly bilen agzybirlikde ýaşaýar eken. Şol döwürlerden bäri ýekenli gäminiň eýesine darga, heniz iýmäge ýaramly bolmadyk gyzyl balyga “çalbaş” diýilýär eken..
Balykçynyň ýelkenli gämisi bolupdyr. Ol hem könelişen ekeni. Çagşap ugran şeýle gämi bilen deňiz giňişligine aralaşyp howply ahyryn! Ýöne biçäre balykçynyň elinden gelip biljek zat barmy, näme! Garaz, ol kenardan uzaklaşyp bilmese-de, deňze taşlan torlary dürli balyklardan püre-pür bolýarmyş. Olary müşderilere satyp, ol maşgalanyň gün-güzeranlaryny dolar eken.
Gyşda howa sowanda balyklar suwuň  çuň ýerlerine ýaşaýarlar. Şol döwürde darga suw guşlaryny awlapdyr, ogly odunlyk agaçlary taýýarlapdyr. Eneli-gyz bolsa haly, palas dokapdyr.
Baharyň açyk howaly, balyk awlamak üçin örän amatly günlerinde darga ýelkenli gämisini abatlap awlaga çykypdyr. Ýöne birnäçe günläp onuň guran toruna balyk düşmändir. Onuň gamly halyny gören aýaly : “Herki zadyň sähetli we nesibeli güni bardyr. Sabyr-takatly bolsak  Allatagala bize-de nesibämizi eçiler!” diýip, göwünlik  berenmiş.
Ýöne, muňa garamazdan darga günbe-günden ruhdan düşüpdir we awlaga höwessiz gidipdir.
Günleriň birinde balykçynyň toruna bekre balyjagy düşüpdir. Balykçylar şeýle balygy “çalbaş” diýlip atlandyrýarlar. Olar tora düşdigi olary deňze göýberýärler. Balykçylaryň däbin görä, çalbaş azat edilmese ol betbagtlyk getirýän eken.
“Awlag meýdany seniň örüň däldir, balyjak. Sen heniz kiçijiksiň, çalbaşsyň. Dagy-duwara şu jelegaýlarda görünäýseň, hata göýberdigiň bolar! diýip, ony tordan boşadypdyr.
Şol günüň ertesi balykçy deňze çykanda ýene-de şol balyjaga sataşypdyr. Çalbaş  gäminiň bir ol çetinde, bir-de beýleki bir tarapyna görünýärmiş. Onuň agzyndaky ýüzük günüň şöhlesine ýyldyrap gözleriňi gamaşdyryp barýarmyş. Ýüzügi balykça gowşuran çalbaş şondan soň deňziň adaty tolkunlarynyň arasynda gözden ýitipdir.
Gaşy bolmadyk ýüzük başam barmaga niýtlenendir we zeýki diýlip atlandyrylýar Balykçy şunuň ýaly owadan ýüzügi ömründe görmän eken. Şonuň üçin häzir oňa haýran galmak bilen seredip otyrmyş.
Balykçy birdenkä ýüzügi sypap göý beripdir welin gök deňizden bir mahluk çykyp, al-asmana göterilipdir: “ Buýruň, hojaýyn siziň isleg-arzuwlaryňyz berjaý bolar!” diýende, gorkusyndan ýaňa gämisiniň niesinde giz  Äpet mahlugy gürende balykçy gorkusyndan ýaňa  nirede gizlenjegini bilmän kösenipdir.
“Ýok, maňa hiç zat derkar däl. Maşgalamda agzybirlik bolsa özge zady zähmetim bilen gazanaryn!” diýip gäminiň bir buky ýerinden gorky bilen jogap beripdir. Balyk torlaryny çalasynlyk bilen ýygnap  ýelkenli gämisiniň ýüzüni kenara tarap öwüripdir.
Balykçy täsin ýüzügi kenarda bir ýerde gizläp goýupdyr. Ömrüniň ahyryna çenli deňizde bolan waka barada hiç ýerde dil ýarmandyr.
Kenardan uzaga gitmeýän bolsa-da darganyň awynyň hemişe şowly bolýandygyna kärdeşleri haýran galýar eken. Onuň gizlin syryny balykçydan başga hiç kim bilenokdy.

Şahymerdan SARYOGLY.

Категория: Ertekiler | Просмотров: 624 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

Tilki bilen şagal - 07.01.2023
Gözüň görenine ynanmalymy?! - 07.01.2023
Gülüni söýen, tikeninem söýer - 07.01.2023
Русалочка / сказка - 02.04.2023
At bilen itiň söhbedi - 07.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]