14:24 Söýgimiziñ şaýady | |
SÖÝGIMIZIŇ ŞAÝADY
Synlasana, daş-töwerek şagalaň, Biz bileje seýle çykan wagtymyz. Adamlaram bizi alnyna sylýar Şu bolarly ikimiziň bagtymyz. Gör, bu gün tebigat neneň ajaýyp, Güller bilen bezelipdir ýodalar. Şanymyza surat çekse suratkeş, Ýazyjy ýazýandyr şygyr, odalar. Güneş söýgümizi görmekçi bolup, Bulutlaryň arasyndan jyklaýar. Söýgümize gözi gidip,indi ol, Aý ýaryny tapjak bolup ykmaýar. Özboluşly dillerinde guşlaram, "Jürk-jürk" edip aýdym aýdýar hamala. Gol çekenin duýdurýar Gök gübürdäp, Nikamyzy gyýmak hakda karara. "Juwanlar, kalbyňyz bir bolsun" diýip, Hemmeler dileýär ikimize bagt. Parahat zeminiň ýüregi bolan, Söýgümiziň şaýadydyr Aşgabat. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |