12:16

Näsag /hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 546 | Добавил: Atayew | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024

Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Dunyagozel  
458
gaýypdan gelen diýmek näme bolýa?

0
6 Bagabat  
43
Orta asyrlarda yslam dininiň sopuçylyk ýolunda "Älemi-gaýb - ylahy älem, göze görünmeýän syrly dünýä, pynhan dünýä" diýen çuň we giň manyly düşünje bolupdyr. Bu düşünjäniň gapma-garşy düşünjesi bolsa "Älemi-aýýat ýa-da Älemi-aýan, ýagny hemmelere mälim, aç-açan, açyk, göze görünýän dünýä" diýlip atlandyrylypdyr. Soň wagtyň geçmegi bilen bu iki düşünje ilk-ä şahyrlaryň, bagşy-ozanlaryň dilinde "Gaýyp we Aýat" diýen görnüşde sadalaşypdyr, soňam halk köpçüliginiň aňyna ornaşypdyr. Şeýlelikde häzirki zamanyň aň ýetiriş çygrynda:
Gaýyp - bu göze görünmeýän, syrly, ylahy, ruhy dünýä;
Aýat (ýa-da Aýan) - biziň ýaşap ýören şu dünýämiz;

0
2 Dunyagozel  
458
Hekaýany okanlaram başyndaky aýdýanlaryna men ýaly ynanan bolsa däli bolýamy cry

1
7 Bagabat  
43
Gözüne gara görünmek, kimdir bir göze görünmeýän biri bilen gepleşmek, yzyna gara düşmek ýaly simptomlar lukmançylyk ylmynda hakykatdanam psihiki, ýagny ruhy bozulmalaryň haýsam bolsa bir görnüşiniň alamatlary hasaplanýar. Elbetde ruhy bozulmalaryň dürli-dürli görnüşleri bar. Olar agyrlyk derejesi, alamatlary boýunça biri-birine çalymdaş bolsalar-da, özara tapawutlanýarlar. Türkmençilikde bolsa psihiki bozulmalaryň hemmesine diýen ýaly "dälilik" diýläýýär. Ýöne hakykat-da "däli" diýen söz gadymy oguz-türkmen dilinde aklyň üýtgemegini däl-de, jeň meýdanynda ýa-da gazaba münenlerinde öz-özüňi goramak instinktini düýbünden inkär edip, söweşde serden geçýän, gazaply hem gaýduwsyz hasgurtlary (esgerleri), alplary, bahadyrlary (batyrlary) aňladypdyr. Soň wagtyň geçmegi bilen halk köpçüligi özüni umumy ykrar edilen özüňi alyp baryş düzgünlerine görä alyp barmagy başarmaýan adamlary - ruhy näsaglary we ş.m.-leri şu söz bilen aňladyp başlapdyrlar.

0
8 Bagabat  
43
Hekaýada ýol berlen säwlik bolsa, ruhy bozulma hakynda diagnozy (kesel kesgitlemesini) psihoterapewt lukman goýmaýar. Ol eger-de syrkawda şeýle keseliň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykaryp, onuň ruhy taýdan kesellidigine şübhelense, ony psihiatr lukmanyň ýanyna ýollaýar. Şol hem näsagyň ruhy taýdan kesellidigini ýa-da däldigini gutarnykly kesgitleýär we onuň ruhy keseliniň görnüşini kesgitleýär (diagnoz goýýar). Ruhy taýdan näsagy ýatymlaýyn bejerişe (ambulator däl-de stasionar bejerişe) ýerleşdirmek meselesinem diňe psihiatr, adatça bolsa, psihiatrlaryň we ugurdaş lukmanlaryň konsiliumy (topary) çözýär. Psihoterapewt bolsa, adatça, newroz, ukusyzlyk, stress, dowla düşmek ýaly ýeňil beýni-ruhy bozulmalaryny kesgitlemek hem-de bejermek, bejermäge ýardam bermek bilen meşgullanýar.

0
3 Pegas  
98
Biziň obada hem bir aýal bar öz-özünden gepläp ýören...

0
4 Gurgencli  
324
Ajaýyp hekaýa. Adamda şular ýaly ýagdaýlar bolmagy mümkindira. Dälilikdenä bolmaly däl ol

0
10 Bagabat  
43
Anyk ýadyma düşmeýär welin, meşhur psihiatrlaryň birine: "Adam kim?" diýip sowal berenlerinde ol: "Adam - dälilik bilen sersaglygyň arasynda üznüksiz leňňer atýan, pursatsaýyn agyp-dönüp duran jandar!" diýip jogap beripdir. Şonuň üçinem, ruhy taýdan näsaglaryň çensiz-çaksyz sersaglyk pursatlarynyň bolşy ýaly, doly sersag adamlaryňam dälilik pursatlary bolýarmyka diýýärin. Äý onsoňam, barlag geçirilende hiç kimem "doly sersag" diýen diagnoza mynasyp bolmazmyka diýýärin. biggrin

0
5 Gurgencli  
324
Lukmanyň çykaran netijesi ýalňyş menimçe

0
9 Bagabat  
43
Elbetde, hekaýa gowy, manyly. Her bir ýazylan zatda-da durmuşyň uşak-düşek jikme-jikliklerinem doly beýan etmek mümkinçiligem bolmaýar.

0
11 Arzyman  
418
Hmmm.

0
12 Dunyagozel  
458
Serdar aga, jogabyňyz üçin sag boluň!

0
13 Bagabat  
43
Ok.

0
14 Hаwеrаn  
245
Kakamyrat aganyñ galamyndan prozamyzda görmek isleyän eserlerimi göryarin...
Bu hekayany birinji okanyñda düşünmeyañ... ikinji okañda duşunjek bolup kellä agram beryañ, üçünji gezekde bir zatlar alyañ, oylanyp başlayañ...
Özüñ bilen baglanyşykly yerini gozleyañ, durmuşymyzda gabat gelen dälileri, ruhy näsaglary goz oñune getiryañ, hemme zatdan gymmatdygyna garamazdan, wagtyñ şeyle üns berilmeyan bigadyr zatdygyna gynanyañ...

0
15 Hаwеrаn  
245
"Heläkçilikde" ynanç meselesine aralaşyan gowy hekayalaryñ birini okapdyk, bu gesek adamyñ psihiki-ruhy ahwallary baradaky gowy hekayañyzy okadyk.

0
16 Hаwеrаn  
245
Şular yaly gowy hekayalaryñ b.n bizi we saýtyñ okyjylaryny begendirip duruñ, Kakamyrat aga.

0
17 turkmentug  
325
Kim diýýä akyl adamyň kelleçanagynyň içinde diýip ? Akyl adama şemal bilen gelip gidýä ... - diýýärä Gogol .(" Telbäniň gündeligi" ýalňyşyrak terjime bolmagy ahmal.) meň pikrimçe däliligiň iň owadan kesgitlemesi şu bolsa gerek .
Hekaýany haladym

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]