02:50

Nesibe

NESIBE / täsin waka

Bahar paslynyň şol güni Bereketde ýaşaýan goňşymyzyň gapysynda toy toýlanýardy. Gylyçdurdy aga köpüň adamy bolansoň toya ýygnanan mähelle hem egsik bolmady. Toý tamamlanan dessine goňşy-golamlar agzybirlik bilen gap-gaçlary tämizlediler. Düşekleri kakyp, arassalamagy we beýleki işleri ertire goýup öýli-öýüne gaýtdylar. Diňe obadaky mekdebiň mugallymy ýaş gelin aladaly görünýärdi. Ol  toýda nika ýüzügini ýitiripdi.        
Gylyçdurdy aganyň öýünden ýüzügini hars urup gözlese-de, Maýagözeliň ýitiginden derek tapmady. Bu waka gynanan Gylyçdurdy aga Maýagözele täze ýüzük alyp bermegi teklip edende, ol:         
- Nesibimde bolsa-ha tapylar, daýy!. Ýogsamam ol ýüzügiň deregini dünýäde başga ýüzük çalşyp bilmez – diýip, çürt-kesik garşylyk görkezdi.                
Ynha, bu günem Gylyçdurdy aganyň işiginde bagt toýy tutulýar. Ýaşuly ortanjy ogly Güýzjany öýli-işikli edýär. Gylyçdurdy aganyň gapysynda tutulýan toýuň mähellesi  hemişekisi ýaly ýetik.     
“Az bolmasyn!“ diýen Gylyçdurdy aga dowarlardan başga baga dakylan öküzi hem soýmagy gassaba tabşyrdy.       
Obanyň aýal-gyzlary bileleşip soýulan malyň iç goşlaryny arassalaýarkalar, öküziň garnyndan tapylan ýüzük hemmeleri haýran etdi.        
Nika ýüzügi öküziň garnynda bir bolejik towlanan sime çolaşyp ýatyr eken. Bir ýyl çemesi mundan ozal şu işikde tutulan sünnet toýda ýiten ýüzük şonça möhlet içinde öküziň garnynda ýatan bolsa nätjek?      
- Bu  ýüzügiň Maýagözele degişlidigini nädip bildiňiz? – diýip, ýizigi tapan gelinden sowal berenimizde:     
- Ýüzügiň  iç tarapynda Maýagözel bilen Muhammediň durmuş toýy güni diýlen ýazgy we  bagt toýunyň tutulan senesi ýazylan eken - diýip, ol gürrüň berdi.      
Hawa, şeýdip şol günki toý Maýagözel gelin üçin goşadan geldi. Nesibeli zat eýesinden aýrylmaz eken.    

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 585 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]