08:09

Sorag / hekaýa

SORAG

Ýaňy bir dördünji synpa geçen Seýran, ýakynda gullukdan gelen Yzzat kakasynyñ ýanyna ýygy-ýygydan gatnamagy çykardy. Öwrenişdigiçe-de ýanyndan aýrylasy gelmedi. Käteler Yzzat kakasy bilen oturyşyna onuñ ýanynda uklap galaýmasam ýok däl. Seýranyñ ejesi dagy bu ýagdaýy başda oñlamadyk bolsalar-da, Yzzat: “-Bor-la gelneje, meñ ýanymda bolubersin”- diýensoñ olaram arkaýynlaşdylar. Seýran onuñ daýaw göwresine seredip, ýörände-de şoňa meňzäsi geldi, işlände-de… Ulalanda özi hem edil Yzzat kakasy ýaly gowy gyz saýlamakd:a has-da. Ýöne ol atalaryna şunça barsa-da, olarda hernäçe bolsa-da çaga göwnüniñ yşk duýgularyndan heniz alysdalygy sebäpli Yzzat kakasynyñ saýlan gyzynyñ kimligini, nähilidigini bilmeklig-ä hiç, hatda bu hakda habary hem bolmazdy. Onuň bu gizlin syry bilmegine Yzzat kakasynyň özi sebäp boldy.

***
Agşam naharyndan soň ýanyna baranynda Yzzat kakasy telewizor görüp oturan eken.
– Oho, goçum geldiñmi? Hany gel, gel hany, geç! Şu taýdajyk oturaý!
Ol ulularyñ görýän (zatlaryndan) hiç-hili many alyp bilmese-de, buýruga bolýun boldy. Ýöne uzak oturyp ynjalsa nä?(diý!). Elini diräp oturyp gördi… Aýaklaryny uzyn salyp oturyp gördi… Iki dyzynyñ üstüne münüp gördi. Arasynda-da Yzzat kakasyna seretýär. Her bakanda-da şol pikire başyny direýär: ” Bää, Yzzat kakamaý! Telewizor:a iñ gaty sesinde goýýar. Özü-de sagatdan gözüni aýranok”.
– Bar şony sowuryp goýbersene Seýran!
Seýran “Şu içgysgynç kino-da ukymy tutdurmanka bir gutaraýsa-dy” diýip pikir edip oturşyna bu duýdansyz eşidilen ýumuşa ýylgyryp goýberdi. Şol bada böküp turdy-da telewizoryñ toguny sowurdy.
Ol bu günem düýn agşamky giden ýerlerine – Yzzat kakasynyñ dostunyñka gitsek gerek diýip pikir etdi. “Ähhäää… Bu günem düýnki ýaly süýji baryny iýsem gerek”.
Ýöne onuñ garaşany bolmady.
Yzzat kakasy ony – Hany gel, otur şu taýda diýip ýene gapdalynda oturtdy. – Eýýam altynjy synpda okap ýörün diýdiñmi sen?
– Ýok dördünji synpda. Alta çenli iki synp bar:a ýene.
– Ih, dördünji synp bolsañ, ool Şady çişigem siz bilen deñ bolýamy onda? Ýa bir ýaş ulumy?
– Ýok biz bilen deñ. Ýöne ol başga synpda okaýar.
Seýran Yzzat kakasynyñ ýylgyranlygyny gördi. Ýöne onuñ näme üçin ýylgyranlygyna welin düşünmedi.
– Oñ başga synpda bolanlygam bir gowy zat. Bolmasa sen-ä sumka tutary ederdi ol.
Özüni gorkak saýandyr öýden Seýran, Yzzat kakasyna gaşyny çytman durup bilmedi.
– Goýsanaý Yzzat kaka! Şady çişigiñden gorkýan bamaý? Gaýta men oña göterderdim.
– Pah, pah, pah. Batyr inim-ä arladow. Näme oñ ýok wagty jedirdän bolýañ, hä? Ýüzleşdiräýsem-ä gorkujyña yñkyñam çykaryp bilmersiñ.
– Gorkarynmaý. Özünden kiçilerede gulagyny elledip ýör-ow ol. Gije daşarygam ejesi bilen çykýa.
– Näme señ ýeke özüñ çykýañmy eýse?
– Hawa. Size özüm geldim-ä.
– Ha ha ha, biziñ öýümiziñ arasynda garañkylyk ýog-a Seýranjan.
– Bolmanda nä? Indi magazyna-da men gidip gelýän. Düýn kakam bir kile alma sargady, Kakyş agalara barsam “Gutardy” diýdiler. Onsañ hool añyrky magazyna baryp geldim.
– Gijäñ içindemi?
– Hawa, näme ynanañokmaý Yzzat kaka? Malýatagyñyzyñ daşyndan alýlanyp görkezeýinmi ýa?
– Aý ýok. Biziñ malýatagmyzda göze görünmeýän babaýlar bara. Gije töweregine baran çagalary lak-luk atyp goýberýäler.
– Allamasanaý Yzzat kaka. Babaýdan gorkar ýaly Mommujyk dãlä men.
Ol Yzzat kakasynyñ ýylgyrmasyny goýup nämedir bir zady pikir edenini bildi.
– Näme diýsene Seýran. Beýle garañkylykdan gorkmaýan bolsañ Melikelere baryp gelermiñ?
– Hawa. Ýöne olara näme üçin gitmeli?
– Hiç, diňe Melikä görünseň bolany. Galanynam geleňsoň aýdaryn. Ýöne başga hiç kime aýdaýmagyn meň ugradanymy, bolýamy?
Seýran, “… Geleňsoň aýdaryn”diýlensoň göwnünde eýýam setire düzülen soraglaryny heniz diline getirmänkä goýbolsun etdi. “Bolýa” diýdi-de öz öýleriniň arka tarpyndan geçip, howuzlaryndan suw çekip duran Melikä kömekleşdi. Dessine-de yzyna gaýtdy. Yzzat ony gelen badyna öýlerne ugratjak boldy, etmedi.
– Onda men häzir geljek. Sen şu taýda oturyp garaşaý, bolýamy?!
Seýran näçe sagatdan gelenini-hä bilenok, ýöne sagat pylança çenli, has dogrusy uklap galynça garaşanlygyny ertesi irden turan wagty Yzzat kakasynyñ özüne aýtdy. Bu ýagdaýyñ özüne täsin görünenligine görä-de bilmek isläp agşam göwnünde beslän sowalynam diline getirdi:
– Melike bilen şonça wagtlap näme etdiñizaý Yzzat kaka?!
Seýran Yzzat kakasynyñ birden ýylgyranlygyny gördi. Muny öz düşünje(jigi)si bilen her tarapa çekip gördi. Ahyrynda bu ýagdaýy gowa ýorup Yzzat kakasyny ýylgyrdyp bilenine öz-özünden monça boldy.
– Gürleşdik.
– Şonça wagtam gürleşilermaý Yzzat kaka! Menä Aýşöhle bilen bir zat gerek bolanda soramak üçin gürleşäýmesem gürleşmän gaýtýas mekdepden.
– Men ýaly bolañsoñ etmäne gürrüñ taparsyñ.
– Şu wagt aýdaý Yzzat kaka. Şu wagt bilesim gelýär.
Bu gezek ol Yzzat kakasynyñ agraslananlygyny gördi.
– Ýok, on sekiz ýaşan wagtyñ bilersiñ, bolýamy?!
Seýran adatdakysy ýaly “Bolýamy” diýlenden soñ Yzzat kakasyndan jogap alyp bilmejegine düşündi. Öýkeli ýüzüni kemşerdip aşak saldy. Kellesine gelen pikire görä şol bada içini gepletdi: “Menem çaltrak onsekiz ýaşasadym.”
***

– Aýşöhle, indi haçan duşuşarys?
– Bilmedim.
Seýran gyzyñ ellerini dözümlilik bilen gysdy.
– Aýşöhläm! Ýanyñdan aýrylasym gelenok. “Bilmedim” diýen bolup janymy ýakmañ näme?
Gyz, elleriniñ dözümli gysylanyny indi duýan ýaly olary Seýranyñ gysymyndan çaltlyk bilen sowurdy.
– Wäk-le bir. Indiki duşuşygymyzy balnysda geçirmejek bolsañ seresap bol oglan. Özüñ ýaly bihuş gödekligiñ üçin melamata galaýma birden!
Seýran soragyna jogap berilmän, gaýta gürrüñiniñ başga tarapa alyp gaçylýanlygyny düşünip otyr. Ýöne ol muña gaharlanmady. Gaýta bu ýagdaýdan nähilidir bir janyna hoş ýakýan lezzet aldy.

12.12.2017.

Wepa PIRNEPESOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 427 | Добавил: Raýdaş | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýurt ýykan / hekaýa - 27.08.2023
Королева леса / рассказ - 19.07.2023
Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa - 19.03.2023
Doganlyk bagy / hekaýa - 07.08.2023
Şire / mini-kyssajyk - 18.04.2023
Köriçege / hekaýa - 24.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Tost - 20.01.2023
Bikemal / hekaýa - 17.08.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Artyk ýaşalan bir gün / hekaýa - 18.04.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]