11:59

Sebäpleriñ sebäbi

Danalaryñ paýhas mekdebi

■ SEBÄPLERIÑ SEBÄBI

Derýanyñ ýakasyndan barýan ýolagçylaryñ biri tötänden çagalaryñ yzynda yzanda-çuwan boluşýan çirkin seslerini eşidipdir. Derýanyñ golaýyna baranda ol gark bolmak howpu abanýan çagalary görüpdir. Derrew olary halas etmäge girişipdir. Özi ýaly ýolagçynyñ ýene biri hem bu ýagdaýy görüp, derrew kömege girişipdir. Şolbarmana, üçünji ötegçi-de peýda bolýar. Emma ol çagalaryñ halas edilýän ýerine gaýtman, gaýtam, başga tarapa ädimini çaltlandyrmak bilen bolupdyr. Bu ýagdaýy gören halas edijileriñ biri ondan:
  -     Saña çagalaryñ ykbalynyñ parhy ýokmy? - diýip, onuñ bolşuna geñ galmak bilen sorapdyr. Ol bolsa:
  -     Men häzirlikçe ikiñiziñ bu işe hötde gelýändigiñizi görýärin. Men çagalaryñ kenarda oýnaýan ýerine baryp, olaryñ suwa gaçmagynyñ sebäbini bileýin we onuñ öñüni almaga synanyşaýyn - diýip jogap beripdir. 

Biz köplenç meseleleriñ göze dürtülip duran sebäpleri hakda oýlanyp, sebäpleriñ düýp sebäbiniñ öz hereketlerimizdedigini görüp bilmeýäris. Aslynda, bagtymyz hem, aladamyz hem öz garaýyşlarymyzyñ, hereketlerimiziñ, gürleýän gürrüñlerimiziñ netijesindedir.

Sadap OSMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyñ mugallymy.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 440 | Добавил: Нawеran | Теги: Sadap Osmanowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]