6. Parfiýa patyşalygynda harby sungat
Aleksandr Makedonskiý ölenden soň (miladydan öňki 323-nji ýyl) onuň döreden ägirt uly soltanlygy beýik jagangiriň serkerdeleriniň arasynda paýlaşyldy. Türkmenistanyň Günorta sebitleri we Horezm (Köneürgenç) öňküsi ýaly garaşsyzlygyny saklaýardy. Şol ýerde, Uzboýyn kenarlarynda bir mahal Kuruşyň we Dariniň goşunlaryny kül-peýekun eden massagetleriň nebereleri bolan dahlar ýaşaýardy. Olary Aleksandr Makedonskiý-de, şondan soň leşger çekip gelen selewkler-de boýun egdirmegi başaryp bilmedi.
Miladydan öňki III asyrda Selewkler döwleti patyşalar şejeresine degişlileriň arasyndaky dawalar sebäpli gowşady. Makedon imperiýasynyň Gündogar sebitlerini miras alan ýunanly dikmeler Aziýa üçin keseki, ýat adamlar bolmagynda galýardy, ýerli milletiň däp-dessurlaryna düşünmek islemeýärdi. Miladydan öňki takmynan 250-nji ýylda Selewkleriň Parfiýadaky dikmesi Andragor döwlete baş bolmakdan el çekdi. Ýöne eýýäm miladydan öňki 245-nji ýylda aparnlar (parnlar) taýpasyndan bolan dahlar doganlar bolan Ärsakyň we Tiridatyň baştutanlygynda hazarýaka sähralyklaryndan Parfiýa tarap süýşüp başlaýar. Asaak şäherinde (Gökdepe sebitlerinde) Ärsak patyşa diýlip jar edildi. Tiz wagtdan bolsa ol Nusaý sebitini basyp aldy we bu ýerler geljekki kuwwatly berkarar döwletiň merkezine öwrüldi. Şol ýerde soňra Ärsaklaryň şejereýi galasy bolan Mitridatskert – Nusaý şäheri guruldy.
Rimliler bilen darkaş gurup, türkmen topragynda mesgen tutan basybalyjylary ýok etmekde, asuda, erkana durmuşy ýola goýmakda, türkmeniň şöhratyny äleme ýaýmakda Ärsak şa ymgyr uly hyzmatlara eýedir. Ärsak şa il arasynda gudratly patyşa hasaplanypdyr. Türkmen taryhynda pygamber kibi yz goýan, ylahy adyny göteren Ärsak şa öz dogany Piridat bilen bina eden döwletine Ärsak türkmenleriniň döwleti diýilmegine garşy çykypdyr. «Biziň döreden döwletimiz diňe bir meniň – Ärsak şanyň hem onuň dogany Piridatyň döreden döwleti diýmek bolmaz. Biziň döreden bu döwletimiz ähli par türkmenleriniň döwletidir. Şonuň üçin hem döwletimiz halkymyzyň adyny götermelidir» diýipdir. Ärsak şa ýadamany-ýaltanmany bilmeýän şahsyýet bolupdyr. Ol köplenç iliň arasynda bolupdyr, ol eşigini üýtgedip, özüni tanatman il-günüň özi hakda, öz syýasaty hakda aýdýan gürrüňlerini diňläpdir, aýdylýan kemçilikleri günübirin düzetmäge çalşypdyr. Ärsak şa oba adamlarynyň arasynda bolup, olar bilen bile naharlanmakdan hem biçak lezzet alypdyr. Söweşlerde mydama öň hatarda bolupdyr, söweşiň öňüni özi çekipdir. Dogany Piridat ony köp sanly darkaşlarda töwekgelçiliklerden alyp galmaga çalşypdyr, ýöne gözsüz batyrlyk Ärsak şanyň ömür tanapyny kesipdir. Watan azatlygy ugrundaky söweşleriň birinde Ärsak şa gahrymanlarça wepat bolýar.
Ärsak şanyň wepatyndan soň par türkmenleriniň döwletine Tiridat baş bolýar; ol Ärsagy täze döwletiň ilkinji patyşasy hökmünde ykrar etmek bilen, onuň adyny şejerebaşyň ady hökmünde kabul edýär.
Emma Selewkler şol sebitlerden aňsatlyk bilen el çekmekçi däldi. Miladydan öňki 237-nji ýylda Selewk II Parfiýa tarap leşgerlerini sürüp başlady. Tiridat öz garyndaş taýpalary bolan apasiaklaryň (gadymy oguzlar – peçenegler) ýanyna yza çekilmäge mejbur boldy. Täze döwletiň häkimi selewklere garşy barlyşyksyz uruş başlady. Ýerli oturymly ilat oňa goldaw berýärdi. Günorta Türkmenistanyň ähli halky gelmişekleriň ýigrenji sütemkärligine garşy aýaga galdy. Aparno-parf goşuny köp edermenlikler we harby ussatlyk görkezip, ýeňiş gazandy.
Soňky onlarça ýylyň dowamynda ýaş Parfiýa döwleti barha berkararlaşdy we serhetlerini giňeltdi. Selewkleriň patyşasy Antioh III miladydan öňki 209-njy ýylda Parfiýa tarap goşun sürüp başlanda Tiridatyň oruntutary Artabat I duşmana gaýtawul bermek üçin 100 000 pyýada goşun bilen 20 000 atly goşun taýýarlady. Söweşlerde käbir rowaçlyklaryň hemra bolandygyna garamazdan, Antioh III-e Parfiýany basyp almak başartmady.
Parfiýa patyşalygy kem-kemden uly we kuwwatly döwlete öwrüldi. Mitridat II döwründe (miladydan öňki 171-138-nji ýyllar) ol aýratyn-da kuwwatly boldy. Ol bütin Orta we Ýakyn Gündogary öz tabynlygyna geçirmegi başardy.
Eýýäm Mitridat II döwründe Parfiýa döwleti öz zamanasynyň iň uly we kuwwatly patyşalygyna öwrüldi.
Mitridat II goşuny doly täzeden guramak boýunça giňişleýin çäreleri geçirdi, şondan öň goşun jeň wagtyndan kiçiräk hanlyk-begliklerden ýygnanýan esger toparlaryndan ybaratdy. Mitridat II ilkinji gezek agyr ýaragly atly goşuny ulanmagy girizdi. Esgerleriň ählisi inçeden ýasalan demir sowutly bolup, kellelerinde çüri sopbaşlar bardy. Şeýle agyr lybaslary geýnen esgerler naýzaçylara we peýkamçylara bölünýärdi. Şol esgerleriň münen çydamly we ýyndam bedewleri-de demirden ussatlyk bilen ýörite ýasalan torgörnüşli sowutlar bilen goralgydy, olaryň maňlaýlaryny we döşlerini goraýan galkançalar hem bardy. Şol söweş bedewleri «nusaý tohumyndandy», ýagny ahalteke bedewleridi. Agyr ýaraglar bilen üpjün edilen ähli atlylar müň esgerden ybarat toparlara bölünýärdi. Şeýle toparlaryň her biriniň owsun atýan aždarha görnüşindäki uzyn tuglary bardy. Ýunanlar şol atly goşunlaryň toparlaryny baýdaklarynyň şekiline görä «aždarlar» diýip atlandyrýardy.
Goşunyň ýönekeý esgerleri dah-aparn uruglarynyň ýönekeýe agzalaryndan bolup, olar ýeňil ýaraglanan peýkamçylardy.
Mitridat II parfiýa hökümdarlaryndan ilkinji bolup özüne «şalaryň şasy» diýen derejäni alýar. Onuň hökümdarlyk eden wagtynda parflar Rim imperiýasynyň serhetlerine çenli baryp ýetdiler.
Miladydan öňki 65-nji ýylda eýýäm Rim bilen Parfiýanyň arasynda Korduýena welaýaty sebäpli çaknyşyklar başlanýar, munuň özi dünýäniň iň uly iki döwletiniň arasyndaky uzak göreşiň başyny başlady. Miladydan öňki 53-nji ýylda Parfiýa patyşasy Orod II döwründe (miladydan öňki 55-37-nji ýyllar) parflaryň ýerlerine rim serkerdesi Mark Krass goşun sürüp gelýär. Krass goşunlaryny Ermenistanyň üstünden geçirer diýip pikir eden Orod II özüniň ähli goşuny bilen şol ýere ugrady, Mesopotamiýa bolsa ätiýaçlyk üçin 10 müň ýeňil atly we 1 müň agyr atly goşun berip, parf serkerdesi Süreni iberdi. Orodyň pikir ýöredişiniň tersine, Krass Mesopotamiýanyň üstünden ýöredi. Süren yza çekilip, 40 müň adamdan ybarat rim leşgerini sähralyklara tarap çekip başlady. Onuň yzyndan kowmak bilen, Krass Mesopotamiýa çöllüginden geçmeli boldy we Karry (Harran) şäheriniň etegine bardy. Şu ýerde rimliler parflaryň ýeňil atly goşunynyň hüjümine sezewar boldy. Krassyň agyr ýaragly atly goşunlarynyň hatarlaryny üýtgetmek aňsat däldi we parflar olaryň daşynda çar ýana at salyp, rimlileriň üstünden peýkamlary ýagdyrýardy. Parflaryň atly goşunlary yzly-yzyna tolkun atyp gelýärdi. Öňdäki hatardakylar sagdaklary boşap, peýkamlary gutarandan soň yza çekilýärdi we ikinji tolkunda gelýänlere orun berýärdi. Peýkamlar azlyk etmeýärdi, sebäbi Süren öňünden alada edip, bogdak-bogdak peýkamlar ýüklenilen müňlerçe düýeleri ýany bilen alyp gelipdi.
Grek taryhçysy Plutarhyň ýazmagyna görä, parflaryň ýaýdan çykanda «göze görünmeýän täsin» peýkamlaryndan gutulma ýokdy. Hut şol Plutarh «uly ussatlyk bilen topulmagy we dessine yza çekilmegi başarýan parflar özleriniň atly goşunlaryny ýaýraw ýagdaýda saklaýar, sebäbi şeýlelikde olarda duşmany peýkamlar bilen hiç bir päsgelçiliksiz urmaga mümkinçilik bolýar» diýip, haýran galmak bilen belleýär..
Rimliler her edip-hesip edip, duşmana garşy hüjüme girmeli diýen karara geldi. Parflaryň ýeňil atly goşunlary jeň meýdanynda ýaýrap, çalasynlyk bilen hereket edýärdi. Aziýalylaryň söweş tärlerinden habarsyz Krass olary kowmak bilen boldy. Şunda rimliler esasy goşunlaryndan arany ep-esli açanlaryny duýman galdy. Ýyndam atly parflar bolsa rimlileriň özleriniň agyr ýaragly atlylarynyň duran ýerine eltdi. Sähralykda dagynyk ýagdaýda bolan esgerler ýörite yşarat boýunça toparlara birleşdiler hem-de has agyr lybasly esgerler bolan katafraktarileriň öňünde durup, duşmany garşylamaga taýýarlandy.
Plutarh şeýle ýazýar: «Süren esasy goşunynyň öňüni ilki söweşe girýän toparlar bilen böwetledi hem-de ýaragyň lowurdysynyň görünmezligi üçin esgerlerine ýapynjalara we derilere bürenmegi buýurdy. Parflar golaýlaşyp, olaryň harby serkerdesi yşarat edende bütin düzlük birden elhenç güwwüldi we iniňi titrediji gohdan doldy... Şeýle sesler bilen rimlileriň howuny basan parflar birden ýapynjadyr derileri sypyryp tasladylar we rimlileriň öňünde duranlar alawdan ýasalan ýalydy; olaryň eginlerinde gözüňi gamaşdyryjy margian demirinden ýasalan sowutlary we kellelerinde sopbaşlary bardy, bedewleri bolsa demirden we misden ýasalan ýörite sowutlar bilen goralandy».
Parflaryň ýeňil atly goşuny rimlileriň leşgerini iki ganatyndan gysýardy we olaryň atýan peýkamlary çabga ýaly ýagýardy. Parflaryň ýarag-esbaby birkemsiz ýetirilen agyr atly goşunlary dag süýşen ýaly bolup gaýtdy. Sähelçe salymyň içinde rimlileriň öň hatarlary yza tesdi we doly ýok edildi. Şol söweşiň dowamynda rim esgerleriniň 6 müňe golaýy, şol sanda Mark Krassyň özi-de öz başyny goýdy. Parflaryň hüjümleri tä garaňky gatlyşýança dowam edýärdi, şonda soň olar edil gelişleri ýaly, duýdansyz ýitirim boldular. Serkerdesiz galan rimliler bolsa aljyrady. Hemmeler dowla düşüp, öz başyny guturmak üçin gaçmaga başlady. Soňky günlerde parflar Spartagyň baştutanlygynda gozgalan turuzan gullaryň goşunlaryny derbi-dagyn eden «şöhratly» rim leşgeriniň galan-gaçanlaryny öldürdi, ýesir aldy. Ýesir alnan on müň sany rim esgeri Margiana (Merwe) ýörite bellenilen ýerlerde işläp ýaşamak üçin iberildi. Ele salnan rim tuglary (signumlary) parflaryň ybadathanalaryna paýlanyldy.
226-njy ýylda Parfiýa patyşalygy syndy. Muňa ýurduň içinde dürli sebäpler bilen dörän bulagaýlyklar, Rim bilen dowam eden uruşlar hem-de Gündogardaky urugdaş çarwa taýpalary bilen çaknyşyklar sebäp boldy. Häkimiýeti Parsystanyň hökümdary Artaşir ele saldy. Onuň döreden täze döwleti Sasanlar döwleti diýlip atlandyryldy. Eýran dessine Günorta Türkmenistany özüne birleşdirdi, ýöne hemişe bolşy ýaly, hazarýaka sähralyklarynyň ilaty we Köneürgenç patyşalygy erkinligini mertlerçe goramagy hem-de özbaşdaklygyny saklamagy başardy.
Nähili bolanda-da, Parfiýa patyşalygy türkmen taryhynyň sahypalarynyň gözüňi dokundyrýan ajaýyp bezegi bolmagynda galdy.
Taryhy makalalar