23:00

Gulaş şahyr

GULAŞ ŞAHYR

Gulaş şahyr 1836-njy ýylda Gazanjygyñ Uzynsuw diýen obasynda dünýä inýär. Şahyryñ kakasy Durdyguly Jepbaryñ dört ogly, iki gyzy bar eken. Gulaş ýaşlykda eneden ýetim galýar. 13-14 ýaşa baranda, atasy hem ölýär. Bularyñ maşgalasy gaty garyp bolan. Şol zerarly hem ol on dört ýaşyndan başlap Dowlybaý Akynyñ malyny bakmaga mejbur bolýar. Şahyryñ aýalynyñ adyna Geñlik diýer ekenler. Ondan dokuz ogul bolýar. Gulaş soñabaka ekerançylyk bilen meşgullanýar. Ol miwe berýän agaçlaryñ köp sanysyny ýetişdirýär, ussaçylyk hünärini hem alyp barýar [1],[2]. Şahyr özüniñ ekin ýerini wasp edip, şeýle ýazypdyr:

Uzynsuwdur, Garadag,
Seni görsem göwnüm çag,
Miwe berýän iýmiş-bag,
Uzak berilsin indi [3].

Şahyr özüniñ çöregini, esasan, hünärmentçilikden gazanypdyr. Ol awçylyk hem edipdir:

Towşanlary algyrym,
Tilkileri ýolgurym,
Elimdäki bilgirim,
Uzak berilsin indi [4]

1870-nji ýyllar töwereginde mal bakyp ýören Gulaş şahyry kürtler ýesir alyp gidýärler we Garabugra diýen ýerde zyndana salýarlar. Onuñ hossarlary garyp bolany üçin şahyry satyn alyp bilmeýärler. Şol zerarlay hem Gulaş on ýyllap zyndanda oturmaly bolýar. Bar bolan maglumata görä, şahyryñ ildeşleri pul ýygnap, ony müñ tümene satyn alýarlar.[5] Bar bolan bir maglumata görä, Gulaş zyndandan gaçýar.[6] Başga bir maglumata görä, Gulaş zyndandan gaçýar. Şahyr garran wagtynda 1911-nji ýylda dünýäden ötýär. Ol Uzynsuwda jaýlanylýar.
Gulaş şahyr watanyny, halkyny ýürekden söýüpdir. Ol zyndanda otyrka hem "Gal indi", "Jaýlar seni" ýaly ajaýyp eserler döredipdir. Şol eserleriñ her bir setirinde watanyndan aýra düşen gahrymanyñ gaýgysy, gussasy çeperçilik bilen beýan edilýär.
Şahyr sowatsyz eken. Ol öz döreden eserlerink bir ýere toplap bilmändir. Şeýle-de bolsa, onuñ goşgularyny ogly Ýegenguly arap elipbiýinde bir diwan edip düzýär. Emma ol golýazma 1937-nji ýylda ýitirilipdir. Gulaşyñ ýeke-täk doly saklanýan goşgusy "Amanmy?" atly eserdir. Şahyr bu eserini zyndandan gaçyp, öz ýurduna gelenden soñ döredipdir.
Gulaş üçin iñ eziz zat watandyr. Şahyr öz aýagyny gabardyp, mal bakan ýerlerini, ýurdunyñ iñ bir kiçijik detalyny küýseýär we olary zarlaýar:

Tarlanly-tugunly, laçynly, guşly,
Howaly-belentli, altynly başly,
Jülgesi umgaly, gollary goçly,
Kap dagyñ bölegi Balkan amanmy? [7]

Syrygar deresi, jülgesi akar,
Keýikler guzlaşar, tokarlar böker,
Çygyrşar ütelgi, ganatyn kakar,
Perhadyñ bölegi Gorgan amanmy? [8]

Gulaş şahyryñ bu eserini okanyñda, öz önüp-ösen ýeriniñ her bir dabany gözüne mähirli görünýän gahrymana duşýarsyñ. Şol bir wagtyñ özünde hem daglaryñ derelerinde mal bakýan aç-ýalañaç adamy-da görýäris. Öz gaýgy-hesretini ol gara daşlar bilen, şolaryñ arasynda mesgen tutan guşdur haýwanlat bilen paýlaşýan gahrymany tanaýarys. Ol ýerdäki zatlaryñ hemmesi şahyr üçin gözel, sebäbi şolarda onuñ aýagynyñ yzy, döken deriniñ ysy bar.
Gulaşyñ şygrynyñ haýsy bir bendini alsañ-da, onda hakyky reallyk bolup, şahyryñ öz ýurdunyñ gözelligi ýekän-ýekän suratlandyrylýar:

Güýzeg bolar Töreteniñ billeri,
Onda otyr igdir, köçek illeri,
Boz bulak bor, akar geler silleri,
Akbent, Maşan, Alajalar amanmy? [9]

Bu şygryñ çeperçilik taýyndan ýene-de bir aýratynlygy bar: onda şahyr öz obýektinden başga ýana sowulmaýar. Eserde diñe bir mesele - ýurduñ gözelligi beýan edilýär. Şygyrda her bir çeşme, dere özüne mahsus bolan gözellikde suratlandyrylýar. Bu ýagdaýlar Gulaş şahyryñ çeper eserler döretmäge ukyply bolandygyna şaýatlyk edýär.

A.Nurýagdyýew.

____________________________________
[1] Berdimyrat Garabaýew "Gulaş şahyr", "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 25.05.1961-nji ýyldaky sany;
[2] Oraztaganow, Arbatow "Gulaş şahyr barada täze rowaýatlar", "Ýaş kommunist" gazetiniñ 31.12 1961-nji ýyldaky sany;
[3] Inw. 1760, f. 605;
[4] Şol ýerde;
[5] Inw. 1760, 605 sah;
[6] Seret: Ýokarda görkezilen iki makala;
[7] Inw. 1749;
[8] Şol ýerde.

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 415 | Добавил: Нawеran | Теги: A.Nurýagdyýew | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Onuñ gowy-gowy goshgylary bar.Ir mahal okapdym.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]