22:45

Türki halklaryñ garşysyna döredilen aýtgylar

TÜRKI HALKLARYÑ GARŞYSYNA DÖREDILEN AÝTGYLAR

Dünýäniñ çar künjünde ýaşaýan halklar türki halklar bilen baglanyşykly birnäçe atalar sözüni we aýtgylary döredipdir. Gynansak-da, birnäçe gowy aýtgylar bilen birlikde biziñ bähbidimize däl-de, garşymyza aýdylan sözlerem az däl.
Aşakda dürli halklaryñ türki halklaryñ garşysyna döreden aýtgylaryndan toplan sanawymyzy okap, ýerliksiz gaharlanmagyñ geregi ýok, maslahatymyz - diñe sowukganlylygyñyzy ýitirmäñ, bolany...

■ Awstriýalylarda

Awstriýa obalarynda iñrik garalyp başlanda çagalara "Es ist schon dunkel. Türken kommen. Türken kommen" diýilýär. Munuñ manysy "Bireýýäm garañky gatlyşdy. Türkler gelýär, türkler gelýär" diýmegi añladýar. Bu söz çagalary gorkuzmak üçin aýdylypdyr.

■ Ermenilerde

Ermenlilerde garşyñdaky adamyñ akyl-paýhasynyñ ýerbe-ýerdigine şübhe dörese "հո թուրք չես?!" diýlipdir. Munuñ manysy "Sen türkmi?" diýmekdir.

■ Eýranlylarda

Eýranyñ käbir welaýatynda hususanam azerbaýjan doganlarymyzy ýañsylaýjy äheñde ulanylan "Türk-i hâr" (ترک خر) sözüniñ manysy "Türk eşek!" diýmegi añladýar.

■ Fransuzlarda

Fransuzlar gödek we rehimsiz adamlara "C'est un vrai Turc" diýip ýüzlenipdir. Manysy "Edil türk ýaly-da!" diýmegi añladýar.

■ Ruslarda

Rus dilinde tatar doganlarymyza kakdyrylyp döredilen "Незваный гость хуже Татарина" diýen söz ýörgünlidir. Munuñ manysy bolsa "Çagyrylmadyk myhman tatardanam erbet" diýmekdir. 

■ Italýanlarda

Italýan dilinde abanyp gelýän howpy duýdurmak maksady bilen "Mamma li Turchi!" sözi ulanylýar. Manysy "Waý, ejejan, türkler gelýär!" diýmekdir.

■ Norweglerde

Norwegler gahar-gazaba münen birini sypatlandyranda "Sint som en tyrker" diýen sözi ulanýar. Munuñ manysy "Türk ýaly gyzmaç" diýmegi añladýar.

■ Araplarda

Arap dilinde birini ogurlykda aýyplanda şu sözi aýdýarlar: "لا تدع له في البيت وهو الترك"
Manysy "O türki öýüñe salaýma!" diýmekdir.

■ Rumynlarda

Rumyn dilinde nadan birine ýüzlenende "Măi, turcule" diýilýär. Munuñ manysy "Türk sen!" diýmekligi añladýar. 

■ Maltalylarda

Maltalylarda haýsydyr bir waka seýrek duş gelse "Tgħammed Tork!" diýilýär. Bu sözüñ manysy bolsa "Bir türk çokundyryldy!" diýmekdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Sözler | Просмотров: 510 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]