11:18

Gözli ata we Aksil ene barasyndaky rowaýatlar

GÖZLI ATA WE AKSIL ENE BARASYNDAKY ROWAÝATLAR  

Gözli ata taryhy şahsdyr, türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Onuň hakyky ady Hasan ata Aşyky bolup, Gul Gedaýy edebi tahallusydyr. Taryhy onuň ady çeşmelerde Hasan, Uzyn Hasan,  Gul Gedaýy, Gözli ata görnüşinde hem duş gelýär. Ol biziň döwrümiziň 1110-njy ýylynda eneden dogulyp, 1221-nji ýylda şehit bolupdyr.      
Hoja  Ahmet Ýasawynyň Gazagystanyň Ýassy (häzirki Türkistan) şäherindäki astanasynda ”...Bu kişi  tarykat babynda meşgul işleri çözerdi, bu sebäpli muňa Gözli ata at goýdular” diýen ýazgy saklanyp galypdyr.        
Aksil Gözli gazak milletinden bolan aýalydyr. Taryhy çeşmelerde bu at Aksuluw, Aksyna, Aksoltan görnüşinde hem duş gelýär. Bu zenanyň Aksyna we Aksil atlaryny beden we ruhy päkligi sazlaşykly saklamagy laýyk başarandygy, Aksoltan adyny bolsa soltanlyga mynasyp akylly we ak beden bolanlygy  üçin alypdyr  diýlip, rowaýatlarda nygtalýar.
...Janybegiň Maňgyşlagyň hany bolup höküm süren döwründe onuň ogullarynyň biri deňze awa gidip, gaýdyp gelmändir.  Sorag-idegden soňra “  suwa gark bolandyr” diýip çaklanypdyr.  Ýöne han şonda-da oglundan umydyny üzmändir.    
- Kim-de kim deňze giden oglumy halas edip, huzuryma getirse, Aksil atly gyzymy oňa nikalap berjek--diýip, ol jar çekdiripdir. Dürli ylymlaryň we kärleriň eýesi bolan adamlaryň synanyşygy şowsuz tamamlanansoň nobat Gözli ata ýetenmiş. Şonda ol bilguşagyny çözüp, onuň bir ujuny elinde saklap, beýleki bir ujuny deňze taşlapdyr. Biraz salymdan bilguşagyny çekende mähelläniň göz alnynda keramat bolup geçipdir. Han ogly bilguşaga berk ýapyşyp başybitin kenara çykypdyr. Şondan soňra Gözli atany gören bolmandyr.
Bu ýakymly waka mynasybetli Janybek han toýy uludan tutupdyr. Desterhan giňden ýazylypdyr. Toýa alysdan-ýakyndan myhman--mediwanlar gelipdirler. Göreşde belli pälwanlar güýç synanyşypdyrlar. Ýüwrük, ýyndam atlar ýaryşa goşulypdyr, bagşylar aýtdym aýdypdyrlar, sazandalar saz çalypdyrlar.        
Toýdan soň Janybek han ogullaryny çagyryp olara halasgäri tapyp  getirmegi tabşyrypdyr. Gözli ata hanyň huzuryna getirenlende:     
- Hany aýdyp oturyň bakaly, mal-mülk, hazyna derkarmy - diýip, han oňa ýüzlenipdir: - Sowgat-sylagyňy  birkemsiz ýetirjekdirin!
- Yglan eden zadyňyzy berseňiz besdir --diýip, Gözli ata aýdanmyş: - Şonda siz şertiňizi berjaý etdigiňiz bolardy.       
Janybek han akylly, beren sözünde tapylýan adam ekeni. Ol Aýsili ýanyna çagyryp, oňa geljekki giýewini görkezipdir:      
- Be-ee, bir hanyň gyzy bolup, men bir derwişsypat adama mynasyp ýar bolmalymykam?” diýip, Aksil serinde şeýle pikir aýlapdyr.      
Şol döwürde Aksil bilen Gözli atanyň arasynda  otuz ýaş çemesi aratapawut bar ekeni diýlip rowaýatda bellenýär. Elbetde, akylly, görmegeý  gyzyň deň-duşy bolmadk adam bilen nikalaşmaga höwesli bolmajagy belli zatdyr. Ýöne Aksiliň kakasynyň teklibini  ret edip bilmäge milt edip bilmejegi hem anykdyr. Ýüzüni kesä sowup oturan Aksiliň serindäki oýlanmalary Gözli ata aýan bolanda gyzyň boýny bir tarapyna burulyp galypdyr. Keramata göz ýetiren Aksil we Gözli atadan ötünç sorapdyr we ondan şepagat isläpdir.     
- Gedaý torbasyny arkaňa alyp, ýedi gapydan dilegçilik etmeli bolarsyň-- diýip, Gözli ata aýdanmyş. - Belki, şondan soňra delalatym ýetse-de ýeter.      
Aýdylyşy ýaly Aýsil arkasyna gedaý torbasyny alyp, ýedi gapy aýlanyp, dilegçilik edipdir. Diňe şondan soň Gözli atanyň şepagaty bilen ol ilkibaşdaky görmegeý görnüşine gelipdir.
Nika gijesinde Gözli ata bilen gelinliginiň arasynda jöwher goýulypdyr diýlip, rowaýatlaryň başga birinde aýdylýar. Bu ýerde bir pynhanlygyň bardygy Janybek hana mälim bolýar. Şonda ol Gözli atandan bu wakany aýan etmegi soraýar.   
- Onuň açary gyzyňyzyň elindedir—diýip,Gözli ata  jogap berermiş. Şondan soň Aksil kakasyna Gözli ata barasynda özüniň ýaramaz pikirde bolandygy barasynda gürrüň berýär we dyzyna çöküp Gözli atadan ötünç soramaly bolýar.     
Gözli ata ilkibada Maňgyşlak, soňra Hazar deňziniň gündogar demirgazyk sebitlerinde  ýaşapdyr. Onuň üç sany ogly bolup , nowbahary Nur ata, ortanjysy Оmar ata, körpesi — Ybraýym ( Ybyk) ata ady bilen bellidir. Gözli atanyň ogullarynyň her biriniň iki sany ogullarynyň bolandygy hakynda maglumat bar. Olaryň we Gözli atanyň agtyklarynyň ady dakylan ýerler häzirki wagtda Türkmenistanda we Gazagystanda duşýar.      
Akbibi Gözli atanyň nowbahar gyzydyr. Onuň Gerkez gäbe bilen durmuş gurmagynyň hekaýaty şeýledir.     
...Günleriň birinde Akbibi guýudan suw almaga barýar. Şonda suw içmäge gelen düýeleriň biriniň öň aýaklary guýa gaçýar. Janawar aýaklaryny guýudan çykarjak bolup görgi baryny görüpdir. Bu ýere ýygnanan mähelläniň hiç birisi oňa ýardam edip bilmeýär. Guýynyň başyna Gerkez gäbe atly pälwansypat adam gelende mesele çözülýär.  Onuň düýäni egnine alyp bir gyra çykarandygyna Gözli ata şaýat bolýar we Gerkez gäbäniň başarjaňlygyna we gujur-gaýratyna göwni ýetýär. Soň bir gün Akbibini oňa nikalap berýär.       
Şol ýyllarda Uzboýyň suwy çekilip gurakçylyk başlanýar. Üstesine mallar köpçülikleýin gyrylyp, ýokanç keseller ýaýraýar. Bir topar bendeleriň derdine derman tapylmany, olaryň ömür tanapy kertilýär. Aksil ene-de ýarawsyzlyk tapynyp düşege girmeli bolýar.Tebipler onuň keseliniň eminiň sary düýäniň süýdidigini aýdýarlar.      
Gözli ata baý bolmasa-da mätäçlikde ýaşan adam däldir. Ýöne edil şol pursatda onuň sary reňkli  sagymlyk düýesi ýok ekeni. Onsoň ol sagymlyk düýe sorap ogluny Sary baýa ýollamaly bolýar. Baý  bu oglany mylakatly garşylaýar we sürüden sary düýeleriniň 4-5 sanysyny saýlap berip goýberýär. Şonda Gözli ata begenjinden:   
- Keýwany Sary baýa, är işini bitiripdir, ol-a hakykatdan hem Ärsary ekeni—diýipdir. Şol günden başlap Sary baýyň ady Ärsara öwrülipdir diýlip, rowaýatda tewsirlenýär.
Gözli atanyň körpe gyzy Aýsuluw Ärsarynyň gelni bolýar.     
Gözli atanyň alkyşy, gudraty bilen ýanlykdaky düýe çalynyň  ýaga öwrülişi, azaşan bendeleri ýola salyşy , düýe ýitiren adama  kömek edişi, argyş kerwenini suwdan halas edişi barasyndaky rowaýatlar halk arasynda has-da ýörgünlidir.      
Gözli ata bilen Aksil enäniň birek-biregi synap görüşleri barasynda şeýle gürrüň bar. Günleriň birinde Aksil ene Gözli ata çaý demläp getirende:      
- Keýwany, hemişeler dyrnagyma garap boljak-geljegi görýärdim  welin, bu gün-ä wakalary duman gaplapdyr—diýýär. Şonda:  
- Gyssanjyma, çaýy täretsiz halyma  demledim-diýip,  Aksil ene hakykaty aýdypdyr.         
Ynha günleriň birinde Aksil ene hem ýanýoldaşyny synap görmegi ýüregine düwüpdir. Ol süýtlaşy Gözli ata äberende:       
- Keýwany, mundan ozal tagamyň ortasyna ýag atyp getirýärdiň welin, bu sapar unudaýdyňmy ?—diýipdir.        
- Gözlisiň görersiň—diýen jogaby alanda Gözli ata ýagyň tagamyň düýbünde gizlenendigini bilip galypdyr.      
Rowaýatlaryň bagry hakykat bilen berk baglaşanda olar örän täsirli  ýiti bolýar, uzak wagtlap hakydan çykmaýar. Gözli ata we Aksil ene bilen baglanyşykly wakalary käbir awtor başga bir şahsyýet barasyndaky rowaýat bilen garjaşdyryp beýan edýär. Bu bolsa wakanyň takykdygyna şübhe döredýär.    
... Şol döwürde ýagyş-ýagmyr  köp ýagyp, gylýallaryň bir topary  daşy suw bilen gurşalan emeli adada galypdyr. Olaryň bir bölegi suwdan geçjek bolup heläk bolupdyr. Ýylkyban gylýallaryny halas eden adama iň gowy atlarynyň birini peşgeş berjekdigini yglan etse-de gylýallary halas etmäge milt eden adam tapylmandyr. Gözli ata şol ýerden geçip barýarka ýylkybandan:     
- Kömek etmelimi?-diýip, ol ýylkybandan soranda onuň sopysypat adama  göwni ýetmändir. Ýöne şeýle-de bolsa göwünli-göwünsiz halda:     
- Bu işiň hötdesinden gelip bilersiňiz, iň ýyndam atlaryň birine peşgeş bererdim we başga sylag-serpaýyňyzy ýetirerdim--diýipdir.
Gözli ata gylýallary başybitin emeli adadan çykarypdyr. Ýylkyban bolsa yglan eden sylag-serpaýyny bermändir. Günleriň birinde Gözli atanyň ondan hakyny talap edip gelipdir we gylýallary halas edendiginiň şaýady hökmünde arkasynda galan atyň toýnaklarynyň yzyny görkezipdir. Ýöne mesele onyn çözülmändir. Şol günden başlap ýylkybanyň atlary gyrylyp başlapdyr.
Elbetde, eden işiň üçin hakyňy talap etmegiň aýby ýok. Ýöne Gözli ata ýaly beýik şahsyýetiň bir bendä eden kömegi üçin hak-heşdegini  sorap barjakdygyna ynanmak çetin.       
Ýene-de bir mysal: ...Günleriň birinde Gözli ata ogullaryny synap görmek isläpdir. Ol ýalaňaç halynda  ýedi ýoluň ugrunda  ýatyberenmiş. Muny körpe ogly görüp kakasynyň halyna hezil edip gülüpdir, ortanjy ogly kakasynyň aýp ýerlerini dony bilen ýapypdyr, nowbahary bolsa ony göterip öýe salanmyş.  Şeýle etmek bilen Gözli ata ogullarynyň gelejekdäki täleýlerini anyklanmyş diýlip, halk arasynda dowam edýän aýtgylarda gürrüň berilýär.
Türkmençilikde ähli adam egin-eşiklikä, täk özüň ýalaňaç halda görünseň oňa aýp zat hökmünde garalýar. Şeýle adamlary jemagat halamaýar we olara ruhy taýdan kemis ynsanlar hökmünde garalýar. Rowaýatda beýan edilişi ýaly, beýik şahsyýetiň gündiziň güni  daşarda ýalaňaçlanyp ýatmajagy hemmä mälim hakykat ahyryn.    
Çarwadarlar gündizine çölde bolup gijara oba gaýdyp gelýärler diýeli, ýöne zenanlar, garrylar, çagalar şol döwürde öýde galýarlar ahyryn. Şolaryň biri daşary çykanda,  halk arasynda at-abraýa eýe bolan şahsyýeti şeýle halda göräýse niçik bolar?!. Şonda “ toba-toba” diýip ýaka tutaýmasaň başga çäre galmasa gerek.      
Biziň pikirimizçe, toslama ýugrulan rowaýatlar şahsyýetleriň at-abraýyna, mertebesini beýgeltmän, tükeniksiz  şikes ýetirýär.  
1221-nji ýylda Gözli atanyň ýaşaýan obasyna mongol goşunlary çozup, uly pajyga bolýar. Şonda Awlamyş—Gyzylgaýa sebitinde duşmana garşy söweşde türkmen gerçekleri bilen bilelikde Gözli ata we Aksil ene şehit bolupdyrlar.      
Gözli atanyň bilen Aksil enäniň ýakymly  obrazlary häzirki döwrüň nesilleriniň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize bolan buýsanjy, bagtyýar günlerimize bolan söýgüni hem-de nurana geljegimize bolan çäksiz ynamy terbiýeleýär. Türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň dünýäde has-da ýokary göterilmeginde  görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.  

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 555 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Babajan  
Awtor seniñ bu rowaýatyñ başynda Altyn Orda hany Janybek han bilen baglanyşykly bolsa onda Janybek han 1342-1357-nji ýyllarda ýaşap geçen! Gözli ata bolsa 1221-nji ýylda mongol çozuşynda Aksil ene bilen wepat bolan diýilýär. Meñbilýän Gözli atam XIV asyrda ýaşap geçenmikä diyyarin. Sen haysy Gözli ata hakda aydýañ? Bu makalañ ýalñyşdan doly. Biraz düzedişgirizseñ yerlikli boljak. Gowy düzedişler girizipsiñ rowayatlara welin şol yañky aydanlarym hakda oylansañ nädýär!?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]