20:00

Öz-özüm

ÖZ-ÖZÜM

Hossa bolsa gussa her hal her ýanda,
Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men.
Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da,
Öz-özümi garsa gujaklaýan men.

Hol görünýän daglar meniň armanym,
Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym,
Gitsem, geljegime nebsim agyrýar...

Ak alkym säherleň sowuklaç mähri
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.

Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek,
Göwün kemençämi syhap oturýan.
Gussa erkim alsa,
özüm çagyryp,
Öz başymy özüm sypap oturýan.

Men — gözýaş dünýäniň didelerinde,
Bir gün togalansam, syryksam, diňsem...
Bildim,
ýiterin müň ideseler-de,
Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem...

11.03.2017 ý.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 393 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
«Тихо вечерние тени…» / Goşgular - 02.02.2023
Ilkinji ädim / Goşgular - 06.01.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
"Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." / Goşgular - 21.01.2023
Kommunist / Goşgular - 27.01.2023
Слово / Goşgular - 07.01.2023
Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi / Goşgular - 02.02.2023

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Hаwеrаn  
245
Woo-o, hemme goşgyñ bir ýana, şu bir ýana, Sapa.

0
2 Hаwеrаn  
245
"Nämälim hyýala" hutma-hut edeli muny cool

0
3 Gumlygelin  
8
Sapa tüweleme jigim.

0
4 Garaýolly  
27
Tasirli goshgy

0
5 Raziýe_Soltan  
16
Hic bir gosgusyna okasamda komentariya yazmandym yone su gosgy uytgesik bolupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]