20:09

Gurban şahyr

GURBAN

Gurban şahyr XX asyryñ başynda Türkmenistanyñ günorta-günbatar sebitinde ýaşap geçen şahyrdyr. Onuñ kakasyma Nazar diýer ekenler. Gurban şahyr, Gyzyletrek, Gürgen, Çendir, Şarlawuk etraplarynda ýaşap geçipdir. Gyzylarbatly Rahym aga 1913-1914-nji ýyllarda şahyry görendigini aýdypdyr.[1] 
Bar bolan başga bir maglumata görä Gurban şahyr 1917-1918-nji ýyllarda 27 ýaşda öldürilipdir.[2] Bu ölüme bagyşlanyp ýörite elegiýa hem ýazylypdyr, emma onuñ awtorynyñ kimdigi weli belli däl. Onda aşakdaky ýaly setirler getirilýär:

Ol Duzlydepeden sygyr sürüldi,
Inçejikde paýlaşmaga duruldy.
Ozal başdan Gurban şahyr uruldy,
Ýalançynyñ körpe ýazy Gurban sen.

Gurban şahyry Inçejikde goýdular,
Ýigitleri salar donny soýdular.

Şahyr 1917-1918-nji ýyllarda 27 ýaşda bolan bolsa, diýmek ol 1890-1891-nji ýyllarda dünýä inen adam bolýar.
Gurban şahyryñ maşgala ýagdaýy, onuñ gün-güzerany hakynda ýeterlik maglumat ýok. Ýöne onuñ aýalynyñ adynyñ Taganbibidigi habar berilýär. Şahyryñ biografiýasyna degişli maglumatlaryñ bary şulardan ybaratdyr.
TSSR Ylymlar akademiýasynyñ Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyñ golýazmalat fondunda Gurban atly şahyryñ ady bilen birnäçe şygyr saklanylýar.[4] Emma şu döwür türkmen edebiýatynda biziñ gürrüñini edýän Gurban şahyrymyzdan başga-da iki sany Gurban atly şahyryñ bolandygyny bellemek gerek.
Olaryñ birinji Stawropoldaky türkmenleriñ çowdur taýpasyndan bolup, 1910-njy ýylda dünýäden ötýär. Ikinji bir Gurban atly şahyr bolsa Saragtda ýaşap geçen Gurbannyýaz Mämmet ogludyr. Saragtly şahyr 1915-1916-njy ýyllar diri eken. Bu şahyryñ saratgtlydygyny onuñ öz ýaşan şygyrlaryndan hem görmek bolýar:

Sarahsyñ daragty şahasy pürli,
Bäş müñ sozan gerek, bäş müñi hyrly.[5]

Bu şahyryñ ýazyş stiline, onuñ eserleriniñ mazmunyna, ulanan çeperçilik serişdelerine sereden wagtynda inw. N"708, 740, 769, 805, 928, 1454, 1681, 3070-nji bukjalardaku Gurban şahyryñ adyna gelýän eserleriñ hut şu saragtly şahyryñ paýyna düşýändigini görýäris.
Biziñ gürrüñini edýän Gurban şahyrymyza bolsa inw. N"26, 605, 878, 1084, 2012, 2128, 2185, 2194, 3110, bukjalardaky eserler degişlidir.
Gurban şahyryñ bize gelip ýeten edebi mirasy şeýle bir baý däl. Şunuñ ýaly-da onuñ döredijiliginiñ tematikasy hem giñ däl.
Gurban şahyr söýgi temasyndan eser ýazmak bilen öz güýjüni synap görüpdir. Şahyr bu temada ýazan eserinde hut durmuşyñ özüne ýüzlenýär. Özi-de hut öz döwürdeşi bolan oba gyzy Ejegi wasp edýär.

Sakar at nyşanly, maral göz gelin,
Habar gata bilmen daşdan höwäsem.[6]

Şahyry özüne bent eden zat altyn gabak, pisse dahan, näzik beden, ýuka dodak, ak ýüzdäki hal däl-de oba gyzynyñ sadalygy. Gurbanyñ wasp edýän gözeli mähiri yssy, adamkärçilikli, agras bir türkmen gyzy. Şahyryñ Ejegi gowy görmeginiñ sebäbi ol Owlak, Amanja ýaly kaşañ geýinmeýär, kelçiklik etmeýär. Ejekde bularyñky ýaly ýasama näziklik-de, uzsyramak-da ýok.

Owlakdyr, Aman han, kaşañ Amanja,
Şolar sende ýok ýerine höwäsem.[7]

Şahyr bu eserinde hut durmuşdaky adamlaryñ suratyny çekýär, özi-de umumylykda däl-de, takyk adamlar arkaly real beýan edilýär. Şahyryñ bu eserindäki gözeliñ suraty ýazuw edebiýatyndaky standart gözeliñ suratyndan bütinleý başgadyr. Görnüşi ýaly, şahyr durmuşdaky adamy, onda-da real adamlary suratlandyrýar, olaryñ diñe daşky keşbini çekmek bilen durmuş, olaryñ içki häsiýetlerini hem beýan etmäge synanyşyk edýär. Emma şahyr hemme wagt bir kadany saklamaýar. Ol Ejegi öwende hut öz ýüregindäkini beýan edýär, onda täze meñzetmeler, täze sözler, sada pikir beýan edilýär. Ejegiñ artykmaçlygy guraksy aýdylman, durmuşdaky adamlar bilen deñeşdirilip subut edilýär. Emma bu ýerde şahyryñ şygrynyñ çeperçiligi gowşaýar, onda ritmlilik, sazlaşyklylyk ýöntemleşýär:

Bazbent jaýyñ ýasy, ýörüşiñ jansyz,
Eý gelin, görmegin bir ýatan sansyz,
Ol gün wada berip, bolma ygrarsyz,
Bazbent jaýa bukawlyña höwäsem.

Bara bilmen gije, berk bolar jaýyñ,
Amanhan, Owlakdyr, Ýegendir taýyñ,
Barysyn ýygnasañ şasyn, gedasyn,
Özge göre bilmez, size höwäsem.[8]

Şahyryñ bu ýerde getiren "ýörüşin jansyz" ýa-da, özüniñ kimdigini tanatjak bolup aýdan "bir ýatan sansyz" meñzetmeleri şowly çykmandyr. Şonuñ ýaly-da şahyr şygyrda mazmuny hem yzarlap bilmeýär. "Bara bilmen gije, berk bolar jaýyñ" diýen setiriñ manysy yzky setirler bilen tutluşmaýar, bu bolsa çeperçiligine zeper ýetirýär. Şahyryñ köneden gelýän däp boýunça ýazan eserini okanymyzda weli, bular ýaly büdür-südürleri görmeýäris, şygyr öz-özünden akyp durýar:

Asly päk göwher zümerret gaşlary ýaý, Bagtyhan,
Sallanyp öýden çykanda äleme taý Bagtyhan,
Aklyma talañ salyp, huşumny algaý Bagtyhan,
Dostuna gujak açyp, boldy göwnejaý Bagtyhan.[9]

Şeýle-de bolsa bu şygyrdaky wasp edilýän predmet şahyryñ beýleki bir şygryndaky predmet ýaly aýdyñ göz öñüne gelmeýär. Sebäbi Bagtyhanyñ keşbinde standart ölçegleri görýäris, emma Ejegiñ keşbi weli takyk sada oba gyzynyñ keşbi, lirik gahrymanyñ öz söýgülisine bolan garaýşy-da Bagtyhana bolan garaýşy ýaly däl, anyk. Şonuñ üçin-de Bagtyhana garañda Ejegiñ obrazy has aýdyñ. Gurban şahyryñ söýgi lirikasy durmuşda bar bolan gelin-gyzlara bagyşlanylypdyr. Olar: Keýikhan, Ejek, Bagtyhan, Amanhan, Amanja, Owlak ýaly gyzlardyr. Şahyr şol şahslaryñ özlerine mahsus bolan aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetlerini, görk-görmeklerini, sypatlaryny bermäge çalşypdyr. Onuñ gahrymanlary şahya tanyş bolan adamlardyr:

Alys ýerden talwas etdim ýar diýip,
Bu ýerde kararym ýetmez, gelinler.
Biri Ogulsoltan, birisi Tokgar,
Gije-gündiz ahy-zarym, gelinler.

Tokgar hanyñ deñ-duşy oýnar daşynda,
Ala çargat, ýüpek ýaglyk başynda,
Ady Ogultagan ýigrimi ýaşynda,
Gije-gündiz ahy-zarym, gelinler.[10]

Ine, şahyr öz gahrymanlaryny suratlandyranda şeýle real çemeleşýär. Emma şahyryñ söýgi lirikasyndaky köp predmetlilik, köp şahslylyk olaryñ içki häsiýetlerini açyp görkezmäge, ol gahrymanlaryñ lirik gahrymana bolan garaýyşlaryny anyklaşdyrmaga päsgel beripdir, şonuñ üçin onuñ eserleri köplenç olaryñ daşky keşbini suratlandyrmaklyk ýagdaýynda bolupdyr.
Aýal-gyzlarda hiç bir hukugyñ ýok wagtynda, diniñ şeýle güýçli döwründe öz obadaş gelin-gyzlaryby wasp etmegi, olaryñ ýekän-ýekän atlaryny tutmagy we halk köpçüligine tanatmagy ullakan batyrgaýlykdy.
Gurban şahyr öz durmuşy bilen bagly bolan waka bagyşlap hem eser döredipdir. Halk arasyndan ýazylyp alnan maglumata görä, patyşa Russiýasynyñ goşunlary Gurban şahyryñ atyny we ýaragyny elinden alýarlar. Bu ýagdaýdan ugur tapmadyk şahyr Hojaly molladan kömek sorap, şygyr arkaly hat ýazýar. Gurban şahyryñ bu haty näwagt ýazylypdyr, ol belli däl. Şygyrda Hojaly mollanyñ oñat taraplary taryp edilýär we şol wagtda hem kömek soralýar. Şygry okan wagtynda hakykatdan hem şahyryñ kömek soraýandygy görünýär:

At sebäpli arz eder men, bir alaç et, gardaşym.[11]

Emma şygyrda ol atyñ alnyşy, onun sebäpleri görkezilmeýär, ol umumy sözler arkalu wasp edilýär. Bu şygyr şahsy aragatnaşyk ýagdaýyndan çykyp, oda formasyna-mazmunyna öwrülmek kaddyna ýetirilipdir. Şygyrda esasy mazmyn at hakynda, onuñ gidişi hakynda bolmaly bolsa-da, Hojaly mollanyñ öwgüsi şygryñ başyndan başlap aýagyna çenli dowam edýär:

Hak huda salgan nazar joşgunly derýa Hojaly[12] -

- ýaly öwgüli setirler onuñ Bagtyhany taryp edip ýazan şygrynda gabat gelýär:

Hak huda näzik ýaratgyn bir açylan gül kimin.[13]

Şahyryñ bu şygrynyñ esasynda onuñ hut özüniñ şahsy durmuşy, bähbidi subýektiw garaýşy durýar. Eserdäki at gideren lirik gahrymanyñ obrazy tipik obrazdyr. Şonuñ üçin hem bu şygyr halk köpçüliginiñ arasyna giñden ýaýrapdyr.
Gurban şahyr öz ilini, watanyny çyn ýürekden söýýän we daşky duşmana gaýtawul bermäge taýýar adamlar tipinden bolupdyr. Ol Eýran hanlary bilen bolýan uruşlara gatnaşdan mertleri öwüp, watan goragyndan gaçýan namartlary ýamanlap, eserler döredipdir. Şahyr bir gezek urşa gitmekçi bolanda, öz söýgülisi bilen hoşlaşyk hökmünde "Hoş imdi" eserini ýazypdyr. Şahyr ol şygyrda ejizlik etmeýär, tersine, watan üçin şirin jany gaýgyrmaly däl diýen ideýany öñe sürýär:

Ýigide wajypdyr söweşde ölmek.[14]

Şonuñ ýaly-da şahyr söweşde ölen obadaşlary Harawyñ, Nepesgulynyñ ölümine bagyşlap ýörite elegiýalar döredipdir.
Gurban şahyr durmuşy söýen adam bolupdyr, ol halk köpçüligi bilen ýakyn gatnaşyk saklap, gülküli eserler döretmek bilen olaryñ göwünlerini götermek isläpdir. Halk arasyndaky gürrüñe görä, Gurban şahyr Mämmetoraz diýen adamyñ öýne baranda, çaý içmek üçin oña bir döwük käse berýär. Şahandaz şahyr, ol käsäni ýañsylap, ýörite "Käsemiş" atly şygyr ýazýar:

Içi gara goñur, ýelimdir daşy.[15]

XIX asyryñ ahyryndaky we XX asyryñ başyndaky edebiýatyñ ýagdaýy hakynda gürrüñ edilende edebiýatyñ öz temasyny durmuşdan alýandygy, onuñ takyk bar bolan predmeti, wakany, hadysany suratlandyrmaga başlandygy hakynda aýdylýar. Emma hemme predmet, waka, hadysa çeper eserde görkezileni bilen okyjyny tolgundyryp bilmez. Eserdäki suratlandyrylýan predmet, hadysa halk köpçüliginiñ durmuşy bilen bagly bolanda, ýagny durmuşdaky tipiki zat bolanda, ol eser okyjyny tolgundyryp biler. Meselem: Kemine öz içmegini suratlandyrýar, emma Keminäniñ şol içmegi müñlerçe garyplaryñ içmekleriniñ biridir. Gurban şahyryñ beýan edýän käsesi-de Keminäniñ şol içmegini ýadyña salýar.

A.Nurýagdyýew.

_________________________________
[1] Inw. 3110.
[2] Şol ýerde.
[3] Şol ýerde.
[4] Inw. 26, 605, 708, 718, 740, 769, 805, 878, 928, 1084, 1454, 1681, 2012, 2128, 2185, 3070, 3110.
[5] Seret: inw. 718.
[6] Inw. 2185.
[7] Şol ýerde.
[8] Inw. 2185.
[9] Inw. 1454.
[10] Inw. 26.
[11] Şol ýerde.
[12] Şol ýerde.
[13] Inw. 1454.
[14] Inw. 2012. 
[15] Inw. 1681, 2 sah.

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 447 | Добавил: Нawеran | Теги: A.Nurýagdyýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]