13:25 Indi bilýän... | |
INDI BILÝÄN...
Bilmändirin, ahmal eden ekenim, Ser sämeden ýelgininde ýaşlygyň, Bir agajyň öwrüljegin tokaýa, Birje damjaň deňiz bolup daşjagyn. Indi bilýän bu durmuşa keseden Garanym bigäne synçy deý ylla. Agyr kerwenleriň uzyn ýollarda alynmadyk demi-dynjy deý ylla, Awara-awara aýlanypdyryn Aýlawda azaşan çaman at ýaly... Indi bilýän ömrüň özümkidigni, Ýaşanym alynma-amanat ýaly. Dymmak mydam hözir berip durmy nä?! Altyna deň görseler-de dymmagy, Öz sözüm aýdaýyn. Gyrçap aýraýyn Ömrüme ýapyşan goşadyrnagy. Indi bilýän, öz-özüme ynanman, Özgelere asla ynanyp bilmen. Öz söýgim ýüregmi çoýup durmasa, Özgäň söýgüsine ýylanyp bilmen. Bire baglaýyn-da, başlaýyn, ýogsam, Agar-döner, bu bir däli göwündir. Bir ýerden owazy gelýär aýdymyň: «Kim aýdypdyr dünýä bäş günlük diýip, Ömür bir gün, olam, ynha, şu gündür..." Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |