13:34 Ömür guýusy / hekaýa | |
ÖMÜR GUÝUSY
Söýnüň çagalyk ýyllary keremli dagy etekläp oturan obalaryň birinde geçipdi. Daňyň al şapagy köz boluberende, seleňläp görünýän şo-ol boz dumanly daglaryň çulbalaryna çykyp, alyslara syn etmek onuň hemişelik endige öwrülen pişesidi. “Bir dem şo-ol uçup barýan bürgütlere öwrülip, belentliklerden ak sähralyklary bir synlasadym” ýaly ham-hyýallar ony arzuwlar dünýesine mazaly seýil etdirýärdi. Ol çöli görmegiň hyýal küregini kürekläp ýörşüne, arzuw kesewisi gögerip, çölüň orruk ortarasyna ýol şaýyny tutmaly bolýar oturyberýär. Ötlem-ötlem aňňatly, alaňly dünýä öz örküni pugta örkleýär. Guýy gazmak işiniň ynanylmagy bolsa ony has-da ruhlandyrýar. Oňa Çogdar guýuçy diýen oba kethudasy bilen hemsöhbet bolmak bagty-da miýesser edýär. Çogdar aganyňam Söýne gün-günden mähri siňip, ony özüne mazaly höwrükdiripdi. Guýynyň, käriziň inçe syrlary baradaky gyzykly gürrüňler oňa has-da beleň berýärdi. – Oglum, guýy gazmak, teşneleri suwdan gandyrmak işipederlerimizden gaýdan iň sogaply kärdir.Türkmen aga “Suwsana suw bermeseň, çölde Hydyr neýlesin” diýmänmi,eýse?! – Hawa, ata, “Müň geçitden bir içit” diýibem men köpkitaplarda okapdym... *** Bir gün Çogdar aganyň ýanyna iki sany kişi gelip: – Ene depäniň eteginde bir oý bar, topragy-da boz. Mal-gara üçinem örüsi giň. Müşgil görmeseňiz şol ýerden bir nesibämizi synap görsek?! – diýýär. Çogdar aga şol diýilýän oýa baryp çümre geýen telpegi bilen ýeri süpürip, tutuş süňňi bilen gulaga öwrülip, köp mertebe ýerediň salyp ýatdy. Argynlygyndanmy ýa töweregindäki gaýmalaşyp ýören ýalmanlardanmy, gulagy şyňlap, hiç zat eşidip bilmedi. Derjigen maňlaýyny süpürip alkymynda oturan Söýne ýüzlendi. – Bir tüňçe çaý oturtsana, oglum! Bir guşluk çaýyny içeli! Çogdar aganyň welinaladaly dideleri gazynyň töweregindedi. Esliräk ýerde ala-böle otlaram, ýandagam, hat-da, şol ýeriň ýakynragyndaky çeti-çerkezlerem gök öwsüp otyr. Çaýyň başyndaky ýaşulynyň süýji gürrüňlerem Söýne lezzet berýärdi. – Her biri şeliň päkizeligine seredip durandyr. Halal zähmet bolsa biziň ata-babadan galan mirasymyz. Oglum, çölüň inçe tilsimlerem açylmadyk bir kitap-da. Müň dürli otunyňam, depe bilen depäňem, gol bilen goluňam biri-birinden parhy kändir. Guýy gazmazdan ötri, ilki bilen süýji suwuň çykjak ýerini peýlemek lazymdyr. – Ussadym, ony nädip bilmeli? – Nirede ümrüň üýşüp duranyny görseň, bilgin, şol ýerde süýji suw bardiýildigidir. Hatda, şol ýeriniň çägesiniň şybyrdysam bir üýtgeşik geläýýändir. Eždatlarymyz guýynyň dürli görnüşlerini gazyp, halka hyzmat edip gelendir. Daşguýy, üdek guýy, damla guýy, örümli guýy, çyrla guýy... aý garaz sanasaň sogaby kän-dä. Biz bu gezek daşguýudan nesibämizi synap göreris. Sebäbi bu guýynyň opurylmak howpy az bolýar. – Ata, elbetde, hersiniň özboluşly manys-a bardyr bulaň?! Çogdargoja jomartja ýylgyryp: – Tagapyl et, ogul, sen ataň ýanyndan aýrylmasaň, bulaň hemmejesinem görersiň, enşalla. Meselem, çyrla guýy takyrlarda gazylýan guýy. Ýagyş suwunyň köp ýygnanýan ýerlerindebolýar. Damla guýy, galaba, gyr ýerlerinde, gaty topraklarda gazylýar... – diýip şägirdiniň ýüzüne mähir bilen seretdi. Çaýdan mazaly hähini alan Çogdar aga ýerinden gopdy. – Sen çagyrýançam biraz daşrakda bol. Bu iş gaty inçeden yzarlanýar. Agzyň bilen ak guşalan ýaly däl. Mumyýa tüpeňlän ýaly bir zat bi. Hany, ýene bir synanaşaýyn, bakaly. Söýün alkymynda duran erkegi idip esli arany açdy. Çogdar guýuçy bolsa ösüp oturan otlary köki bilen sogruşdyryp, dili bilen barlap gördi. Söýün magallaklap görünýän aňňatlyga çykyp uly sazagyň düýbünde kölegeläp, türkmeniň sary sähralygyny birkemsiz synlady. Soňam towşanlaryň yz ýasap giden joran ýodajygy bilen ak çägeligiň galamsyz ýazan eserlerini sahaplap okamaga başlady. Jerenleriň keýigokaradan jülpüldeşipjik ine-gana suw içişlerineonuň has-da göhi göterilýärdi. Bu görýän täsinliklerini ol öň diňe kitaplarda okapdy. Ýüzärlik bilen ajy ýowşanyň özboluşly ýakymly ysy bolsa hasam lezzet berijidi. Guba çölüň gözelligine maýyl bolan ýigidiň gulagyna birden gargy tüýdügiň şirin mukamy çawuş çakyp gitdi. Çarwa çopanyň tüýdüginiň arwana sazy goýundyr guzularyň sesi bilen sazlaşyp, ruhuňa siňip, ýakymly owazy emele getirýärdi. Söýün guýy gazmak tilsimleri bilen birlikde, çöl durmuşyna mahsus bolan owkatlary taýýarlamany hem öz halypasyndan ürç edip öwrenipdi. Çägede tagam taýýarlamagyňam özüne ýetesi heýwere lezzeti bar, ahyry. Ol köz bolup duran ürgün çägede bişen kömeji esli ýola taýýarlapdy. * * * Ertesi heniz daň saz bermänkä, guýyny gazyp başladylar. Çogdar aga hem guýy gazýar, hemem şägirdine öwredýär. Şeýdibem guýyny ahyrlap, ýetmeli pellelerine ýetiberenlerinde begenmeli waka – çygly gum çykyp ugraýar. Gitdigiçe-de çygly gum palçyga öwrülip, ýerden suw görnüp başlaýar. Çogdar aga «bismilla» diýip suwy dadanda, şatlykdan uly ili bilen «süýji suw» diýip gygyranyny özi-de duýman galýar. Çogdar guýuçynyň bir aýratyn tarapy bardy, olam gazan her guýusynyň çöwlügini, buljurasyny goýan badyna, oba jemendesini üýşüripguýa özboluşly at dakardy. Şol gündenem ol guýynyň ady «Balguýy» bolup galdy. Ömrüniň köp bölegini ýele ýelken, Güne galkan bolupötüren Çogdar aga bir gün şägirdini öýüne çagyrýar. – Meniňem salym gowşapdyr, ogul.Maňa indi guýy gazmak juda çökder gelýä. Mundan beýlä bu iliň guýy gazmak işini özüň dowam etmeli borsuň! * * * Günleriň birinde barjamly bir peşeneli pyýada Söýün guýuçyny idäp gelýär. Söýün ol kişini ünsli diňläp: – Köp ýagşy, baý aga, bu işiň meniň üçin-ä myzaýygy ýok welin, şu çakda özüme kömekçi tapamok. Her kim kyn görýä. Özüňiz bilýäňiz-ä, iş hatarly. Sapby baýa bolsa guýy gaty gerekdi. Baý suwsuz kösenýän obadaşlaryny uçursyz alada edýärdi. Baý aga birsellem dodagyny dişläp, esli wagt ýeri sermeläp oturdy. Birdenem uludan demini alyp: – Ýeri bolýa, ussa. Häzir dünýäniň darlygynda kömekçi idäre maý-pursat ýok. Bu işde gyzymyň saňa nepi degse gerek?! – diýýär. – Baý aga, gyz maşgala üçin bu iş agyr bolmazmy? – Agyr bolup durasy ýok-la. Gyzym, bolmanda, erkegiň kömegi bilen gumy daşyna çykaryşar. Söýün Sapby baý bilen razylaşmaly boldy. Ol Sapby aganyň diýen ýerine baryp, halypasynyň öwredenlerini ýekän-ýekän aňynda saldarlady. Soňra ösüp oturan ösümliklerden misillenibem gazmaly diýen karara geldi. Başda iki metre çenli gazmak aňsatdy. Sebäbi gazan gumuňy eliň bilen daşyna çykarybermelidi. Irdenden şama deňeç iki metr töweregi gazdylar. Ertesi gün bolsa guýy ýykylmaz ýaly agzyna sözen agajyndan örüm etdiler. Gün geçdigiçe iş kynlaşýardy. Söýün gara der bolup gazýardy, baýyň gyzy Täjinar bolsa gumdan doly samyr torbany çekýärdi. Guýy näçe çuňlaşdygyça-da, içindäkileriň dem almasy kynlaşýardy. Olarkä daýym biri-birine seredip, sessiz derdinişýärdiler. Ýadawlygam bulardan az-kem el çekerli däldi. Şeýdibem guýynyň esli bölegi gazyldy. Ertesi gün bular hemişekilerden irräk gyrmyldadylar. Bu gün bolsadüýnki gop beriji dideleragyr işibirnemeýeňledýärdi. Şapagyň assa-ýuwaşçogly Güne öwrülip dünýäni ýyladyşy ýaly, bu pynhan bakyşlaram bularyň kalbynayssy mähir bolupsiňýärdi. Zol birek-birege bakyşmalar her her mertebe ýüreklerine ok deý sanjylyp yşga öwrülip barýardy. Soňabaka Söýün bilen zähmetkeş gyzyň arasynda bir töwra duýgular döräp başlady. Güýçli duýgularyň çapary bularyň ýüregini birneme gobsundyrýardy. Gün geçdikçe bular biri-birine henek atyşyp, bälçireşip, agyr işiň argynlygyny hem duýmadylar. Telim gün bäri gazylan guýudan indi has çygly gumlar çykyp başlady. Şol barmana-dabirdenala-zenzele gopup, guýynyň agzyndan goýry tozan asmana sowrulyp gitdi.Gyz seretse, guýynyň opurylyp barýanyny gördi. Ol çaslysesbilen: – Eý, wa-aý. Ýeteweri-iň! – diýip gygyrdy. Gara öýden kakasy içmegini arkasyna alyp atygsap çykýar. Onuň sowrulýan çaň tozana, birem gyzynyň guýa erkegiň kömegi bilen sallanyp barşyna gözi düşýär. Gyz elleri bilen ýigidi basmarlan gumlary eýläk-beýläk aýryşdyrýar. «Nirede sen, eý gözümiň röwşeni?» diýip aldygyna gygyrýady. Teýahyr, Söýnüň ruhsaryna, didaryna nazary düşüp, ýüz-gözlerini süpürmäge başlaýar. Kakasy bolsa ýokardan bolup geçýän ähli wakany synlap duran eken. Özüne geleninden soň Söýün Täjinara hoşallygyny bildirýär. – Ýetişmedik bolmadyk bolsaň, ömür tanapymyň kesilmegi daşda däldi, Täjinar! Gyz bolsa oňa näzli ýylgyryp, dessine aşak bakýar. Şol wakadan soň Sapby baýyň hiç hili ugur-utgasy bolmaýar. Oňa guýynyň ýykylany perwaýyna däl. Ony iňkise goýan zat, gyzyň ýat, onda-da nämährem oglanyň ýüzüni elleri bilen süpürip durmasydy. «Munuň beýle bolşuny diýsene. Ile-güne nädip çykaryn, baýdak ýalypäkize perzendim hakynda indi näme pikir ederler…»diýen ýaly başyňy sämediji ünjüler ony halys çökder hala salypdy. Şeýle duýgularyň içinde sala ýetibilmän kösenýän ýüzüji kimin ýeli çykan sanaja dönüp, esli wagt arkasyny tärime berip çugutdyryp oturýar. Birdenem aňrybaş namysly duýgularyň penjesinde galan baýyň akyl işikleri jygyldap assa-ýuwaş açylyp başlaýar. Gyzyna bolan güýçli ynamy onynägehan, wagşy duýgularyň howpundan aman alyp galýar. Yzyna dolanmaly wagty Söýün ataly gyz bilen hoşlaşmakçy bolanda, Sapby aga bularyň biri-birine bakyşyny synlap, durup bilmedi, gaty gyýyldy. Sebäbi, olaryň gözlerinde aýralyk gussasyndan başga hiç hilialamat ýokdy. Sapby baýyň päk söýginiň öňünde baş egmekden başga alajygalmady. Baý uludan demini aldyp: – Çagalar, siz meniň balalamsyňyz! – diýip nurly ýylgyryş bilen ikisinem berk bagryna basdy. Ol Söýni ol öz ogly ýaly görerdi. Onuň bihal däldigine-detelim ýola göz ýetiripdi. Guýynyň hemem ýaş juwanlaryň hormatyna Sapby baý ilen-çalan degre-daşynyüýşürip, döwre gurap uludan toý tutdy. Gelenler ýaş juwanlary mübäreklediler. Täze guýynyň daşyna egelenişip, gök çüýşe ýaly suwundan dadyp görenler, beýle süýji suwy şindi içip görmändiklerini aýtdylar. Guýynyň başynda öň bir gara öý bar bolsa, indi ýaş juwanlaryň hatyrasyna ýene-de bir mähnet öý dikildi. Guýynyň adyna kimler Sapby aganyň guýusy diýseler, kimseler şu ýerde mydama ömür sürülsin diýip «ÖMÜR GUÝUSY» diýip at goýdular. Guýynyň başyna giden hojalyk göçüp geldi. Indi şol oýa baryp görseň, bagtly dünýäniň gujagynda ýaşaýan adamlaryň küren oba bolup oturşyna gözüň düşýär. Söýün bilen Täjinaryň bala-çagalary köpelip, örňäpöz başlaryna uly oba bolup gitdiler. Guýynyň suwunyň süýjüligini zähmetkeş gyz – Täjinaryň guýayhlas deriniň siňmegine,kimseler bolsa ýaş juwanlaryň süýji söýgüsineýordy. Üstünden telim ýyl aşyp, ady rowaýata öwrülen bu guýynyň utunynyň sol gapdalynda göze geldimli edilip ýazylan guýynyň döreýşi hakdaky kyssany okamak bolýar. “Indi şol syrgynyň üstünden uly ýol geçip, adamlar guýynyň bal suwundan ýüreklerini sowadyp, teşneligini gandyryp geçýärler” diýip häli-häzirlerem bagyň kölegesinde ýaplanyşyp gürrüňi edilýärmiş. Içenler guýyny gazanlara minnetdarlygyny bildirip geçýärmişler: “Suwuňyz daýym dolup daşsyn, ÖMÜR GUÝUSY!”. Ýolaman GURBANOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |