20:35

Durmuşy pelsepeler

DURMUŞY PELSEPELER
    
■ Penjire

Ilkinji gezek al-elwan gunçalary patrak ýaly seçelenip açylanda, nazarymy biygtyýar özünde minutlarça eglän gülüm! Şatlygymy, gaýgymy meniň bilen paýlaşan, gülüm!
Men her gezek iş otagyma gelenimde, tebigatyň gazaply möwsümi bolan gyş paslynyň burjy baglan baglarynyň buzly şelpelerini ikiýana bulaýan hökmürowan ýeli penjirämiň aýnasyna aýazly demi bilen üfläp, meniň bu näzijek gülüme galtaşyp bilmeýänine, ony özüniň buzly ýapynjasyna dolap bilmeýänine gahar edýän ýaly, uzyndan-uzyn zaryn şuwlady. Özüniň galtaşan ýerini buzly aýaza öwürýän sowuk elleridir demi bilen aýnama gyş arçasynyň şekilini ýada salýan egrem-bugram nagyşlary çeken gyş alaçsyzlygyndan ýaňa gözýaş dökýäne çalym edýär.
Şu gün gazabyny gowşadan howa az-kem maýlansoň, penjiräniň aýnasyndaky daraw-daraw zolaklar gyş gününiň tutuksy güneşine eräp, neme öwrülip, gözýaş dökýän ýaly, şol joralanyp dur, joralanyp dur...
...Sag bol, bägül nahalym bilen maňa aýazy gazaply, sowuk ýelli daşky dünýäniň arasynda реnа bolan, bent bolan penjiräm!

■ Millilik

Näme üçindir, halk döredijiligi barada bir zat ýazmaly diýilse, hökmany suratda, uzak gözýetimde gazal çekip, öleň aýdýan enäniň keşbi biygtyýar hakydamda janlanýar. Hyýalymda taslaşdyran pikirlerim taraşlandygyça, gazalçy enäniň keşbi hem aýdyňlaşyp has hem goýazylaşýar. Täsin duýgular meni heýjana salyp, hyýal guşum alyslara uçup gidýär.
Belent başlaryny asmana dirän daglaryň gadymy gala seňňerlerini ýadyňa salýan diş-diş, ýylçyr gaýalaryny gyraklap, toýnuk gurap uçup barýan durnalaryň kyrru-kyrru sesleri, kenara pagşyldap urulýan ak gomly tolkunlaryň güwwüldisi, gelin-gyzlaryň börükdir gupbalarynyň şaňňyrdysy — bularyň ählisi meniň düşen hyýaly dünýämi tutuş dolulygy bilen gurşap alýar.
...Bu nämedenkä? Aşa hyýalbentlikdenmikä ýa-da bütin süňňümize siňip, emer-damarymyzy yzarlap gidýän milliligimizdenmikä?!

■ Ruhy iýmit

Gyzykly çeper eser okap, soňky nokadyna ýeten ýa-da seredeniňde, täsiri, mazmuny bilen özüne çekýän, asyl özüňi şol filmiň içinde ýaly duýdurýan filmlere tomaşa eden islendik kimsäniň ýüzünde okan hem gören närselerinden galan täsiri synlap gördüňizmi? Eger öň üns bermedik bolsaňyz, indi şol pursatlary sypdyrmazlyga çalşyň! Çünki şol pursada ynsan aňynyň-ahwalynyň gözellik tagamyndan, ruhy iýmitden gerk-gäbe doýmasy diýesiň gelýär. Şol pursatda ruhy ahwalyň çuňňur kanagatlanmasy ýüzlere, tutuş meňizlere ýalkym saçyp, ynsany nurlandyrýar.
Meňizlerdäki şol ajaýyp nury dokaýan halysyna täsin nagşy sapyp dokan halyçynyň, owadan öýdümlerden görülmedik gül çemenini bogan keşdeçiniň, kemala gelen bereketli hasylyna söýünç bilen bakýan babadaýhanyň... ýüzlerinde hem görmek bolýar.
...Arman biziň hemmämiziň ruhy iýmite ymtylyşymyz, ajyganda, mädämizi doldurmaga alňasaýşymyz ýaly däl-dä.

■ Didar küýsegi

Halk döredijiliginde duş gelýän:
Gaýrada maýa bozlar,
Maýa köşegin gözlär — diýen setirleri okanymda uç-gyraksyz Garagum çölüniň bir künjegindäki obalaryň biri göz öňümde janlanýar.
Ana, obanyň iň golaýynda — çöl bilen sepleşip gidýän alaňlaryň biriniň üstünde bir naçar ene köneje donuny başyna atyp, çommalyp otyr. Didar zaryny çeken enäniň ýüzündäki gasynlaryň her bir ýygyrdyna başyny goýan ýassygyny gözýaşy bilen ezen enäniň ukusyz geçiren gijesiniň yzy diýesiň gelýär. Ol tutuş ilerini tutup, düýe çöken ýaly çöküp oturan ykbal daglarynyň aňyrsyna natuwan gözlerini dikip, ezizlerini küýseýän dek delminýär...
Eýsem, eneler mydama perzendiniň didaryna zar.

■ Daşmetjit rowaýaty

Adam aşa begenen ýa-da aşa gynanan pursadyny, gününi, oňa sebäp bolan wakasyny ýatdan çykarmazak bolýar. Köneürgenjiň Daşmetjidiniň ýanyndan geçenimde hem şeýle. Şonda men mamamyň aýdyp beren hekaýatlaryny ýatlaýaryn. Çagalygymda ýiti täsir eden ol wakaly gürrüňler, göýä, meniň öz başymdan geçen ýaly göz öňümde janlanýar.
...Durdy baýyň tutuş neberesiniň bar goş-golamyny taýlap ýükläp, ilkagşamdan ýola çykan kerweni gyzar ikindinler Dikjäniň oýuna golaýlady. Şonda köňüllerine dowul düşüp, gijesi bilen ýol ýörän kerwençiler aýal-ebtatlaryň, çaga-çugalaryň halyna dözmän, näçe gyssansalaram, bu ýerde düşlemegi makul bilýärler. Sebäbi kerwendäkilerem, süri-süri dowar, gylýal sürülerem diriligiň çeşmesi suwa mätäçdiler.
Ýöne daň tilkiguýruk bolandan asmanda aýraplanyň gürrüldüsi, gapyl galan biçäreleriň heýhatly sesleri, tüpeň sesleri, aýal, oglan-uşagyň yzlaşygy Dikjäniň oýuny lerzana getirýär. Şeýdip hem, bu toprak gana ýugrulýar. Tegelenip, dym-gyzyl bolup, adam boýy asmana galan Gün özüniň şeýle zorlugyň, zalymlygyň şaýady bolanyna utanýan ýaly, öz göwresini bulutlaryň aňyrsynda gizleýär.
Diri galan zenanlardyr çagalar Daşmetjitde kyrk günläp daşy garawully, bendilikde saklanýar. Şonda ol wagtlar ýaş gelin bolan mamam agyraýak gelniň dogan çagasynyň göbegini daňmaga arassa esgi tapylmandygyny, asyl esgerleriň olary talap, gyzylly, şaý-sepli gelin-gyzlarynyň tylla şaýlaryny saçlary bilen bile kesip alandyklaryny aýdanda, bu «diýdimzorluga» ýigrenç döräpdi.
...Häzir hem Daşmetjidiň içine girsem, muzeý eksponatlaryna syn edip ýörsem-de, göýä, birwagtky bendileriň haýsy zalda saklanandygyndan uç tapaýjak ýaly, metjidiň gadymy diwarlaryndan olaryň yzlaryny tapaýjak ýaly, diňşirgenenimi duýman galýaryn. Dikjäniň oýunda welin häli-häzirlerem günortanyň tüp yssysynda-da, gijäniň ýarynda-da bilmezlikden bu oýda düşlänleriň gulagyna şol namyrat ötenleriň ahy-perýadynyň eşidilýändigini bu ýere golaý oturan çarwa obasynyň adamlary gürrüň berýärler.
...Diýmek, namyrat öten biçäreler üçin heýhatly şol säher entegem tamamlanmadyk oguşýa..
 
Mährigözel SAPAROWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 494 | Добавил: Нawеran | Теги: Mährigözel Saparowa | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]