23:56

Rubagylar

RUBAGYLAR

Yzlaryň käbedir-sagadat maňa,
Ýüzleriň kybladyr-ybadat maňa,
Hoş bolar boşatsaň, ger bendilikden,
Edip yhlas birle hemaýat maňa.

Şäherde şowhun bar-bazar hoş bolsa,
Akar suw şildiräp, baglar hoş bolsa,
Bu gün penşembede Ensary pire,
Togap etsek, eger çaglar hoş bolsa.

Panyda belent hem pes bolanlar bar,
Bakylyk jamyndan mest bolanlar bar,
Bar zadyň hemmesi ýok bolar bir gün,
Emma baky galjak dost bolanlar bar.

Zülpüň gadyr gijesidir, gaşyň-Aý,
Ýaman gözler görmesinler-ýaşynaý,
Täze zat lezzetli bolsa-da her çen,
Täze ýara syrdaş bolma, eý humaý.

Ýüzleriňde sap aýnany görerin,
Öwşün atýan ak ýaýlany görerin,
Bu gün günüň öňün tutypdyr bulut,
Indi nädip men läläni görerin.

Synag tebigatdan berken bir paý dek,
Saňa ähli nazar-gezelen ýaý dek,
Eger sen isteseñ, ýüzümde nury,
Hijranyň tütünden çykaryp Aý dek.

Eý, Hysrow, päkize ýürekli göwher,
Hiç kes nazaryň deý nazary görmez,
Çykaýyn men aýralygyň tümünden,
Özümiň görkümi özüme görmez.

Birnäçeler Haky tanan-hoş duran,
Birnäçeler Hak ýanyndan daş duran,
Birnäçe terk edip iki dünýäni-
Hak ýanynda salgym bolup boş duran.

Eý, barça ynsanyň pikirin bilen,
Haýyşyny bilen, şükürin bilen,
Dillerde senadyr mübärek adyň,
Diller senalydyr zikiriň bilen.

Muhammet Baýram HAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 393 | Добавил: Мylayym | Теги: Muhammet Baýram Han | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Мировое началось во мгле кочевье…» / Goşgular - 14.01.2023
Keçe kakaňda / Goşgular - 15.01.2023
Ýanyma gelýäň / Goşgular - 07.01.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023
«В часы недавнего паденья…» / Goşgular - 16.01.2023
«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023
Senden öwrendim / Goşgular - 04.02.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
На дне преисподней / Goşgular - 12.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]