19:01

Aýlaw / hekaýa

AÝLAW

Atama obada Baba hekim diýerdiler. Onuň atlara ideg edişini synlamak diýseň gyzyklydy. Şonuň üçin men oba dynç almaga baranymda, enemiň ertekilerini az diňläp, galaba atamyň ýanyndadym. Ol maňa atlar üçin dagdan dürli dermanlyk ot-çöpleri getirderdi. Şeýdip, men dynç alşymyň köp bölegini atamyň ýanynda geçirerdim.
Mende at münmek hakdaky oglanlykda şinelän arzuwym möwç urup başlady. Içimi it ýyrtýanyny duýan ýaly, atam meni babamlara ugratdy. Babamlarda gözüň ýagyny iýip barýan atlar seýislenýärdi. Men at seýisläp ýören daýylarymyň üstüni sowal bilen gömerdim.
— Daýy, bu aty gijesi bilenem ýatyraňyzok, daňdan şöwre diýibem kowup ýörsüňiz. Indem gara dere batyryp getirdiňiz muny. Ýene-de aýlawa goşsaňyz, lüti çykmazmy muň?
— Haý, ýegen jan. Aty näçe çekeleseň, kowalasaň, şonça-da gurplanar.
Men ýaýdana-ýaýdana matlabymy mälim etdim.
— Kakyş daýy, at münmegi öwretsene...
Daýymyň ýardamy bilen sähel wagtda at münmäni kemsiz öwrendim. Bir günem oňa bildirmän, assyrynlyk bilen atyň birini boşatdym-da, mündüm gaýtdym. Ekinçiligiň gyrasy bilen atymy säkdirip barşyma, barha göwnüm göterilýärdi. Şol barmana-da, oglan jalataýlygymy edip, ýygymçy gyzlara mazamlap, gamçymy bulaýlaýmanmy?! At çarpaýa galyp hokrandy. Hälki ýorgalykdan nam-nyşan ýok. Süýnen ýyldyzyň bar-da! Maňa-ha üstünde otyrmysyňam diýenok. Özbaşyna çapyp barýar. Şol gidip oturyşymyza, babamlaryň deňindenem iki gezeg-ä geçäýdik öýdýän. Üçülenji gezekde özem ýadandyr-da, bir haýallady-da, ýatagyň ýanyna baryp, sakga durdy. Daýym gatyrganar öýtdüm, ýöne ol meni, hiç zat bolmadyk ýaly, ýylgyryp garşylady.
— Ýeri, goç ýigit, bedewiň üstüniň şemalyny neneň gördüň?!
Ýüzüm gyzaryp, ters hereketime ejap etdim.
— Äý, hiç neneň däl, daýy...
— Şäher seýilgähinde buzgaýmak iýen ýal-a däldir...
At münmegiň ýeňil-ýelpaý zat däldigini men şonda bildim. Soň daýym maňa atyň uýanyny tutdurdy-da:
— Ine, ýegen, şu at tä öýe gaýdýançaň seňki. Idet, ugruna seret. Az-kem abyny-tabyny alsaň, basym ýaş çapyksuwarlaryň ýörişi boljak, şoňa goşaryn seni. Ýörişiň şowly çyksa-da, assa-ýuwaş aýlawa girişibirsiň — diýdi.
Şeýdip, her ädimimde daýyma geňeş salyp, atymy başardygymdan seýisläp ugradym. Birbada sowuk-sala garasa-da, yhlasymyň güýçlüdigine gözi ýeten daýym soňlugy bilen meni gapdalyndan aýyrmady. Menem, ol beýleki atlara nähili seretse, şoňa göräräk hereket eden bolup ýörün. Nädip atyma mazaly öwrenişenimem, münşe ökdelänimem bilemok. Şonuň üçinem ýörişde aşgabatly myhmanyň tutuş obany ýeňşe baglanyna özümden beter geň galan bolandyram öýdemok.
* * *
Bötendagdan Ýazmyrat ussa Hoja aganyň Meledor atly atyny seýisläpdir. Hoja aganyňam bileni-biteni atyny magtap, gomalyp ýörmek ekeni. Ine-de, täze aýlawyň başy. Hoja aga atyny on aýlawlyk çapyşyga goşmagy teklip edipdirler. Onuň atynyňam onça uzaklyga giderlik gurby ýok. Ýazmyrat seýis ony sekiz aýlawlyk çapyşyga niýetläp taýýarlapdyr. Märeke-de Hoja aga meçew berýär. Seýis aga bolsa saçyny ýolaýjak bolýar.
— Düşüniň, adamlar! Men muny on aýlawa däl-de, sekiz aýlawa niýetläp seýisledim. Indikä goşarys atymyzy — diýip, janygýan seýsi diňlejegem bolman, Hoja aga onuň garşysyna gitdi.
— Hany, aty alyp gel, näme bolýan bolsa göreli.
— Hoja aga, getireýin welin, aty-ha zaýalarsyň. At meňki däl, seňki. Ýöne abraýam, atam özüňe gerek. Seň atyň almaz, şony öňünden aýdaýyn.
— Almasa almadygy bor-da. Galybersin aýlawyň içinde...
Hoja aty idip gelşine Meledoruň başyny sypap pyşyrdady.
— Häk, ýüküň-ä agyrrak boldy. Menden bir görmäweri, gardaşym...
Atlar ýola düşdi. Meledoram okdan sypan ýaly honda gitdi. Onda nähilem bolsa ýeňiş umydy bardy. Ýöne sekiz aýlawy geçäge-de haýallaberdi.
* * *
Bir günem obamyzyň atşynaslary bolup, Burunjyk baba toýa gitdik. Çapyşyk başlamanka:
— Iň uly çapyşyk on iki aýlawdyr-la how — diýip, Genjebaý jarçy gygyrdy.
— Aýlawyň ulusyny on alty ediň — diýip, ýerli atşynaslaryň biri orta çykdy. Muňa-da biziň obamyzdan hiç hili at ýok. Onsoň her kim Kakyş daýymyň ýüzüne çiňerildi.
— Ertir sen Demirgyryňy on alta goşmaly bolaýmasaň.
Men daýymyň atyna beletdim. At dagy däl. Emma ondan agymda der aljak gümanyň ýok. Derini alyp bilseň, şeýle bir ýüwrük welin, öňüne at geçmez. Galaba atlara agym edilende, 5-6 aýlawda der çykarýar. Ýöne ony güni bilen çapsaňam, der aljak gümanyň ýok.
Atyna belet daýym myhman ýerimize ýüzlendi.
— Aýdanlaryňyzy rastlaýan, halaýyk. Emma Demirgyryň ýagdaýyna hemme belet. Bu günlerem gyşyň aňzagy. Eger makul bilseňiz, öýleriň birinde ot ýakalyň. Men atymdan der almasam bolmaz. Şol gije Demirgyry öýe saldylar. Üstüne-de atybilenlerini atdylar. Oduň çawynam güýçlendirip, daşyndan aýlap başladylar. Muňa syn etmek juda lezzetlidi. Aty bir eýleligine, bir beýleligine aýladylar. Daň ýyldyzy görnenden, atdan deriň ysy gelip başlady. Der topugyna syrygýança aýladylar.
Ertesi daýym märekä ýüzlenip:
— Adamlar, at on alty däl-de, ýigrimi aýlawa seýislenendir — diýip, aty söýgüläp, şapbadyny berdi.
Atyny on alty aýlawa peýlän Gonakbaý atly kişiniň gözi hanasyndan çykara geldi.
— Aý, ýok. Onyňyz-a bolanok. Men-ä garşy.
— Aý-how, sen nähili adam? Ýalaň seň diýeniň bolup durmalymy? Goş atyňy ýigrimä — diýip, ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Gonakbaý az wagt dodagyny dişläp durdy.
— Aý, ýok. Ýigrimä-hä goşjak däl. Ahyrsoňy ýaşulular ylalaşyga geldiler.
— Ýeri, bolýa. Bize-de däl, saňa-da. Atlary on sekiz aýlawa goýberiň.
Gonakbaýda alaç galmady. Atlar on sekiz aýlawa goýberildi. Öz emeline çolaşan Gonakbaý çapuwa ugramazdan öň çapyksuwaryň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Muny görüp duran Kakyş daýymam çapyksuwara bir zatlar diýdi. Şol pursat Gonakbaýyň gözleri daýymyňky bilen gabatlaşdy. Olar bir pursat sessiz sözleşdiler. Men şojagaz pursady iki sany pälwanyň tutluşyga başlamazdan öň bir-biregiň göreçlerine dikanlap durşuna meňzetdim. Hakykatdanam, bu pursat atşynaslykda iki obanyň pälwany güýç synanyşýardy.
Çapyşyk başlandy. Demirgyr birbada öňe geçibermedi. Ýöne Gonakbaýyň atam şol hereketleri gaýtalaýardy. Özi-de iki çapyksuwaryň bar ünsi birek-birekdedi. Men diňe şonda seýisleriň çapyksuwarlaryň gulagyna näme çawuş çakanyna göz ýetirip galdym. Olaryň ikisi-de bir-birekden ünsi sowmazlygy tabşyran ekenler. Şeýdip, on aýlaw töweregi geçildi. Ýagdaý welin üýtgäberenokdy. Birdenem daýym, Demirgyr aty gabadymyza gelende, çapyksuwara seredip: «Şu aýlawda edäý» diýdi. Şondan sähel wagt geçendenem, Demirgyr süýnüp, beýlekilerden arany açyp ugrady. Muny gören Gonakbaýyň atynyň çapyksuwaram atyny gyssap ugrady. Ýagdaýy aňan Gonakbaý çapyksuwaryň adyny tutup näçe gygyrsa-da, ol indi ses ýeterden daşlaşypdy.
Bir aýlaw geçilip gelinýänçä-de, daýymyň emeli doly amala aşyp ýetişipdi. Bir aýlaw gyssansoň, çapyksuwar ýene-de Demirgyryň badyny biraz gowşatdy. Şeýle oýunlara öň mazaly öwrenişdirilen Demirgyrda üýtgeşiklik bolmasa-da, Gonakbaýyň atynyň boljagy bolupdy. Ol, on alty-ha beýlede dursun, on bäşinji aýlawda syryny açyp ugrady. Demirgyr bolsa on sekiz aýlawda-da başyny belent tutup, pellehana beýlekilerden arany ep-esli açyp geldi. Çapyşyk tamamlanandan soň, öz atlarynyň çykmandygyna garamazdan, şeýle täsirli waka göwünleri göterilen märekäniň şagalaňy ýatmady. Her kim gelip bizi gutlaýardy. Bir gyrada pikire çümüp duran Gonakbaý bolsa, kimdir biriniň öňünde özüni aklaýan ýaly çala pyşyrdaýardy:
— Wah, ýaryşyň şertini üýtgetdirmedik bolsam, belki, beýle-de bolmazdy. Ýersiz-ýere at baryny kösedim...

Ýolaman GURBANOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 416 | Добавил: Мylayym | Теги: Ýolaman Gurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023
Bagtlylyk / hekaýa - 04.08.2023
Bagana telpekli adam / Merdan dostumyň durmuşyndan - 11.05.2023
Dana kişi we onuñ talyplary / tymsal-hekaýa - 29.07.2023
Bu gezegem Alla kömek etdi / hekaýa - 11.05.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - "Jepbardurdy" - 20.10.2023
Waý-faý ogrusy / henekli hekaýa - 13.05.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Hadysalar - 19.11.2023
Gahrymanyñ gelni / hekaýa - 12.08.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]