19:13

Kurt Wonnegut

KURT WONNEGUT

Kurt Wonnegut (Kurt Vonnegut Jr.), meşhur amerikan ýazyjysy. 

Kurt Wonnegut 1922-nji ýylyñ 11-nji noýabrynda ABŞ-nyñ Indianapolis şäherinde doguldy. Ol Kornell uniwersitetinde biohimiýadan bilim alandan soñ Ikinji Jahan urşunda Ýewropada gulluk etdi. Ýazyjy uruşda nemes faşistlerine ýesir düşdi we Drezden şäheriniñ soýuzdaş güýçler tarapyndan bombalanşynyñ gözli şaýady boldy. Bu waka Wonneguta düýpli täsir etdi we munuñ netijesinde iñ meşhur eseri bolan "Gassaphana No:5" ("Slaughterhouse-Five") romanyny ýazdy. Ol bu kitaby arkaly häzirki zaman amerikan ýazyjylarynyñ iñ saýlama wekilleriniñ biri bolmagy başardy. Uruşdan soñky ýyllarda entek ýazyjylyga ymykly baş goşmanka Çikago uniwersitetinde antropologiýa ugrundan spesialistleşdi. Eserlerini başda ylmy-fantastiki žanrda ýazyp başlady we ilkinji neşir edilen romany "Awtomatik pianino" ("Player Piano") bu žanrda Wonneguta uly şöhrat getirdi. Ondan soñky ýyllarda ýazan kitaplarynda özüniñ hernäçe ylmy-fantastika žanryndan uzaklaşandygyny aýdýanam bolsa, ýazan kitaplarynda bu žanryñ täsirlerini görmek bolýar. 
K.Wonnegut dünýä edebiýatynda öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy. Duglas Adams, Bill Braýson, Pol Auster, T.Koraghessan Boýl, Jonen Waskez, Luis Saçar, Jorj Sanders, Haruki Murakami, Karlton Mellik III, Kula Şaker ýaly tanymal ýazyjylaryñ eserlerinde onuñ täsirlerini görmek bolýar.
Ýazyjy 2007-nji ýylyñ 11-nji aprelinde aradan çykdy.

■ ESERLERINDEN:

1). "Awtomatik pianino" ("Player Piano", 1952);
2). "Titanyñ sirenalary" ("The Sirens of Titan", 1959);
3). "Ene gije" ("Mother Night", 1961);
4). "Pişigiñ sallançagy" ("Cat's Cradle", 1963);
5). "God Bless You Mr. Rosewater" ýa-da
"Pearls Before Swine", 1965);
6). "Gassaphana No:5" (Slaughterhouse-Five" ýa-da "The Children's Crusade", 1969);
7). "Çempionlaryñ ertirligi" ("Breakfast of the Champions", 1973);
8). "Slapstick" (ýa-da "Lonesome No More", 1976);
9). "Türme guşy" ("Jailbird", 1979);
10). "Deadeye Dick", 1982;
11). "Galapagos" (Galapagos, 1985)
12). "Gök sakgal" ("Bluebeard", 1987);
13). "Hocus Pocus", 1990;
14). "Timequake", 1997 we başgalar...

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 440 | Добавил: Нawеran | Теги: Kurt Wonnegut | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]