01:43

Hydyr atanyñ gözleginde

Hydyr atanyň gözleginde 

Men Hydyr atany gözleýärin. Oňa duşsaň üç sany arzuwyňy bitirýärmişin.
Ol orta boýly, çuw-ak sakgally, sadalaç geýnen, güler ýüzli  garryja gojamyşyn diýerdiler. Ol duşan adamsyny synap görmek üçin, haýsydyr bir haýyş edýärmişin. Salyhatlymyň—dälmiň, barlap görýärmişin. Şol haýyşynyň ýönekeýje bolmagy-da, tersine, bitirmesi kyn bolmagy-da, onuň seni duýdurman synamagy-da mümkinmişin.
Eger deňiňden salam bermän ötseňem, biweçlik edip janly-jandarlara  azar berseňem, agaçlary döwseňem, eneň-ataňy käýindirseňem, biriniň möhümini-haýyşyny bitirmeseňem, garaz, adamkärçilige gelişmeýän zatlary etseň, onuň synagyndan gowy geçmeseň, senden tamasy çykmasa, derrew gözden gaýyp bolýarmyşyn.
Göwnünden tursaň welin, ol hoşal bolup, salamyňy mähirli alyp, ikellap gadyrly görüşýärmişin. Şonda onuň Hydyr atadygyny ýа-da däldigini bilmek üçin, sag eliniň başam barmagyny özüne bildirmän, çalaja basyp görmelimişin. Eger ol, dogrudan-da, Hydyr ata bolsa, onda onuň başam barmagy süňksüz bolýarmyşyn.
Ony tanan dessiňe, öňden ýüregiňde besläp ýören üç sany arzuwyňy aýtmalymyşyn. Ol ýylgyryp: «Arzuwyň amala aşar, enşalla!» diýip, doga okap, gol göterägede, gözden ýitýärmişin. Onsoň garaşybermelimişin. Ara wagt salman, üç arzuwyň hem yzly-yzyna amala asýarmyşyn. Ýöne  şol garaşyp ýörkäň, bir bolgusyzlyk etseň, adamkärçilikden daş düşseň, hernäçe garaşanyň bilen-de, arzuwlaryň amala aşmaýarmyşyn.
Şonuň üçinem, men oglanlygymdan Hydyr ata pisint adam görsem, gözüne ýagşy görünjek, synagyndan şowly geçjek bolup jan edýärin. Elleşip görsenimde bolsa, başam barmagyny çalaja basyp görýärin. «Ol meni bildirmän kesämden synlap duran bolaýmasyn» diýip, elmydama oňatlyga ymtylýaryn.
Henize çenli men oňa gabat gelemok.
Belki, ony siziň araňyzdan taparyn.
Men Hydyr atany gözleýärin...

Hemra ŞIROW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 569 | Добавил: Нawеran | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]