01:40

Nar

Категория: Goşgular | Просмотров: 418 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.7/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024

Teswirleriň ählisi: 4
1
1 Revo  
484
"Ýetişen nar şahasynda düzümdi,
Gol uzatdym,üç nar birden üzüldi.
Bir şahada ýetişse-de bary,
Görsene,bişmändir ýary."

"Görsene, bişmändir ýary" diýen setiri okanyňda, bir naryň ýarymy ýada ählisiniň ýarydygy, göni belli bolmaýar. "Görsene, bularyň bişmändir ýary" diýseňem boljak ýaly welin, üç naryň ýary, bir ýarym nar, olam birhiliräk eşdilýär.

"Biri çala,biri orta,biri öte bişipdir.
Ýogsa ir dal,mazaly güýz düşüpdir."

Ýöne, biri, biri, diýip durmaklyk ýadatýar we goşgynyň okalşyndaky akgynlygyny pozýar.
"Çala, aram, aşa bişipdir" diýseňem boljak ýaly...

Güýz, gyş, müdümi uky, gorkuzyp goýupsyňyz gelneje. Käşkä gyşdan soň ýazyň geljeginem söýlän bolsadyňyz.
Naryň üsti bilen gysgajyk adam ykbalyny suratlandyrýan oňatja goşgy bolupdyr. Eliňize saglyk.

1
2 Mähriban  
607
Gelneje, şeýle gowy goşgularyňyzyň höwri köp bolsun! "Bişmäge" (kämillige) barýan ýoluňyzda diňe gowulyklar ýaranyňyz bolsun!

1
3 Mähriban  
607
BAGYM
(Gyzylgül Annagylyjowa)

Bagym!
Sygmamda aldawçy dünýä,
Batan günüm gara-aga.
Agy goýup sähere,
Garany goýup gahara
Bagym, seň ýanyňa geldim
aglamaga...

Ýöntem gelse agşam-saba,
Howalaly bolsalaram
Men daglary gördüm gara.
Tämiz saýsamam ak süýdi
Siňňin-siňňin bakan çagym
Päk süýdem göründi gara.
Eý, jennetden nyşan bagym,
Geldim saňa - aglamaga.

Eý, bag!
Meňem saňa meňzäsim,
gülläsim,
miweläsim,
solasym,
günleň birem merdem doňasym gelýär.
(ahmal entek humaýguşy
Erem bagyn agtarýandyr
saýasynda saýalara
ýa-da az-kem tolgunýandyr
her demine höwür boljak
agras baga baglanmaga.)
Bagtymy sepip sähere,
Bagymy ekip bahara...
Eý, bagym! Bu gün saňa geldim
aglamaga...

Suraý Babanyýazowa.

1
4 mango  
651
gowy pikirlenme....
menem öz wariantymyň eskizini oklaýyn...
belki, gahryman nar ýarynýar.
o-da çig çykýar.
ikinjini ýarýar - ýarym çig.
üçünjini ýarýar.
gyrmyzy däneler seçelenip gidýär.
(nar däneleri - bereketiň hem simwoly öýdýän).
käbir ezilen dänlerden gany ýatladyp şire çykýar.
elleri gyrmyzy, gana boýalan ýaly hem şonda, gahryman ölümi ýatlaýar.
nar däneleri ýaly amallaryň hasap-hesibinde "Haýsy nara meñzejeginiň" pikirine çümýär.
"Çig gelip, çigligñe gitmän,
Bişip ýetişermikäñ?" - diýip oýa batýar we ş.m.-räk.
---
gyzylgül hanym. serdar daýyň goýýan "melekler" proýektinden täsirlendigiň geräm. :-)
size peýdasy degendir öýdýän.
haladym bu goşgyňyzy.
üstünlikler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]