05:55

Sil bilen söweşen halkym

SIL BILEN SÖWEŞEN HALKYM
 
1397-nji hijri-şemsi ýylynyň aýagynda, 1398-nji ýylyň bosagasynda, Täze ýyly garşylamaga taýynlanýan wagty, duýdansyz sil belasyna uçrap, halkymyzyň başyndan agyr horluklar indi. Bu tebigy betbagtçylyk Türkmensähranyň gündogaryndaky Kelala etrabyndan başlap, Kümmet şäheriniň ýaka köçelerini syryp, Akgala şäherine diräp, galyň halky kyn güne saldy.
 
Netijede daýhanlaryň ekin ýerleri, öýleri we öý goşlary läbik sil suwunyň astynda galdy.
Bela abanyp gelende müňlerçe öýler gugaryp galdy. Sebäbi millet pena gözläp, suw basmadyk obalara özüni atmaga mejbur boldy.
 
Sil belasynyň sebäbi näme bolsa-da, agyr günde hiç ýerden kömek gelmese-de, türkmenler ejizlemediler. Halk biri-birini goldamagy başardy. Onsoň halkymyzyň agyr günde birek-birege hossar çykmagy geljekki nesillerimize ýagşy görelde boldy. Çünki bela gelende ata-babalarymyzyň «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen altyndan gymmatly paýhasyna uýup, adamlar özünden has kyn ýagdaýdaky ildeşlerimize kömek berdiler. Her kes öz gurbuna görä, sil suwundan agyr zyýan çeken, ençeme günläp öýsüz-öwzarsyz galan adamlara hossar çykyp, sil bilen göreşýänleri zerur azyk, iýmit bilen üpjün etdiler. Şeýdibem, türkmenler agyr günde biri-birine arka durup, ýene bir gezek adamçylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Aslynda bu adamkärçilik ozalynda agzybir, beg-töreli, abraýly halkymyzyň arasynda ata-babadan gelýän däp. Bu mert gylyk zanny goýazy halkymyzyň ganynda bar!
 
Taryh bu gezegem, milletiň üstüne bela gelende, türkmenleriň bir jan-bir ten bolup hereket edip bilýändigini doly subut etdi! Dilsiz-agyzsyz bela sürnüp gelende edermen ýigitlerimiz öňe çykdylar. Olar gujur-gaýratyny görkezip, sil belasyndan halky gutarmak üçin ellerinde baryny etdiler. Sürnüp gelýän siliň öňünde durmak üçin gaýduwsyz kişiler gerekdi. Oba-şäherleri ýuwutmakçy bolýan sil suwunyň içine girip, gumly, çägeli haltalardan, kiselerden böwet galdyrmalydy. Biziň merdana ýigitlerimiz bileleşip bu işiň hötdesinden geldiler.
 
Adamlar ”Bize resmi kömek gelenok” diýip, gol gowşuryp oturmady, ejizlemedi. Halk gujur-gaýrat bilen öz-özüne hossar çykdy. Merdanlarymyz gysga wagtda Kümüşdepäniň töwereginde bent gurup, taryhy şäherimizi we ilatymyzy aýylyganç silden gutardylar!
 
Emma, haýp, söweş ýitgisiz bolmaýar. Bu gezegem, gynansagam, garaňky gijede gaýyk agdarylyp, ýardamçy merdanlarymyzdan alty sanysy siliň gurbany boldy. Agyr günde il derdine ýaran bu päk ýürekli batyrlarymyzyň ýagty ýadygärligi biziň ýüreklerimizde ýaşar. Bu barada parasatly milli şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle diýipdir:
 
Ýigit oldur – ýurt üstünde,
Janyn berse din üstünde,
Goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.
 
Goý, ilkibaşdan halkymyzyň öz gaýraty onuň öz goragynda dursun! Goý, beýik Taňry biziň gözel ilimizi has uly bela-beterlerden gorap saklasyn!
 
Peride MAGTYMNEJAD.

Категория: Publisistika | Просмотров: 510 | Добавил: Нawеran | Теги: Peride Magtymnejad | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 meretmuhammet  
184
Tüweleme, berekella diýesim gelyar şu saýta, başga hiç ýerde agzalyp duýgudaşlygam bildirilmedi şol eýranly doganlarmyza.

0
2 Мylayym  
83
Gynandyryjy ýagdaý. Suptropik ýer bolandanmy, şol ýerde şeýle ýagdaý ýygydan gaýtalaýar. Geçdigi bolsun!
Pursatdan peýdalanyp, Peridäniň çagalar üçin ýazan goşgusyny paýlaşmakçy. Basym onuň hekaýasynam ýetirerin.

«Gurjajygym»

Ertir tursam gurjagym,
Salam berýär özüme.
Gaýtalasam jogabyn,
Gözläp gülýär gözüme.

Saçjagazyn daraýan,
Örüp ýüpün oraýan.
Gyrmyz köýnek geýdirip,
Daşyndan köp garaýan.

Guwanýaryn zülpüne,
Gurjajygym owadan.
Ýetmez onuň ülpüne,
Synlasam her obadan.

Ýöne welin, ser etsem,
Gözlerinden ýaş akýar.
"Ýeke goýma meni"—diýip,
Pessaýja çawuş çakýar.

Ýaşlaryny çalypjyk,
Onuň ýüzüni öpdüm.
"Ýalňyz däldirsiň"—diýip,
Gujaklapjyk—da bökdüm.

Peride Magtymnejad.
Eýran ilinden.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]