18:13

Maşgala agşamlygy / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 261 | Добавил: Bagabat | Теги: Kadzuo Isiguro | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Garadag  
128
ugurdaş ulagçylyk - awtostop boýunça syýahatmy?

0
2 Bagabat  
43
Bildiň. :-)

0
3 Bagabat  
43
Kadzuo-sanyň bu hekaýasynda gatlakdyr köpmanylylyk sanardan köp:

1. Çuňňur dessurlaýyn jemgyýetçilik gurluşynyň başga jemgyýetleriň daşky täsirleriniň esasynda kynlyk bilenem bolsa assa-ýuwaşdan, ýyllaryň geçmegi bilen özgerişi (baş personažyň kakasy);

2. Özgerip bilmedik, özgermegi başarmadyk dessurlaryň, şol global täsirlere tap getirip bilmän öz-özünden ýok bolşy (Watanabeniň özüne kast etmegi);

3. Şol köne, jemgyýete mundan beýläk özgermäge päsgel berýän, şol özgerişlikleri kabul edip bilmeýän dessurlar öz-özünden ýitip gidenlerinde-de olaryň jemgyýetiň beýleki düzüm böleklerine ýetirýän zeleli (Watanabeniň öz maşgalasyny heläklemegi);

4. Täze dessurlaryň, edim-gylymlaryň öň bar bolan dessurlaýyn düzüm böleklere goşulanda, täsir edende olaryň ilki gorka-gorka, gizlenibräk gelşi (baş personažyň uýasynyň bolşy, kakasyndan syryny gizleýşi, bukulyp çilim çekişi);

5. Önüp-ösen jemgyýetinden başga jemgyýetde ýaşap, oňa eýigen baş personaža dogduk öýüniň (doglan jemgyýetiniň, milli dessurlarynyň) ýat görnüşi, şol birwagtda-da nostalgiýa (ejesi, baglary, köne guýy, çagalyk ýatlamalary we ş.m.);

6. Çagalykdaky salgym-ruh kempir, onuň ejesiniň garran keşbine birme-bir meňzeş bolmagy — ýapon milli mistiki-mifologiki dünýägaraýşynyň, Günbataryň, esasanam ABŞ-nyň ýygyndydan ýygnanan, global multimillet jemgyýetiniň çuňňur obýektiwizme, pragmatizme, rasionalizme, materializme esaslanýan dünýägaraýşy bilen birwagtyň özünde hem çapraz hem-de utgaşyklyrak gelmegi;

7. Kakasynyň iki dünýägaraýşyň, iki jemgyýetçilik zamanasynyň arasynda duran köpri hökmünde hyzmat edip, täzäni hem könäni sazlaşykly, duşmançylyksyz birleşdirmek üçin ogluna, gyzyna «bir öýde ýaşamagy teklip etmegi, olar üçin gapynyň hemişe açykdygyny aýtmagy»;

8. Ahyrynda-da awtoryň köne bilen täzäni ýa-da iki, üç, bäş, on sany biri-birine kybap gelmeýän dünýägaraýyşlary, ýaşaýyş-durmuş paradigmalaryny sazlamak üçin salgy berýän çykalgasy — bir saçagyň başynda jem bolup, birek-birek bilen «nan döwüp», iň bolmanda «düşünişmäge» synanyşyp görmek;

9.Mundan başga-da bag – bu dünýä bolsa, ondaky köne guýy – ynsanyň, ynsanyýetiň aň ýetirmedik, aň ýetirmäge heniz aňy hem ýetmeýän syrlarynyň simwoly, öý – dogduk diýar, watan, doglan jemgyýetiň, oýnawaç gämijik – hem-ä özgermegiň simwoly, hem-de çagalygyňam, ýatlamalaryňam simwoly we ş.m..

Juda, juda matally simwolizme ýugrulan, umumadamzat ähmiýetli çagyryşlardan hem ýagşy niýetlerden püre-pür eser ekeni.

0
4 Bagabat  
43
Ýene-de fransuz ýazyjysy, filosofy, Bernard Werberiň (18.09.1961ý.d.) şu sözleri ýadyma düşdi:

“Meň pikir edýän zadymyň,
Meň aýtmak isleýän zadymyň,
Meň göwnüme bolmasa, diýip duran zadymyň,
Meň hakykat-da diýip duran zadymyň,
Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň göwnüňize bolmasa, eşidip duran zadyňyzyň
hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň düşünip duran zadyňyzyň
arasynda,
düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty) dur.
Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň...”...

(Perişdeleň şalarşalygy (imperiýasy). Fransuzça: L’Empire des anges – 2000).

0
5 Bagabat  
43
Aslynda, Isiguro-dono («dono» ýaponlarda kowumbaşy ýaşula ýüzlenilende ulanylýan hormat suffiksi), 2017-nji ýylda, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureaty. Onuň ýazyjylyk ampluasam çuňňur pelsepeçil, psihologiki tapmaçaly, krossword-eserleri ýazmak. Şeýle eserleri ussatlyk bilen ýazýaram.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]