04:42

Meniñ esger oglum! / oýlanma

MENIÑ ESGER OGLUM

Meniň esger oglum! Her gün saba säher al-şapagyň nurly şuglalary gadymy zemini öpeninde, sen tarapdan bize sary öwsüp gelýän ýellerden, owadan gijeleriň jümmüşinde ýyldyzlaryň ýanyp-öçmesinden saňa bolan buýsanç duýgularyma berlip, seniň ýagdaýlaryňy soraýan. Ine, bu gün hem gül-gülälege beslenen baýyrlykda, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan nurlanyp, täzeden bina bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ak mermer şäherimiz Aşgabadyň çäksiz gözelliklerini synlap oturyşyma, hyýallarymyň söhbedi ýene-de sen hakda boldy.
Durmuşda köpler çagalykdan saýlanandan ata Watanyny goramagyň arzuwy bilen harby gullukçy diýen hormatly käriň eýesi bolýarlar. Şonuň üçinem seniň başyň dikliginde, janyň saglygynda, il hatarynda esger eşigini geýip, Watanymyzy goramak bagtyna eýe bolanyň üçin men Biribara müň kerem şükür edýärin.
Meniň esger oglum, Watan gerçegi! Ýurt goragçysy bolmak her bir erkek kişi üçin parzdyr. Munda elmydama eliňi ýüregiň üstüne goýup, janyň-teniň, päk wyždan, ak göwünlilik, dogumlylyk bilen ýerine ýetirilmeli borçlar bardyr. Hormatly Prezidentimiz: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, Watan goragçylaryna öwüt-ündew edýär. Hakykatdanda, Watan başyňa deňäp, gözüň göreji deý söýmeli ezizligiňdir. Bu mukaddes topragyň her daban ýerini, ýekeje çöpüni, asmandaky sansyz ýyldyzlaryndan başlap, ýerdäki ýekeje daşyna çenli keramat bil. Bu mukaddes toprak biziň merdana pederlerimiziň gahrymançylyk görkezip goran topragydyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyzyň aýak yzlarynyň tozy galan bu eziz topraga sežde edip, Watany goramak her ynsana parzdyr.
Seni gulluga ugradan günüm ene-mamalarymyzyň uzak ýola gidene çörek ýoldaş bolýar diýen yrymlaryna eýerip, saňa tamdyrdan çykan gyzgyn çöregiň duzuny dadyrdym. Soňra çöregi maňlaýyma togap edip, «balamyň nesibesi öýüme çeksin, onuň goragçysy bol!» diýip, iki elimi ýüzüme sylyp, kän-kän dilegleri etdim. Ugramaly wagtyňda otla münüp, eliňi galdyryp hoşlaşan pursatyň şol duran ýerimde duryberipdirin. Özüm duýmazdan gözümiň owasyna dolan buýsanç göz ýaşlarym ýaňagymdan syrygansoň, özümi dürsedimde, sen tarapa ýöräp ugradym. Hut şu pursata garaşyp duran ýaly ýerinden gozganan otly hem şolbada ugrady.
Meniň esger oglum! Şol minutdan başlap sen esger durmuşyna gadam basdyň. Ana şol pursatdan hem ene kalbymda saňa üýtgeşik duýgudaşlygyň dörändigine haýranlar galdym, «meniň üçin enelegiň hakyky durmuşy başlandy öýdýän» diýip, öz dünýäme berildim.
Meniň Günden gorap, ýelden ýelpäp, ynjytman, ese-boýa galdyryp, kämillige ýetiren eziz oglum! Ýigit çykanam bolsaň, meniň üçin şol çaga päkizeligi, sadalygy bilen uly iliň içinde at-abraýly Watan öňündäki borjuňy ýerine ýetirip, beren ak süýdümiň, duzumyň, dogduk öýüň, hormat-sarpasyny haklagyn. Şonda seniň üçin çeken yhlaslarymyň, beren edep-terbiýämiň ýerine düşendigine guwanyp, buýsanyp, ene kalbym rahatlanar.
Wagtyň geçäýşini. Seniň çagalygyňdan şu günlere çnli aradan bir menzil geçäýipdir-ow. Düýn ýalydy, bäbejik wagtyň seniň garaja gür saçjagazlaryňy ýokarylygyna sypalap-sypalap, birgeňsi hüžžerdip goýup, gülşüp oturanymyz. Ylgap ýören wagtlaryň-a seniň çalasyn hereketleriňe söz ýokdy.
Mekdepde okaýan döwürleriň okuw sapaklaryňa diňe bäşlik bahalar bilen ýetişjek bolup, dyrjaşýardyň. Şonda men saňa şeýle bir guwanýardym, ýöne bir tarapdanam saňa dözemokdym. Äwüp-säwüp gündeligiňe bir dörtlük düşäýse dagy, ýürejigiň bilen gynanardyň. Şonda men: «Goý, oglum, zyýany ýok, sen okuwça» diýip, köşeşdirýärdim. Ýöne sen barybir bahaňy bäşlik etmeseň ynjalmazdyň.
Şu zatlary ýadyma düşürip, her sapar mawy ekranyň üsti bilen esgerler üçin goýberilýän gepleşiklere tomaşa edenimde ýakymly duýgular serime dolýar. Jandan eziz görülýän Watanymyzda halkymyzyň erkana, asuda, parahat ýaşaýşyny goramaga taýýar dogumly, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly bagtyýar, eşretli döwrümiziň bagtly ogullarynyň arasynda meniň esger oglum, seniňem barlygyň başymy göge ýetirýär. Has dogrusy, bir gez beýgelýän, mukaddes ata Watanymyzyň serhediniň goragynda duran gerçek ýigidiň ejesi hökmünde durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgim has-da artýar.
Meniň esger oglum! Seniň nesibäňe Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynda gulluk etmek bagty düşdi. Sen indi watançy esger, borjuň, parzyň, jogapkärçiligiň uly. Bu ýerde hakyky watanperwerligiň mekdebini geçersiň. Bu eziz Watanymyzyň goýnunda ýaýylyp ýatan mukaddes, keramatly topragy başyňa täç edip goramagy öwrenersiň. Ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygymyzyň goragynda bolarsyň. Bu uly bagtdyr, ynsan ömründe muňa ýetesi zat hem ýokdur. Nesip bolsa, seniň bu mukaddes jogapkärçiligiň hötdesinden geljekdigiňe men berk ynanýaryn. Ýöne, her näme bolanda-da, ähli eneleriň jigerbendine kökenek gerşi deýin, sen hakdaky aladalar bilen ýaşamak endigime öwrülipdir, oglum! Emma meniň üçin dünýäde hut şu aladadan süýji zat ýok. Durmuşyň her bir pursatynda öz perzendine goldaw, hemaýat etmek, öwüt-nesihat bermek hem ene üçin iň uly borç. Saňa gulluga diýip, ugran günüňden berk tabşyryp aýdýan nesihatym bar. «Elmydama erjel, hüşgär, eserdeň, gujur-gaýratly, esger kasamyna wepaly bol!»
Men hyýalymda seniň bilen gürleşip oturyşyma wagtyň birçene baranynam duýmandyryn. Giň töri saňa küýsegli öýümizde ýüregimiň ak arzuwlary biygtyýar dodaklarymyň pyşyrdysyna öwrülip gitdi. «Goý, saňa sary uzaýan uzak-uzak menzilleriň ugrundaky gül-gunçalar, baglyklar, sonarlyklar, sähralar dünýäniň iň ajaýyplyklaryny dilesinler, eý, meniň esger oglum!»

Sona ILMUHAMMEDOWA.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 546 | Добавил: Raýdaş | Теги: Sona Ilmuhammedowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]