07:57

Türkmen harby taryhy: Göktürkmenleriñ müdimilik rowaç goşuny

9. Göktürkmenleriň müdimilik
rowaç goşuny

Merkezi Aziýanyň çäklerinde galan hunlaryň esasy bölegi ata Watany Türkmenistana gaýdyp gelenden soň žužan halkynyň sütemine düşüp, köp hupbatlary we kynçylyklary uzak wagtlap çekmeli boldy. 
Ahyr bir pursat gelende keseki halkyň berýän ezýetlerini mundan beýläk çydamagy islemedik hunlardan 500 maşgala Aşin hanyň baştutanlygynda V asyrda goş-golamy we mal-garasy bilen Altaý daglarynyň jülgelerine özüni atdy. Asylky ata mekanlarynyň gadymy Turandygy olaryň ýadyndady, şonuň üçin olar öz däp-dessurlaryny, milli özboluşlylygyny dikeltdiler. Indi olar maglumat çeşmelerinde «türk» diýlip atlandyrylýar. Orta asyrlarda «türk» we «türkmen» sözleriniň manydaş bolandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin pars ýa-da ýewropa ýazarlarynyň türkmenleri «türkler» diýip atlandyrmagyny geňläp durmaly däl.
Aşinyň baştutanlygynda Altaýa baran adamlar ýyllaryň geçmegi, müçeleriň dolmagy bilen öz kuwwatyny barha artdyrýardy. Žužanlara ozalkysy ýaly paç tölemek bilen, türkmenler kürelerde demir eretmek we ýaragdyr esbaplary ýasamakda ökdelediler. Olar bedewleri sowutlar bilen goralan atly goşuny-da döretdiler. Köpi gören tejribeli halypalar ýaşlara esgerlik sungatynyň tärlerini, goşun çekmegiň we jeň guramagyň usullaryny öwredýärdi. Güýç-kuwwaty heniz töwerege bildirerden az bolansoň, gadymy türkmenler özleriniň ähli taýýarlyklaryny, görýän häzirliklerini görer gözden ýaşyrýardylar. Olaryň gysga möhletiň içinde ýarag ulanmakda ezber, serkerdeleriň buýruklaryny berjaý etmekde mukym esgerlerden ybarat goşuny döredip biljekdigi asla hiç kimiň kellesine-de gelmeýärdi. Parflaryň nebereleri bolan bu edermen we gaýratly adamlar bolsa kesgir gylyçlaryny, keýmir naýzadyr peýkamlaryny berdaşly ellerinde barha has ynamly tutýardy.
Hytaýlaryň içalylary beýlekileriňkä garanyňda has ökde çykdy. Weýler şejeresinden bolan Günbatar-Hytaý imperatory türkmenlere öz ilçisini iberdi.
545-nji ýylda hytaýlaryň wekili Türkmenleriň hökümdary bolan Bumyn hanyň huzurynda peýda boldy. Hytaý täze döwleti ykrar edýärdi hem-de onuň ilçilerini deňli-derejeli kabul etdi.
550-nji ýylda Bumyn han öz goşunlaryny düzlüklere çykardy. Esger öz ýerinde, serkerde öz ýerinde, goşunbaşy öz ýerinde düzgün-nyzamy berk berjaý edýän köp müň merdana alplardan ybarat goşun birkemsiz harby tälim alypdy hem-de ezber ussalaryň sünnäläp yhlas bilen ýasan ýaraglaryny ýerlikli ulanjakdygyna şek-şüphe ýokdy. Eýýäm 552-nji ýylda olar žužanlaryň goşunlaryny derbi-dagyn edip ýumuryp, gaýdyp eline ýarag alyp ata çykmaga meýli bolmaz ýaly etdi. Hut şol ýyl maglumat çeşmelerinde Göktürkmenleriň soltanlygy diýlip atlandyrylýan döwletiň hakykatda dörän ýyly diýlip hasap edilýär.
VI asyryň ahyryna çenli bu soltanlyk çar ýanyndaky ululy-kiçili  hanlyk-beglikleri amana getirip, dünýäde iň güýçli döwlete öwrüldi. Onuň hökümdarlarynyň soraýan we emrini ýöredýän sebitleri Koreý aýlagyndan Gara deňziň kenarlaryna çenli ýaýlyp ýatyrdy. Bu döwletiň düzümine giren ähli halklar özlerine «türk» ýa-da «türkmen» diýilmegini hormat we bagt saýýardylar.
Orta asyrlara degişli bolan hytaý maglumat çeşmesinde şeýle beýan edilýär: «Türýularyň (türkmenleriň) ähli güýji olaryň bedewleri bilen bir göwre ýaly hereket edip bilýänliginde we ýaýdan atýan peýkamlarynyň hiç haçan nyşanadan sowa geçmeýänliginde. Ýagdaýyň özleri üçin amatlydygyny aňsa, olar duşmana alkymlap gelýär, niçik, howp-howatyryň bardygyny aňaýsa, dessine yza tesýärler. Olar tupan ýaly möwç alýar we ýyldyrym ýaly çalt hereket edýär, olar hiç haçan belli bir söweş usulyny dowamly ulanyp durmaýar. Ýaýdyr peýkamlary olaryň diş-dyrnagydyr, sowutlary we sopbaşlary bolsa – gündelik eginbaşydyr».
Agyr naýzalary, dürli görnüşli gylyçdyr hanjarlary, ýaýdyr peýkamlary ussatlyk bilen ulanýan, harby tilsimleri ezberlän, inçeden ýasalan sowutlar we edermenligi bilen goralýan bu esgerler Kawkazda we Merkezi Aziýada, Gündogar Ýewropada jeň meýdanlarynda rowaçlyk gazanýardy, Hytaý we Parsystan ýaly döwletler bilen söweşleri asla çekinmän guraýardylar.
Göktürkmenleriň soltanlygynda rowaçly döwürler-de, şowsuzlyklaryň agdyklyk edýän zamanalary-da boldy. 716-njy ýylda Bilge han ajaýyp harby ýörişleriň we üstünlikli söweşleriň birnäçesini geçirip, döwlete, onuň gahryman we batyr halkynyň güýjüne güýç, ruhuna ruh goşdy.
Bilge han öz gubur daşynda «Oguz halky – meniň öz halkymdyr» diýen ýazgyny ýazmagy emr edipdir.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 477 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]