13:57

Hekaýa synanyşyk

HEKAÝA SYNANYŞYK
    
Ahalteke bedewi hakda onuň waspyna laýyk geläýjek bir hekaýa ýazmak arzuwy mende owaldan bardy. Bir zady kän arzuwlasaň, soň ol parza öwrülýär. Parza öwrüldigiçe-de, müşgili artýar.
Eli galam tutýanlaryň ählisine belli bir hakykat bar: gowy eser ýazmak üçin ilkinji nobatda oňat dil gerek! Galamasyny aýdyp oturmaýyn welin, bedewiň waspyna gezek gelende, nusgawy edebiýatymyzam, rawy-ozanlarymyzam, häzirki ýazyjy-şahyrlarymyzdyr söz baýlygyny gysganmandyrlar. Şolaryň aýdan-uýazanlarynyň her jümlesinde ýylpyldap gidýän zertylla zerrejiklerini seçeläp goýberseň, ahalteke bedewiniň sözdäki şeýle bir suraty emele gelýär: gulagy gamyşdan, naly kümüşden, toýnagy şirmaýy, ýa:ly ýüpekden, oýny — oglanyň­ky, näzi — gyzyňky, ýörese — ulugyz, sallansa — gelin, sarkanda — suw kibi, syçranda — ýalyn, ýelden ýüwrük, Ýerden agras...
Çyn bedewler adamdan duýgur, adamdan eşitgir hem görgür bolýar diýýärler. Olar öz şanyna aýdylýan belent taryply sözlere-de gaty oňat düşünýän bolmaly. Şonuň üçinem, gadym ussatlar bedewiň waspy üçin sözleriň dürdänesini, sazy­ňam naýbaşysyny saýlapdyrlar.
Ynha, Mätäjiniň meşhur «Bedewindäki» setirler öz sazy, bagşynyň owazy bilen gulagyň­da ýaň­lanyp ugrar:

Men bu gün waspyňny aýdaý, 
türpe nyşanly bedew, 
... Segredip seýle çykanda, 
üsti şemally bedew, 
Şalara tarypy ýetgen, 
şahy-mar tilli bedew... 

Bu tükeniksiz tarypyň taryhy, gör, haýsy zamandan, haýsy asyrlardan gelýändir?! Belli alymlaryň gazuw-agtaryşlara, ylmy açyşlara esaslanyp aýtmagyna görä, ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan öňem saýlama atlary münüpdirler.
Hawa, göwnü­ňe, dünýe döräp, türkmen döräp, onuň bedewem bileje dünýä inäýen ýaly. Ekiztaý ýaly. Ýogsam, türkmen bilen onuň bedewiniň arasynda beýle doganlyk duýgusy, belki, bolmazdy. Diýmek, ahalteke bedewiniň waspam onuň özi bilen bile (behiştden) gelen bolmaly. Şondan bärem bu wasp her bir türkmen balasyna parz bolup galypdyr.
Ynha, asyrlaryň aňyrsyndan Görogly beg gelýändir Gyratyny segredip, iki sözüniň birem «janym Gyratdyr».

Sen atyňa gulluk eýle, 
Çykar donuňy, jul eýle... 

– diýip, egnindäki şa lybasyny çykaraga-da, Gyratynyň gerşine ýapaýmany hiç zatça görmez.
Oguz han atamyzdan bäri dünýäniň dört künjüne özüni tanadyp gelýän türkmen nirä barsa-da, nirede bolsa-da, bedew aty ýanyndaka, özüni ýeke-ýal­ňyz duýan däldir. Görogly begem Gyratynyň boýnundan gujaklap, «Heserdeşim, baş ýoldaşym, Gyrat sen!» diýip, ýöne ýere gözlerini ýaşlamandyr. Nobatguly Rejebowyň «Gyrat» dramasyndaky baş wezirem «Tagsyr, Göroglyny ýeň­jek bolsaň, ony ilki Gyratyndan düşürmeli. Atyň üstündekä, Görogly sa­ňa aldyrtmaz» diýip, ýöne ýerden zynharlaýan däldir.
Özüne «Edebiýaty öwreniş ylmynyň Ezizowy» diýdirip bilen alym Ahmet Bekmyradow «Görogly» şadessany ilkinji nobatda Gyrat hakyndaky eserdir» diýip tekrarlardy.
Ynha, Gurbannazar Ezizowyň öz sesem ýaňlanyp durandyr:

Şat günüňde şatdyr ol, 
Toýda şöhratyň bolar. 
Magşar güni aglanlaň 
Birisi atyň bolar. 

...Gözün süpür, eý, adam, 
Olam adam ahbetin! 

Bedewiň entek özüni görmezden, di­ňe adyny eşidende, islendik türkmeniň onki süň­ňi gamaga dönüp, ýüregi heýjana gelýär. Onsoň, şol bedewiň ýer gyratlap, Zeminiň göwni üçin toýnaklaryny topraga käte bir galtaşdyran bolup, uçup barşyny gören adam «Jan, atym-a!» diýip, zöwwe-zöwwe galmazmy?! Galmanam gör-dä!
Sebäbi, meşhur ýazyjymyz Agageldi Allanazarowyň sözleri bilen aýtsak, «Gyrat biziň her birimiziň ganymyzda aýlanyp, at salyp ýör».
«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýenlerini edip, telim ýyl mundan owal, ussat çapyksuwar, ussat seýis, meşhur Annaseýit seýsiň agtygy Kakamyrat Agamyradowyň ýanyna bardyk. Ugruna bolsa, ahalteke bedewi hakda özümizçe bir dokumental filmjik edäýmek hyýalymyzam ýok däldi. Ol arzuwymyz doly başa barmasa-da, şonda Kakamyrat seýsiň beren käbir gürrüň­leri eser ýazanyň­da «gözü­ňe degäýjek» ýatlamalar bolup hakydamda galypdyr:
— Adamlaryň hersiniň öz gylyk-häsiýeti bolşy ýaly, her bir aty­ňam özboluşly hüý-häsiýeti bolýar — diýipdi seýis şonda. — Käbir at daşyndan görmäge äwmezegräk, haýal-ýagalrak ýaly, emma aýlawa girende welin, düýbünden başga ata öwrüläýýär. Käbir at ýaryşda yza galsa, öýkeläp, namys edip, ot-suwu­ňam ýüzüne seredenok, käbiriniň bolsa perwaýyna-da däl.
Ynha, şu taýda Gülüstan diýip birimiz bar. Ula gidende, bir görseň-ä, hol öň­de süýnüp barýandyr, birdenem garadan gorkan ýaly yza galaýýar, soň ýene atylyp ugraýar. Üstündäki çapyksuwaram gyssasyn-gyssamasyn, pi­ňine däl. Öz bileni — öz diýeni. Ahyrsoň­da, köplenç ol ozmasyna ozýaram, ýöne şo­ňa çenli ýüregi­ňi bir owuç gara suw edýä-dä...
Başga-da, bir uruş weteranynyň, ors adamsynyň beren gürrü­ňi ýadymda:
— Türkmenistanda doglup, önüp-ösenim üçinmi ýa-da ýaşlykdan atçylyk bilen gyzyklanamsoň­my, geçen uruşda meni kawaleriýa atly goşuna aldylar. Bagtyma, bir türkmen atam nesibämden çykaýdy. O taýda her dürli atlar bardy. Ýöne şolaryň arasynda türkmen bedewiniň käbir gylyklary bizi aýratyn geň galdyrýardy. Birinjiden-ä, türkmen aty hiç zatdan: topdan-tüpeňdenem, gümmürdi-gümpüldidenem gorkanok, ürkenok. Eýesi gorkmasa — bolany. Soňam ol her hili ýagdaýda-da, üstündäki esger ýaralanyp ýykylsa-da, ony taşlap gidenok. Şol horguryp, daşyň­dan aýlanyp durandyr janawar...

* * *

Megerem, her bir ýazyjam öz ýazjak eseri üçin ilki şeýdip maglumatdyr ýatlama baryny ýygnaýandyr. Ýöne uly halypalaryň biriniň aýdan pendem, belki, hemmämiziň ýadymyzdadyr: «telperräk ýazyjy öz gören-eşiden, bilýän zatlarynyň baryny eserine saljak bolýandyr, gowy ýazyjy welin, şol zatlaryň di­ňe ondan birini eserde görkezýändir, galanyny setirleriň arasynda bukýandyr».
Menem gowy ýazyjy boljak bolub-a däl (essagpurulla!), ýöne ahalteke aty hakdaky, ahyrsoňy eýdip-beýdip tamamlan hekaýamda bu behişdi bedewe degişli ýygnanjalarymyň ondan birinem peýdalanyp bilmedim. Emma ol zatlar hekaýa girmese-de, göwün depderimde ömürlik galdy. Ýöne olar yrýa-da bolmaz.

Kömek KULYÝEW.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 469 | Добавил: Нawеran | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
"Bir zady kän arzuwlasaň, soň ol parza öwrülýär"...Üýtgeşik, çuňňur jümle. Çuň manyly tymsal bolupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]