19:28

Jomart we husyt / erteki

JOMART WE HUSYT

Gadym zamanlarda bir daýhan kempiri we agtygy bilen ýaşapdyr. Ol sada, hoş göwün, zähmet çekmegi halaýan jepakeş adam eken. Ýer bejerip, ekin ekip gün-güzeranyny dolarmyş. Kempiri öýüň keşigini çekipdir, agtygy  atasynyň yzyndan azyk-suwluk daşapdyr, mamasyna ýardam edipdir.
Daýhanyň iş maly bir ýabysy bolup, şonuň bilen ýer sürüp, galla ekýän eken. Döwek döwmek hem şol janawaryň boýnunamyş.
Günleriň birinde daýhan ekin ýerini bejerip ýörkä sürüm azaly bir zada ilteşipdir. Gazyp görse ol daşy syrçaly ullakan bir owadan küýzemiş. Ony  gazyp çykarmak daýhanyň bir özüne başartmandyr. Onsoň ol agtygyny, agtygy bolsa mamasyny çagyrypdyr. Üç baş bolup  iteläp-çekeläp humy zordan bir gyra çykarypdyrlar. Gapagyny açyp görseler onuň içi altyn-kümüş tyllalardan dolumyş. Agyr humy at  arabasyna ýüklemek olara kynlyk bilen başardypdyr.       
Daýhanyň goňşysy husyt, kesekiniň zadyna göz dikýän, ulumsy adam eken. Zerurlyk çykyp iş gurallaryny we enjamlaryny haýyş edip gelýänleriň hiç haçan möhümini bitirmez eken. Gaýtam, maşgalasyndan hem bar bolan zadyny gizläp, diňe baýlyk toplamagyň aladasyndamyş.        
Goňşusynyň uly bir hazynanyň eýesi bolandygyny eşidende onuň kalbyny bahyllyk gurşap alypdyr. Bahyllyk damarlarynda gany möwç urup, tasdan  ýüregi ýarylan eken:        
- Näme üçin goňşyma hazyna nesip edýär-de maňa şeýle baýlyk ýetdirenok? — diýip, gijelerine  uklap bilmändir.        
Günleriň birinde ekin ýerinden syrçaly hum tapan husyt begenjinden ýaňa  tasdan uçan eken. Mäkäm petiklenen küýzäniň gapagyny açmak oňa  başarmandyr. Ýöne husyt uly bir mirasyň eýesi bolandygyny hiç kimiň--hatda maşgalasynyň hem  bilmegini islemändir. Ol küýzäni döwende onuň  içinden  ullakan bir ýylan çykypdyr. Ala ýylan husydyň daşyna mäkäm saralyp, ony gysyp başlapdyr.        
- Waý, bagtym ýatdy-leý, dadu-bidat, ýetişeweriň, adamlar!- diýip, çirkin sesi bilen adamlary  ýardama çagyrypdyr. Ýöne şol pursatda daş-töwerekde jemende ýok eken.    
- Ine, husyt sen kesekiniň baýlygyna göz dikip niýetiňden  tapdyň— diýip, ýylan ynsan dilinde gürläp başlapdyr.
- Jepakeş adamlara, goňşy-golamlaryňa  görüplik etseň heziliňi alaryn!        
Ýylan husydy azat edensoň ol adam toba gelipdir we arassa zähmet çekip başlapdyr.
Häzir ol goňşulary bilen gowy gatnaşyk saklaýarmyş..

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Ertekiler | Просмотров: 518 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

At bilen itiň söhbedi - 07.01.2023
Русалочка / сказка - 02.04.2023
Gözüň görenine ynanmalymy?! - 07.01.2023
Tilki bilen şagal - 07.01.2023
Gülüni söýen, tikeninem söýer - 07.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]