20:57

Türkmen harby taryhy: Atly goşunyñ döreýşi

3. Atly goşunyň döreýşi

Dürli gazuw agtaryş işleriniň barşynda tapylýan, ilki başdaky suduryny ýitiren demir bölekleri miladydan öňki II müňýyllygyň iň soňky döwrüne degişlidir. Täze metal şol wagt eýýäm durmuşda ulanylyp başlandy, bu bolsa täze zamanyň – «demir asyrynyň» başlanmagynyň alamatydyr.
Şu täze zamanada öndüriji güýçler ösýär we ykdysadyýet ep-ýesli ýokary göterilýär. Bürünçden ýasalan zatlar ulanyşdan galyberýär. Demiriň oýlap tapylmagy giň meýdanlarda sürüm işlerini geçirmäge mümkinçilik döretdi, zähmet gurallary has kämilleşdi. Ussalaryň elinden çykýan ýaraglar şeýle pugta we ýitidi, hatda hiç bir daş, şol döwürde tanalýan hiç bir metal olara döz gelip bilmeýärdi. 
Biz VI – V müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan iň gadymky adamlaryň nähili atlandyrylandygyny bilmeýäris, ýöne olar baryp miladydan öňki IV müňýyllykda gylýallary öz hajatlary üçin ulanyp başlapdyr. Dürli görnüşli arabalaryň palçykdan ýasalan köp sanly şekilleri şol döwürlere degişli.
Baryp miladydan öňki III müňýyllykda Merkezi Aziýanyň sebitinde ýaşan ata-babalarymyz «Awestada» turlar we ariler diýlip atlandyrylýar. Olar ilkinji bolup atlary harby işde – söweşlerde ulandy, bu bolsa olara gadymy Gündogaryň goşunlaryndan artykmaçlygy üpjün etdi. Ariler we turlar gysga wagtyň içinde örän giň ýerleri özlerine tabyn etdi.
Miladydan öňki XII asyrda Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan taýpalar Alynky Aziýada hurritler bilen birleşip, Ýewfrat bilen Tigr derýalarynyň arasynda (Mesopotamiýada) Mitanni döwletini döredýär. Bu döwletiň goşunlary jeň meýdanlarynda at goşulan dürli görnüşdäki söweş arabalaryny ulanypdyr. Atlar we arabalar olaryň durmuşynda örän möhüm orun tutupdyr, hatda munuň özi olaryň hökümdarlarynyň atlarynda we mertebe derejelerinde öz beýanyny tapdy we olary: «atlaryň jylawyny çekiji», «ýyldyrym arabasy bolan», «arabasyna seredip duran», «äpet atlaryň eýesi» diýip atlandyrypdyrlar.
Tiz wagtdan Gündogar hazarýakadan göçegçileriň täze tolkunlary Kiçi we Alynky Aziýanyň durmuşyna düýpli özgerişlikleri getirdi. Olar gysga wagtyň içinde Hetler ýurdy diýlip atlandyrylan we b.e.ö. XII asyra çenli dowam eden döwleti döretdi. Hetleriň patyşalarynyň biri bolan Hattusili özüniň Wawilonyň patyşasy Kadaşmana iberen hatynda: «Doganymyň ýurdunda atlar çöp-görden köp» diýip ýazýar.
Häzirki ady äleme dolan ahalteke atlary şol atlaryň nebereleridir. Atlaryň şol döwre degişli şekilleri Assiriýadaky, Urartudaky, Müsürdäki, Gresiýadaky, Rimdäki, Hytaýdaky, Mongoliýadaky, Altaýdaky, Hindistandaky barelýeflerde, heýkellerde, suratlarda müdimilik ebedileşdirildi. Şol bedewler diňe Türkmenistanyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýärdi.
Bedewleri ýetişdirmek hakynda ilkinji eser bolan «Atşynaslyk hakyndaky ündemeler» metanniýaly Kikkuli tarapyndan b.e.ö. XIV asyrda ýazyldy. Atşynaslyga bagyşlanan şol gollanmany öwrenmek bilen, W.B.Kowalewskaýa «Kikkuliniň ýazan gollanmasynda berilýän ündemeler XIX asyrda türkmenleriň öz armazak ahalteke bedewlerini çapyşyga taýýarlanda ulanan tärlerine örän meňzeýär» diýen netijä gelýär.
B.e.ö. VIII – VII asyrlarda Gadymy Gündogar ýene-de Türkmenistanyň çäklerinden ýörişe çykan esgerleriň merdanalygyna, harby ussatlygyna haýran galdy. Olar garşysyna çykyp bolmajak ägirt tupan kimindi. Türkmenleriň ata-babalary  indi söweş arabalaryndan düşüp, atlaryň meýdanly arkasyna mündi. Köp sanly tagaşyksyz arabalaryň ýerine atly toparlar ýyldyrym çaltlygynda menzil aşyp, duşmanyň üstüne duýdansyz dökülip, ony amana getirýärdi, olar dünýäde ilkinji atly goşundy. Tire-taýpalaryň ägirt uly birleşikleriniň çydamly we ýyndam bedewlere atlanan esgerleri öz döwrüniň pyýada goşunlaryna garşy ýaýdan çykan peýkam ýaly inende olar ýolunda gabat gelýän ähli zady ýykyp-ýumryp barýan harasada meňzeýärdi. Ikinji Jahan urşunda atly goşunyň tanklaryň hüjümine döz gelip bilmeýşi ýaly, pyýada goşunlar hem ganatly bedewi bilen misli bir göwrä öwrülen esgerlere garşy durup bilmeýärdi.
«Awestada» olar «ýyndam atly turlar» diýlip atlandyrylýar. Türkmenleriň ata-babalaryndan bolan şol gerçekler dürli çeşmelerde öz tire-taýpalarynyň atlary bilen tanalýar. Olary kimmeriýler (amirgiler), saklar, massagetler, dahlar, danlar, sainler, skifler, sarmatlar, honalar, hionitler, eftalitler, gunlar (hunlar), alanlar, aorslar, siraklar (saryklar), aslar, roksalanlar we beýleki atlar bilen atlandyrypdyrlar.
Atly goşun birnäçe günde ýüzlerçe kilometr ýol geçmegi we ýüzüniň ugruna söweşe girmegi başarýardy. Söweş tärleri öwredilen üşükli bedewler duşman üçin uly howp bolup durýardy. Injiliň Alynky Aziýanyň halklarynyň bir böleginiň durmuşy beýan edilen parçasynda: «Bedewleriň özi edil ýaragly esgerler ýaly. Dat biziň günümize» diýlip bellenilýär.
Injilde skif bedewiniň tarypy bar. Iowa kitabynda şeýle diýilýär: «Bedewe şeýle güýç-kuwwat beren we onuň boýnuny ýal bilen bezän Senmidiň? Sen ony çekirtge gorkuzan ýaly gorkuzyp bilermiň? Onuň harryldysy ne elhenç! Toýnagy bilen ýer peşeýär we öz güýjüne buýsanýar; ýaraga garşy çekinmän barýar. Ol howpdan howatyr etmeýär we gylyç görende eýmenmeýär, başyny sowmaýar. Onuň üstünde sagdak seslenýär, naýzadyr peýkamlar öwüşgin atýar! Gazaplanyp, gözleri gan öýende ol topraga agyz urup başlaýar we surnaýlaryň sesini eşidende bir ýerde durmaga kanagat etmeýär. Surnaý owazy gulagyna ýetende «ghu! ghu!» diýip seslenýär. Jeň meýdanynyň ysyny, serkerdeleriň haýbatly seslerini we goh-galmagaly uzakdan duýýar».
Gadymy taryhçy Pliniý Kiçi hem: «Skifleriň atly goşununyň şöhraty bedewleriň arkasyndan; duşman bilen başa-baş söweşe çykan bir han söweşde öldürilip, ýeňiji onuň ok-ýaraglaryny, esbaplaryny almak üçin ýakynlaşanda öldürileniň bedewiniň depip we gapyp duşmany öldürendigi barada gürrüň berilýär» diýip ýazypdyr.
Bu taryplama iňlis ýazyjysy J.Frezeriň baryp XIX asyrda «Öz atlaryna toýnaklary bilen depip urmagy we şeýlelikde eýesine kömek etmegi ýa-da öňünde durany eýesiniň emri bilen gapmagy öwretmek türkmenleriň arasynda adaty zatdyr» diýip ýazanlaryna, gör, nähili meňzeş! 
Türkmenistanyň çäklerindäki sähralyklardan ýörişe ugran merdana esgerleriň akymlary gadymy dünýäniň ýurtlarynda uly başagaýlyk döredýärdi. Ierimiýanyň kitabynda şeýle sözler bar: «Ynha, ol bulutlardan ýasalan ýaly bolup ör-boýuna galýar we onuň paýtunlary tüweleýleri hopukdyrýar, onuň bedewleri bolsa bürgütlerden ýyndamdyr... Olaryň berdaşly ellerinde ýaýdyr peýkamlar oýnaýar; olar gazaply we rehimsiz, olaryň sesi deňziň güwwüldisi ýaly, bedewleriniň başyny goýberip, bir adam ýaly, hatara düzülip, seniň bilen salyşmaga atylyp gelýär...». 
Turanyň gerçek esgerleri Alynky we Kiçi Aziýanyň üstünden tupan ýaly bolup geçdi, Kawkazy eýeledi we Müsüre baryp ýetdi. Rim taryhçysy Pompeý Trog urşuň başlanmagyna müsür patyşasynyň skifleri tabyn etmegi islemeginiň sebäp bolandygy barada ýazýar. Skif alplary muňa kül-peýekun ediji zarba bilen jogap berdiler we netijede, Ýakyn Gündogarda 1500 ýylyň dowamynda hökmürowan boldular.
Skifleriň bir bölegi göwünlerinden turýan ülkäniň gözleginde ýöriş gurap, Gündogar Ýewropa bardy hem-de Gara deňziň kenarýaka sebitindäki ekerançy we çarwa ilaty ilkinji gezek birleşdirip, Skifler döwletini döretdi (miladydan öňki VII – III asyrlar). Beýleki bölegi bolsa baryp miladydan öňki II müňýyllykda Türkmenistanyň çäklerinden çykyp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Mongoliýanyň sähralyklarynda mekan tutdy, soňra bolsa Gunlar soltanlygy, Ýueçžeý, Usuneý, Toharow soltanlygy ýaly uly döwletleri gurdular.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 482 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]