09:51 Maňa «Zehinli şahyr» diýlende «Zehinli» sözüni çyzan edebiýatça | |
Oňarypsyň! Wah, men gaty kütek-le,
Zehin nämişlesin bu däli başda. Özümem şol sözi rowa görmezdim Magtymguly bilen Puşkinden başga. «Ýer-gök arasynda ýeke hudaý bar — Ol hem aýal!»—diýen Kerbaba dagy, Diýerdim: «Berdişka, inim, ýaş bolýaň, Saýgaryp bileňok sol bilen sagy». Lorkaň şygyrlarny ykrar etmezdim! Gepletmezdim nemeslerde Geýnäni. Haýýama diýerdim: «Meý janyň aljak, Ne Maňňydy bilýäň, ne-de Daýnany». Alatoganyňy oňar Ýesenin! Kemine, geziber içmegiň bilen. Walla, ataň-babaň şygyr ýazypmy, Dogru-da, namartlap gaçmagam bolar. Kepelede öýüň dik-de, şeýle diý: «Besdir indi, goý, özgäni çekeläň». Zehin näme, ýarowjana gygyr-da, Gez yzynda bir bölejik çekenäň... 1984 ý. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |