14:14

Görogly eýýamynyñ beýik serkerdeleri

Görogly eýýamynyň beýik serkerdeleri

1. Muhammet Togrul beg – 993 – 1063-nji ýyllarda ýaşan.

Seljuk türkmenleriň beýik soltanlygyny esaslandyryjy we onuň ilkinji soltany. Oguz türkmenleriň kynyk taýpasyndan Mykaýyl ibn Seljugyň ogly.
1035-nji ýylda Togrul beg we onuň dogany Çagry beg öz taýpasy bilen Ürgençden Horasana göçüp barýar. Olaryň güýji bary-ýogy 10 müň atly goşundan ybaratdy. Atalarynyň ady boýunça özlerini şeljuklar diýip atlandyrýan bu serkerdeler Mahmyt Gaznalynyň ogly Mesut soltana hat ýazyp, Ahal sebitine göçüp barmaklaryna idin bermegini soraýarlar. Kakasy aradan çykandan soň türkmenlere gyýa göz bilen garaýan Mesut hilegärlige ýüz urýar we sypaýyçylykly nama iberip, Nusaý sebitlerine göçüp barmaga seljuk türkmenlere ygtyýar berýär.
Şeýlelikde, olara al salandyryn diýip pikir eden Mesut 1035-nji ýylyň iýun aýynyň 19-nda Ahala saýlama esgerlerden düzülen 17 müň adamly goşun iberýär. Muny giç duýan we güýçlerini jemlemäge ýetişmedik seljuk türkmenleri goranmaga taýýarlanmagy başarmandyr. Türkmenleriň öň hatardaky kiçiräk goşun bölümini ýeňen gaznaly esgerler obalary talap başlapdyr. 800-ýe golaý adam öldürilip, köp olja alnypdyr. Mesuda seljuklaryň derbi-dagyn edilendigi hakynda gyssagly habar iberilýär.
Mesudyň leşgerleri parahat we goragsyz ilaty talamak bilen meşgul bolýança Togrul beg we Çagry beg duýdansyz ýagdaýda olaryň üstüne çozýar we kül-peýekun edýär. Şol pursatdan başlap seljuklar bilen gaznalylaryň arasynda 5 ýyla çeken uruş başlanýar. Kä bir tarap, kä beýleki goşun söweşlerde rowaç bolýar. Ahyrsoňy Daňdanakan (Daş Rabat) şäheriniň golaýynda, Marynyň sebitinde mesele gutarnykly çözülýär. 1040-ny ýylyň maý aýynyň 23-inde gaznalylaryň sany üç esse köp bolan leşgeri on müň atlydan ybarat seljuk goşunyna çozýar we doly ýeňlişe sezewar bolýar. Orta asyr taryhçysy Baýhakynyň ýazmagyna görä, söweş geçen meýdanda «çadyr dikipdirler we tagt goýupdyrlar. Togrul beg tagtyň üstünde oturypdyr, ähli emeldarlar gelip, ony Horasanyň hökümdary hökmünde mübäräkläpdirler».
Şeýlelikde, täze döwlet döredi, Togrul beg onuň ilkinji soltany saýlandy. Ýene 10 ýyldan ol ermenileriň we gürjüleriň bilelikdäki goşunyny derbi-dagyn etdi hem-de Günorta Kawkaz sebitlerini özüne tabyn etdi, 1055-nji ýylda bolsa Bagdada girdi hem-de dünýewi häkimiýete baş bolmak hukygyny halyfyň elinden aldy. Munuň özi uly özgerişlikleriň diňe başlangyjydy.

2. Alp Arslan Türkmen – 1063 – 1072-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Beýik Türkmen seljuk imperiýasynyň ikinji soltany, Togrul begiň inisi we Çagry begiň ogly. Ol şahsy edermenligi we merdanalygy bilen tapawutlanýan beýik serkerde. Ähli Kiçi Aziýany basyp alandan we 1071-nji ýylda Malazgird söweşinde wizantiýalylary derbi-dagyn edenden soň, Alp Arslan gündogarda häzirki Türkmenistanyň çäklerine süsňäp gelen çarwalary ýok etdi, 1072-nji ýylda bolsa Gündogar Garahanlylara garşy Amyderýada bolan söweşlerde zäherlenen peýkamdan ýaralandy we wepat boldy.

3. Mälikşa Türkmen – 1072 – 1092-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Alp Arslanyň ogly. Döwleti giňeltmek ugrundaky tagallalary dowam etmek bilen, Mälikşa öz goşunlaryny arap ýurtlarynyň üstüne sürdi. Eýýäm 1076-njy ýylda Palestina we Siriýa basylyp alyndy, Yragy boýun egdirmek ugrunda söweşler dowam edýärdi. Mälikşa kakasynyň Mawerannahrda başlan işini tamamlady. Termez we Samarkand ugrundaky gazaply söweşlerden soň seljuk türkmenleri 1074-nji ýylda ähli sebiti basyp aldy, 1075-nji ýylda goşuna hut özi baştutanlyk eden Mälikşa Samarkandyň eteginde garahanlylaryň goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Munuň öň ýanynda, 1073-nji ýylda ol Günbatar Owganystanda Gaznalylaryň goşunlaryny kül-peýekun etdi. Şol döwür seljuk türkmenleriň beýik soltanlygynyň has pajarlap ösen döwrüdi.

4. Sanjar Türkmen – 1119 – 1157-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Mälikşanyň ogly. 1132-nji ýylda soltan Sanjar Garahanlylary doly tabyn etdi, 1136-njy ýylda bolsa Gaznanylary boýun egdirdi. Merw şäheri seyjuk türmenleriň soltanlygynyň paýtagty boldy. 1140-njy ýylda onuň düzümine Horasan, Eýran, Azerbaýjan, Tabaristan, Seistan, Kirman, Owganystan, Horezm, Gaşgar, Mawerannahr we beýleki ýer-ýurtlar girýärdi. Wizantiýanyň imperatory türkmenleriň döwletine garşy goşun sürmäge milt etmeýärdi. Emma soltan Sanjar ýalňyşlyk edip, çarwa türkmen taýpalaryny ýanap başlady. Olar ahyr soňy döwletiň içinden parçalanmagyna sebäp boldy.

5. Gündogdy han – XII asyr.

Rus knýazlarynyň harby ýörişlerine köp gezek işjeň gatnaşan oguz türkmenlerinden bolan serkerde. Emma olar bilen arasy bozulandan soň Kiýewiň knýazlaryna rahatlyk bermeýärdi, olaryň goşun toparlaryny derbi-dagyn edýärdi. 1191-nji ýylda Kiýew knýazy Rýurik Rostislawowiç Gündogdy hanyň ýanyna ilçileri iberýär we oňa Dweren galasyny peşgeş berýär.

6. Jelaledddin Maňburun – 1220 – 1231-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Mongollara garşy has erjellik bilen söweşen serkerdeleriň biri, Könürgenjiň şasy Muhammediň ogly. 1220-nji ýylda Nusaýyň eteginde mongollaryň goşun toparyny derbi-dagyn edýär, 1221-nji ýylyň tomsunda bolsa mongollary Waliýan galasynyh ýanynda ýeňýär, soňra hem Toharistianda Parwanyň eteginde olardan ýene üstün çykýar. 1227-nji ýylda Jelaleddin Türkmen mongollary Reý şäheriniň golaýynda kül-peýekun edýär we hut şol ýylda Yspyhanyň golaýynda olaryň üstünden uly ýeňiş gazanýar. Ol dildüwşik netijesinde wepat bolýar.

7. Aýbeg Türkmen – 1257-nji ýylda öldi.

Müsüriň soltany. Eýubiler şejeresinden Mälik Salyh soltan döwründe orta çykýar. XIII asyryň 40-njy ýyllarynda ol harby ýörişlere we söweşlere işjeňlik bilen gatnaşýar. Müsüre Jelaleddin Maňburun wepat bolandan soň öz serkerdesini ýitiren tutuş bir goşuna baş bolup gelýär. Aýbegiň baştutanlygyndaky köneürgençli türkmenleriň başarjaňlygy netijesinde Mälik Salyh 1244-nji ýylda Ierusalimi, soňra bolsa Siriýany basyp alýar. 1248-nji ýylda Aýbeg Türkmen haçlylary derbi-dagyn etmäge gatnaşýar, şonda fransuz patyşasy Lýudowik IX türkmenlere ýesir düşýär. 1250-nji ýylyň awgust aýynda Aýbeg türkmen Müsüriň soltany bolýar. 1252-nji ýylyň iň başynda siriýa goşunlaryny doly derbi-dagyn edýär. Köşk emeldarlarynyň guran dildüwşigi netijesinde ölýär.

8. Zahir Rukn ad-din Beýbars – 1260 – 1277-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Oguz türkmenleriň burjogly taýpasyndan Müsüriň şasy. Saýlama goşunlaryň ýönekeý esgerinden hökümdarlyga çenli ýol geçdi. Müsürdäki türkmen-mamlük döwletiniň iň başarjaň we abraýly soltanlarynyň biri. Ol 1260-njy ýylda mongollara kül-peýekun ediji zarba urup, olaryň Ýakyn Gündogara aralaşmagynyň öňüni aldy.

9. Ärsarybaba – 1260/70 – 1335-nji ýyllarda hökmürowan bolan.

Türkmenleriň ärsary taýpasynyň nesilbaşysy. Ol mömin şeýh Şeref Hojany «Muin al-mürid» (Müritleriň howandary) kitabyny türkmen diline terjime etmäge göwnedendigi bilen özüni tanadan. Eýran häkimi Komabege tabyn bolmak islemän, güýçleriniň deň däldigine garaman, ol Duker (Tuwer) guýusynyň golaýynda eýran goşunyna garşy söweşýär. Onuň jaýlanan gubury häzir Gyzylgaýadan 35 kimlometr uzaklykda Tuwer obasynyň golaýynda ýerleşýär.

10. Ala ad-din Halaj – 1296 – 1316-njy ýyllarda hökmürowan bolan.

Hindistandaky Deli soltanlygynyň häkimi. Rajput hanlyklaryna garşy uzak wagtlap uruş alyp bardy we ahyr soňy olary tabyn etdi. 1297-nji, soňra bolsa 1299-njy ýyllarda mongolllaryň şol ýere baran leşgerlerini doly kül-peýekun etdi. Onuň döwleti ähli Demirgazyk Hindistana (häzirki Penjabyň, Sindiň, Uttaryň, Pradeşiň, Gujaratyň ýerleri) emr edýärdi, XIV asyryň başynda Günorta Hindistanyň döwletlerine garşy harby ýörişden soň bolsa Ala ad-din olaryň häkimlerini hem türkmenler tarapyndan hemişe dolandyrylan Deli soltanlygynyň raýatlygyny kabul etmäge mejbur etdi.

11. Ärtogrul Gazy Türkmen – 1191 – 1281-nji ýyllarda ýaşan.

Mongollaryň çozuşyndan soň Merwden giden türkmenleriň gaýa taýpasynyň serdary. Kiçi Aziýada ol 400 atly goşunyň – gazylaryň – baştutanlygynda seljuk türkmenleriň tarapynda mongollara garşy göreşdi we munuň üçin Gazy diýen derejä eýe boldy. Ildeşleri bolan seljuklara beren kömegi üçin Ärtogrul Gazy kiçiräk Söwüt begligine häkim bellenildi. Onuň Ogly Osman Gazy Türkmen begligini barha giňeltdi we Türkmen osman imperiýasynyň soltanlarynyň şejerebaşysy boldy. Ärtogrul Gazy Türkmeniň gubury Ankaradan 500 kilometdäki Eskişäheriň golaýynda ýerleşýär.

12. Garaýusup beg Türkmen – 1410 – 1420-nji ýyllarda hökmürowan bolan

Garagoýunly Türkmenleriň döwletini esaslandyryjy. 1408-nji ýylda Timur agsagyň ogly Miran şanyň goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Iki ýyldan baharly türkmenlerden bolan Garaýusup beg häzirki Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Kürdistanyň, Yragyň ýerlerini öz içine alýan döwleti döretdi, onuň paýtagty Töwriz şäheridi.

13. Uzyn Hasan beg Türkmen – 1467 – 1478-nji ýyllarda hokmürowan bolan.

Akgoýunly türkmenleriň döwletini esaslandyryjy, ol häzirki Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Eýranyň bir böleginiň we Yragyň, Kürdistanyň, Gürjistanyň bir böleginiň ýerlerini öz içine alýardy. Ol Günbatar Ýewropanyň imperatorlarynyň gözügidijilik bilen haýran galmagyna mynasyp bolan görnükli serkerde we döwlet ýolbaşçysydy. Uzyn Hasan beg Türkmen döwletiň dürli milletlerden bolan ähli ýaşaýjylarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Kanunnama» kitabyny ýazdy.

14. Ysmaýyl şa – 1486 – 1524-nji ýyllarda ýaşan.

Sefewi türkmenleriň döwletini esaslandyryjy. 1510-njy ýylda Mary welaýatynda Talhanbaba diýen ýerde çarwa özbek taýpalarynyň hany Şeýbanynyň goşunlaryny doly derbi-dagyn etdi, Şeýbany hanyň özüniň bolsa şol söweşde kellesi alyndy. Şondan soň Ysmaýyl şa tutuş Eýrany, Horasany, 1511 – 1513-nji ýyllarda bolsa Köneürgenç patyşalygyny özüne tabyn etdi. Harby serkerdelik zehini netijesinde Ysmaýyl şa güýçli döwlet döretmegi başardy.

15. Muhammet Baýram han Türkmen – 1497/1500 – 1561-nji ýyllarda ýaşan.
 
Garagoýunly türkmenleriň döwletine patyşalyk edýän baharly türkmenlerden bolan Seýfaly Begiň ogly, görnükli serkerde, döwleti dolandyryjy, şahyr, ussat syýasatçy. Hindistandaky Beýik Mogollaryň imperiýasynyň abraýy ugrundaky uly söweşlerde we ýörişlerde örän başarnykly serkerde hökmünde at gazandy. 1556-1560-njy ýyllarda şazada Ekberiň howandar halypasy bolmak bilen, imperiýany hakykatda bir özi dolandyrdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permany bilen 2000-nji ýylda onuň doglan gününiň 500 ýyllygy Türkmenistanda ähli halk tarapyndan, Hindistanda we Päkistanda hem giňden bellenildi.

16. Aba Serdar – 1564-nji ýylda öldi.

Etregiň sebitindäki türkmenleriň baştutany, okly taýpasyndan. 1550-nji ýylda eýranlylaryň sütemine garşy gozgalaň turuzýar. 1554-nji ýylda Aba Serdaryň baştutanlygynda türkmenler şanyň goşunlaryny derbi-dagyn etdiler, 1557-nji ýylda bolsa Aba Serdar eýran goşunlaryndan üstün çykyp, Astrabat welaýatyny basyp aldy. Dildüwşik netijesinde wepat boldy.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 648 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]