09:00 Eserlerde durmuş ýa-da durmuşda eser | |
ESERLERDE DURMUŞ ÝA-DA DURMUŞDA ESER ■ Ýazyjy Kömek Kulyýew bilen söhbetdeşlik Käbir kitaplar bolýar. Olary bir gezek okap çykanyň bilen çäklenmän, wagtal-wagtal gaýtalap-gaýtalap okasyň gelýär. Şeýle kitaplary ýüz müň ýola tekrarlap okanyňda-da, asla ýadaňok. Gaýtam telim okalan şol bir sahypalardan her gezek täze bir zady tapýaň. Maňa şeýle ýakyn kitaplaryň biri hem ýazyjy Kömek Kulyýewiň “Ömür kerweni” atly soňky kitaby boldy. Dogrusyny dogry aýtmaly. Ýazyjynyň adyny eşitsem-de, tä şu kitaba çenli Kömek aganyň döredijiligi bilen gyzyklanyp hem görmändim. Ýöne hakyky gowy eserler seniň gyzyklanyp-gyzyklanmanyňa garamazdan, meşhurlygyny artdyrmak bilen boluberer eken. “Ömür kerwenini” diňe mugallymlarymyzyň we talyp ýoldaşlarymyň köpüsi salgy berenden soňra okadym. Okap bolubam, şeýle gowy eserlerden şu wagta çenli bihabar galanyma öz ýanymdan utandym. — Kömek aga, siziň eserleriňiziň aglabasy maşgala temasyna bagyşlanypdyr. Munuň sebäbi näme? Maşgala temasynyň beýleki temalara garanyňda size has ýakynlygyndanmy ýa siz şu temany saýlanyňyzda eserleriňiziň has ilhalar boljagyny çakladyňyzmy? — Gowy tema saýlanyň bilen ilhalar eser döredip bolanok, muny hemmämizem bilýäris. Emma maşgala temasy welin… — Siziň pikiriňizçe, bagtyýar maşgala gurmagyň syry nämede? Eger-de ýaş jübütlerimiz toýdan soňra siziň “Emelsize em barmy?!” hekaýaňyzdaky Gadyr bilen Gymmatyň gününe düşmejek bolsalar, olaryň bu meselä nähili çemeleşmegi gerek? — Wah, şol syry bilip bolsady!.. Ynha, ýaňky agzan gahrymanlaryňyz Gadyr bilen Gymmatyň bagtyýar maşgala gurmak üçin ähli şertleri bar: jaý diýseň – jaý, näçe diýseň – harçlyk, egin-eşik hem ýene-ýeneler… emma olarda diňe bir zat ýetenok, o-da özbaşdak ýaşamaga ukyp-başarnyk. Sebäbi “…olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdur-u eýer, uýandyr-u agyzdyryk bermediler. Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler”. Sebäbi Gadyr bilen Gymmata söýüp almak, söýüp barmak ap-aňsat bolupdyr. Ýöne, ynha, olar arzuwlaryna ýetip, bir-birine gowuşýarlaram welin, iň aňsat zatlar muşakgata öwrülip ugraýar. Olaryň ikisem gündelik maşgala durmuşynda hökmany bolan ýönekeýje zatlara – biş-düş, kir-çäk, tikin-çatyn we şuňa meňzeşlere, umuman, güzeran aýlamaga ukypsyz bolup çykýar. Durmuşam seni öňküleriň ýaly lellerip ýatmaga goýanok. Öňküler ýaly taýynjak zadam ýok. Ine, onsoň bu iki juwan ýene-de taýyna, aňsada ymtylyp, her gün, ilk-ä ata-eneleriniňkä, soňra çagyrylsa-çagyrylmasa başgalaryňka-da, garaz, nirede gazan gulagy gyzsa, şol ýere gatnap ugraýarlar. — Söýgi – edebiýatyň baş temasy. Söýüşýän jübütleriň ýakymly söýgi pursatlary döwürleýin metbugatda we kitaplarda çap edilýän hekaýadyr powestleriň hem agramly ýüküne öwrüldi. Ýöne siziň eserleriňizi okaýarys weli, siziň söýgä bolan garaýşyňyz beýleki awtorlardan tapawutlyrak ýaly. Aýtjak bolýan zadymyz, siziň eserleriňizde öz söýgüleri bilen durmuş guran jübütler, näme üçindir, agzybir ýaşaşybermeýärler. Bu ýagdaýy okyjylaryň göwnemezliginden çekinmediňizmi? — Şu meselede meniň-ä okyjylaryň öz pikirlerine salgylanasym gelýär. Bir okyjynyň aýdany: “Söýgi adamyň käwagt gözüni gapaýýan eken. Biz birek-biregiň kemçiliklerini diňe toýdan soň görüp başladyk”. “Durmuş gursaň sen şo serwiboý bilen, Elbetde, söýgi – beýik bir gudrat! Söýgi – ýaşaýyşyň gönezligi. Söýgi – durmuşyňam, dünýäniňem, şol sanda, edebiýatdyr sungatyňam bezegi. Allatagala adamzada ganat bermese-de, onuň öwezine söýgini beripdir. Söýüp-söýlüp durmuş gurmak ýalam bir gowy zat bormy? Emma… şondan soň nätmeli? Şondan soň sen şol beýik söýginiň yzynda durup biljekmi? Başdaky hyjuwyňy, yhlasyňy, wepaňy, mähriňi sowatman saklap biljekmi? — Biziň pikirimizçe, “Jigerbendiň haky üçin” atly hekaýaňyzdaky perzendini görmek üçin derýadan ýüzüp geçmeli bolan gelniň keşbini, kiçijik hem bolsa, edebiýatymyzdaky nusgalyk ene keşpleriniň biri hökmünde kabul etmek bolar. Eseriň ýazylyş äheňinden çen tutsaň-a, wakalar hakykata çalymdaş. Ýa bu dogrudanam şeýlemikä? — Çeniňiz dogry. Şojagaz hekaýadaky wakalar maňa şu iki dünýäde iň ýakyn adamlaryň ykbaly bilen baglanyşykly. Eger şeýle bolmadyk bolsa, men oňa özümem ynanmazdym, ynanmasamam, ýazmazdym. — Çagajygyň salamlaşanda çep elini uzadyp, oňa-da ulularyň düzediş bermesi, gyzjagazyň süýtli okarany götermegiň ebeteýini tapman, eljagazlaryny bişirip, soňra-da ony dodaklarynyň öňüne getirip üfleýşi ýa-da ýykylan çaga: “Haý, atyň bökdi!” diýlip, göwünlik bilen ýerinden galdyrylyşy, çagajygyň agasynyň jübüsinden şokolad gözleýşi ýaly durmuşda juda bir göze ilmeýän ýagdaýlar hem siziň eserleriňizi bezeýär. Belki siz durmuşda hem owunjak zatlary gözden salmazlyga çalyşýansyňyz. — Durmuşda ownuk zat ýok. Iň bir ownuk diýlip hasaplanylýan zatlaryňam soňra nähili uly netijelere alyp barýandygyny hemmämizem bilýäris. Iň beýik açyşlaram käte owunjak, adaty zatlardan başlanýar. Galyberse-de owunjak zatlar köplenç adamyň häsiýetini, hakyky ýüzüni açyp görkezýär. — Edebiýatçylaryň arasynda degişme äheňinde şeýle bir aýtgy bar: “Ýazyjynyň asmandaky Aýa eli ýetýär, ýöne öýündäki çyra eli ýetenok”. Aýtjak bolýan zadyma düşünen bolsaňyz gerek. Eger gürrüňi ýokarky aýtgydaky meselä syrykdyrmaly bolsa, bu ýagdaý siz we siziň maşgalaňyz bilen nähili? — Hawa, öwretmek aňsat, öwredýän zadyňy özüň etmekde iş bar. Ýazyjynyňam eserlerinde öwrenere zat kän bolsa kändir, emma onuň şahsy durmuşynda welin… — Soňky kitabyňyz bilen adybir “Ömür kerweni” atly powestiňiz adyndan hem belli bolşy ýaly, ynsanyň “Ömür” diýlen mukaddesliginiň beýany bolup ýaňlanýar. Ýöne şol beýany hem eserde maşgala meselesi, ata-ene, gaýyn-gelin, perzent gatnaşyklary açýar. Biziň-ä şu eserden umumy çykaran netijämiz, maşgala hysyrdylary bilen başlanan ömür şol hysyrdylar bilen hem tamam bolýar. Aslynda, ömrüň manysy hem şundamyka diýýäris. Şu babatynda hem pikirleriňizi paýlaşaýsaňyz. — Şojagaz çaklaňja poweste berýän bahaňyz, pikiriňiz men-ä begendirýär. Hawa, ýaşaýyş hem-ä tükeniksiz dowam edip gidip otyr, hemem Magtymgulynyň “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýşi ýaly, ýene-de gaýtalanyp, şol öňki gadymy hanasyna aram-aram ýene dolanyp-dolubam dur. *** Bir duşuşykda halypa ýazyjylaryň biri: “Kömek Kulyýewiň eserleri nähili ýaşamalydygyny, durmuşa nähili çemeleşmelidigini öwredýär” diýipdi. Bu gepiň mamladygyny ýazyjynyň eserlerini çuňlugy bilen okap çykan her bir okyjy tassyklar. Söhbetdeş bolan: Agageldi ITALMAZOW.
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |