11:45

Ketje sorag / satiriki hekaýa

KETJE SORAG

Lakgy lektor leksiýasyny gutardym edip, prezidiumda irkiljiräp oturan partorgyñ ýüzüne gedemlik bilen seretdi. 
- Men-ä boldum, belki... - Ol üsgünjiredi. Gapdalynda, münberiñ üstünde goýlan stakandaky suwdan hopurdadyp owurtlady.
Partorg gözüni owkalaşdyryp zala seretdi.
- Onda, näme, soragyñyz ýok bolsa...
- Bar - diýip, ortaky hatardan kimdir biri zöwwe ýerinden galdy.
Partorg gözüni tegeläp, ses gelen tarapa seretdi. Gulagyny gabardyp, ýañky dyzmaç pyýadanyñ soragyny diñledi.
- Ýoldaş lektor. Siz, ýañy çykyş edeniñizde, 173 gezek "durgunlyk ýyllary" diýen sözi ulandynyz. - Zalyñ gowry köpeldi. -  Hawa, men sanadym. Ylaýyk 173 gezek aýtdy - diýip, ol töweregine garanjaklady. Soñra sözüni dowam etdirdi. - Näme üçin. Brežnewiñ döwrüne "durgunlyk ýyllary" diýilýär. Gaýtam, şol döwürde dükanlarda adyny tutan zadyñ bardy ahyryn...
- Ýaýk, muñ keçje sorag berşine seret. Wot, imenno, gepem şonda-da. Öz aýdyşyñ ýaly. Şo döwürde adyny tutan zadyñ dükanlarda durardy. Ine, şoñ üçinem o döwre "durgunlyk döwri" diýilýär...
Lektoryñ jogabyndan özüçe many çykaran oba adamlary "durgunlyk döwrüniñ" ýene-de gaýdyp gelmegini arzuw edişip dargadylar.

Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 469 | Добавил: Нawеran | Теги: Täçmämmet JÜRDEKOW | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]